Aktual Analiz

Prezident Erdoganyň Fransiýa guran soňky sapary

Aktual Analiz

 

 

Merkezi günbatarda ýerleşýän bar bolan global ulgamyň çökýän, emma ýerine täze bir ulgamyň goýulmadyk metis döwri başdan geçirýäris. Halkara ulgam taýdan haotik döwri beýan edýän başdan geçirilýän sepgit Türkiýe taýdan uly gapma-garşylyklar bilen birlikde pursatlary hem alyp gelýär. Türk daşary syýasaty eden göçümleri bilen şol metis döwre uýgunlaşmaga synanşýar. Türkiýäniň soňky döwürde bir tarapdan Russiýa ýaly güýçler bilen gowy gatnaşyk açma tagallasynyň bardygy görülýän bolsa, beýleki tarapdan günbatar dünýäsindäki tapawutlyklardan hem peýdalanmaga synanşýandygyny görýäris. Esasanda ABŞ bilen gatnaşyklaryň dartgynlaşýan günlerinde Türkiýäniň Fransiýa we Britaniýa ýaly ýurtlara özbaşdak täze ylalaşyklara gönügendigi ünsleri çekýär.

Şol çäkde Prezident R.T.Erdoganyň Fransiýa guran soňky sapary özboluşly ähmiýete eýe. Şol saparyň çäginde Türkiýäniň ÝB bilen gatnaşyklary we goranyş senagatyndaky hyzmatdaşlyk taýdan möhüm wakalaryň başdan geçirýändigini nygtamak ýerlikli bolar.

Soňky döwürde ÝB-ne agzalyk tapgyry gowşan Türkiýäniň esaanda Germaniýanyň referendum tapgyryndaky tarapgöý çemeleşmesi sebäpli durgunlaşypdy. ÝB parlamentiniň Türkiýäniň agzalyk tapgyryny bes etmek baradaky talaby ÝB Geňeşi tarapyndan kabul edilmedik hem bolsa, möhüm bir görkezijidir. Makron bolsa hem ÝB hem-de Türkiýe tarapyndan ÝB-ne agzalyk tapgyryndaky ikiýüzliligi bes edip, agzalygyň ýerine hyzmatdaşlyk boýunça işlenmelidigini öňe sürdi. Esasanda 15-nji iýuldaky FETÖ-çi agdarlyşyk synanşygyndan soň dartgynlaşan gatnaşyklarda huntaçylaryň tussag edilmegini bahana eden ÝB, Türkiýä Germaniýadan has ýakyn duran Fransiýa arkaly täze bir hyzmatdaşlyk usulyny gün tertibine getirýär. Aşa sag syýasy akymlar, ykdysady çökgünlikler we Britaniýanyň ÝB-den çykmagy sebäpli kynçylyklary başdan geçirýän ÝB Türkiýe we Britaniýanyň üsti bilen täze hyzmatdaşlyk ýollaryny açmaga synanşýar. Germaniýanyň Daşary işler ministri Sigmar Gabriel Britaniýa modeliniň Türkiýe üçin alternatiw bolup biljekdigini beýan edipdi.

Beýleki tarapdan Türkiýe taýdan Fransiýa saparynyň ähmiýetini artdyrýan iki faktor bar. Birinjisi syýasy hyzmatdaşlyklaryň artdyrylmagy, ikinjisi goranyş senagatynda hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi.

ABŞ bilen PKK/ÝPG sebäpli dartgynlaşan Türkiýe Trampyň Iýerusalimi Ysraýylyň paýtagty hökmünde yglan etmeginden soň iki ýurtduň arasyndaky gatnaşyklar hasam dartgynlaşdy. Türkiýäniň öňbaşçylyk etmeginde BMG-da ABŞ-na garşy taryhy kararyň kabul edilmegi taraplaryň arasyndaky dartgynlygy hasam möwjetdi. ABŞ bilen gatnaşyklaryň dartgynlaşan günlerinde Türkiýe daşary syýasatda günbatarda hyzmatdaşlyklaryň giňeldilmegi üçin başlangyç etdi. ÝB-de Gollandiýa we Germaniýa bilen gatnaşyklaryň dartgynly bolan günlerinde Britaniýa we Fransiýa bilen gatnaşyklaryny dowam etdiren Türkiýe halkara güýçleriň arasynda deňagramlyk syýasatyny alyp baryp, öz milli bähbitlerini mümkin gadar goramaga synanşýar. Britaniýanyň ÝB-den çykmak barada karar kabul etmeginden soň Fransiýanyň we Germaniýanyň başda durmagyndaky ÝB-de Germaniýa görä Fransiýa Türkiýe bilen edýän gatnaşyklary kadaly dowam edýär. Türkiýe taýdan Fransiýa bilen hyzmatdaşlyk Germaniýanyň Türkiýä garşy soňky döwürdäki ýaramaz çemeleşmesine alternatiw hökmünde görülýär.

Fransiýa saparynyň beýleki bir möhüm tarapy goranyş senagatyndaky hyzmatdaşlyk. EUROSAM bilen Goranyş senagaty guramasynyň arasynda Uzak aralykly sebitleýin howa we raketa goranyş ulgamy taslamasynyň Tapgyr-B ylalaşygyna Prezident Erdogan bilen Makronyň öňünde gol goýuldy. İtaliýanyň şärik bolan Howa we raketa goranyş ulgamy taslamasy Türkiýe üçin iňňän möhüm ähmiýete eýe. Russiýadan S-400 Howa we raketa goranyş ulgamynyň alynmagy baradaky ylalaşygy tamamlan Türkiýe, şol bir wagtda NATO hyzmatdaşlary bilen bilelikde başga bir Howa we raketa ulgamyny döretmäge synanşýar. Şeýlelikde howa giňişligini birnäçe ulgam bilen goramagy maksat edinýän Türkiýe ähli tarapdan gelmegi ähtimal howpa garşy öňüni alyjy çäre görýär.

Goranyş senagatynda soňky ýyllarda möhüm taslamalary iş ýüzüne geçiren Türkiýe halkara daşary syýasatyndaky hyzmatdaşlyklary diwesifikasiýalaşdyrma syýasatyny goranyş senagatynda-da alyp barýar. Germaniýa we ABŞ bilen uzak ýyllardan bäri dowam edip gelen goranyş senagatyndaky hyzmatdaşlygyň syýasy basyş serişdesi hökmünde iki ýurt tarapyndan peýdalanylmagyna garşy Türkiýe Britaniýa, Fransiýa, Russiýa, Ukraina we Pakistan ýaly ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürip, beýleki tarapdan bolsa hyzmatdaşlyk ugurlaryny artdyrýar. Ol hem milli goranyş senagatynda daşarky garaşlylygy azaldýar.

Prezident Erdoganyň Fransiýa saparynda beýan edilenler bilen birlikde birnäçe möhüm ylalaşyga gol çekişildi. Türk Ekzimbank bilen Bpifrans Assurans Eksportyň arasynda iki taraply reasurans ylalaşygy gazanyldy. Şeýlede Airbus bilen Türk Howaýollarynyň arasynda 20+5 sany A350-900 kysymly uçaryň satyn alynmagy üçin gepleşiklere başlamak boýunça ylalaşyldy.

Jemläp aýdanymyzda Türkiýe günbatar dünýäsindäki şertlerden peýdalanyp, täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny ösdürýär, öz bähbitlerine laýyklykda başlangyçlaryny dowam etdirýär. Olar Türkiýäniň pozisiýasyny hasam güýçlendirýär.

 



Degişli Habarlar