Türkiýäniň we Ýewraziýanyň gün tertibi

TANAP we onuň sebite ýetirjek oňyn täsirleri

Türkiýäniň we Ýewraziýanyň gün tertibi

Ýewropanyň esasy energiýa geçiriji taslamalaryndan biri bolan TANAP (Trans Anadolu Tebigy Gaz Turba Geçirijisi) taslamasy ýokary depginde dowam edýär. Biz hem gepleşigimiziň bu sanynda TANAP-y we onuň sebite ýetirjek oňyn täsirlerini analiz etmekçi.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň asisent, dr Jemil Dogaç İpegiň mesele baradaky analizini dykgatyňyza ýetirýäris.

Ýewropanyň esasy energiýa geçiriji taslamalaryndan biri bolan TANAP (Trans Anadolu Tebigy Gaz Turba Geçirijisi) taslamasy ýokary depginde dowam edýär. golaýda Ýewropanyň Abadançylyk we Galkynyş Banky tarapyndan taslama 500 million dollarlyk karz bermek barada karar kabul edildi. Ýewropanyň energiýa üpjünçiliginde köpugurlylyk maksadyna goşant goşjak we uglerod gazynyň zyňylymyny azaltjakdygy beýan edilýän taslama bilen Hazar deňizinden çykarylýan tebigy gazyň Türkiýäniň üstaşyr Ýewropa akdyrylmagy meýilleşdirilýär.

Mälim bolşy ýaly TANAP üçin mundan ozal Bütindünýä banky, Aziýanyň Ösüş banky we Aziýanyň infrastruktura maýa goýum banky ýaly maliýe guramalary tarapyndan jemi 2 milliard dollara barabar karz berilmegi tassyklanypdy. Gurluşygy günsaýyn edilýän öňe gidişlikler halkara maýa goýum we maliýe guramalarynyň goldawyny almak taýdan diýseň möhüm.

Oktýabr aýynda taslamanyň dolanşygy tarapyndan berilen beýannamada taslamanyň birinji tapgyrynyň tas tamamlanandygy we şeýlelikde 2018-nji ýylda synag maksady bilen turba geçirijisine tebigy gaz akdyrmaga başlamagyň mümkin boljakdygy nygtaldy. Taslama berilýän maliýe goldawy bolsa gurluşygyň göz öňünde tutulýanyndan has gutarjakdygyny görkezýär. Jemi 12 milliard dollar gymmaty boljakdygy çaklanylýan taslamanyň gymmatynyň 8 milliard dollara çenli aşaklamag we tebigy gazyň meýilleşdirilenden ir akdyrylmagy syýasy ygtyýaryň güýjüni we tehniki üstünligiň hilini görkezýär.

16 milliard m3-a barabar bolmagy meýilleşdirilen TANAP-yň gaz göteriş ukybynyň 10 milliard m3-a barbar böleginiň Ýewropa, galan böleginiň bolsa Türkiýä akdyrylmagy nazarda tutulýar. Taslama ýokary depginde dowam eden halatynda 2018-nji ýylyň iýun aýynda Türkiýä TANAP arkaly gaz almaga başlar. 2020-nji ýylda Ýewropa gaz eksporty başlar.

Mälim bolşy ýaly taslama 2015-nji ýylyň mart aýynda Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gürjistanyň prezidentleriniň gatnaşmagynda Karsda badalga berilipdi. Türkiýedäki bölümi Ardahan welaýatyndan başlap Edirne welaýatyndan Gresiýa tarap çekiljek turba geçiriji Türkiýäniň 20 şäherinden geçer.

Azerbaýjanyň we Türkiýäniň ykdysadyýetine uly goşant goşjak TANAP arkaly ÝEwropa ýurtlarynyň geçmişde başdan geçiren energiýa üpjünçiligindäki monopoliýalaşma aladasy azalar. TANAP-yň esasy taslamalaryndan biri bolan Günorta gaz koridorynyň gymmaty 40 milliard dollara barabar, 3,5 müň kilometr uzynlygynda we jemi 6 ýurduň üstünde geçýär. TANAP bolsa şol taslamanyň 1850 kilometrini emele getirýär. Günorta gaz koridory bolsa Günorta Kawkaz turba geçirijisi we Trans-Adriatik turba geçirisiniň TANAP bilen birleşmeginden emele gelýär. Şol taslamalar Azerbaýjanyň tebigy gazynyň Ýewropa çenli howpsyz ýetirilmegi bilen birlikde Türkiýäniň üpjünçilik alternatiwi bilen energiýa koridorynda esasy ugry emele getirme syýasatyna goşant goşar.

Şeýle-de taslamanyň tamamlanan senesinden başlap Türkiýede tebigy gazyň düşýän gymmatynyň aşaklajakdygy beýan edilýär.

Türkiýe tebigy gaz sarp etmekde dolulygyna daşary ýurtlara garaşly. Esasy üpjün edijileri bolan Russiýa, Eýran, Azerbaýjan, Nigeriýa we Aljir. Russiýadan we Eýrandan alynýan tebigy gazyň gymmadyrak bolandygy pikir edilýär we Azerbaýjandan alynjak arzan energiýanyň Türkiýe üçin uzak möhletde pozisiýasyny güýçlendirjekdigi beýan edilýär. TANAP arkaly Türkiýäniň 25 milliard m3 tebigy gaz akdyrma mümkinçiligi bar. Emma onuň geljekki ýyllarda hem içerki sarp ediş hemde eksport çin birbada peýdalanylmagy diýseň kyn. Şol sebäpli infrstruktura gurluşygynda TANAP-yň döretjek şertleri ýerli tehnologiýa önümçiliginiň ösmegi taýdan möhüm.

Azerbaýjan bilen potensialy güýçlenen gündogar-günbatar gaz geçirijisiniň soňky ýyllarda Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Yragyň, Eýranyň we beýleki ýurtlaryň tebigy baýlyklarynyň günbatar akdyrylmagyna goşant goşmagyna garaşyp biler. Ol hem Türkiýäniň uzak möhletli ykdysady we syýasy bähbidiniň esasy bölegini emele getirer.


Etiketkalar: taslama , karz , TANAP , Ýewropa

Degişli Habarlar