Dost-Doganlygyň Taryhy

DÖWLETMAMMET AZADY

Dost-Doganlygyň Taryhy

Gam dumany köňlüme çökdi heman,

Magryfat derýasy joşdy ol zaman…

Döwletmämmet Azady (Garrymolla), 1700-1760 ýyllarynda, Garrygala, Gürgen, Etrek sebitlerinde ýaşap geçipdir. Magtymguly Ýonaçynyň ogly Döwletmämmet kakasynyň kömegi bilen öňürti oba mekdebinde, soňra Hywa medresesinde bilim alypdır. Pars we çagataý dillerini oňat özleştirip şol dillerde ýazylan Gündogaryň taryhyny, pelsepesini, edebiýatyny gaty gowy bilipdir.

Taňry diýdi; dostumy tutdyňmy dost.

Duşmanymy tutdyňmy duşman durust.

– görnüşde dürli mazmunly şygyrlaryndan başga Döwletmämmet Azadynyň galamyndan çykan lukmançylyk bilen baglanşykly ýazgylary, goşgy ýazmanyň düzgünleri hakynda galdyryp giden maglumatlary häzirki günlermize çenli gelip ýetipdir we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky dil we edebiýat gaznasynda saklanýar. Döwletmämmet Azadynyň esasy käri medresede oglan okatmak bolup, onuň daşyndan zerur bolanda çarwaçylyk we daýhançylyk bilen meşgullanypdyr. Halk arasynda ulu hormata eýe bolan Döwletmämmet Azady, ýaşynyň soňlarynda Garrymolla ady bilen tanalypdyr. Döwletmämmet Azady argyş bahanasy bilen Eýrany, Owganystany we Orta Aziýanyň çäklerindäki başgada köp ýerleri gezipdir. Garrymollanyň kerwenini talamana hiçbir garakçy hetedip bilmändir.

Döwletmämmet öz döwründäki türkmenleriň durmuşyna degişli jemgiýetçilik, syýasy we taryhy wakalardan hem uzak durmandır. Şol döwürde türkmen ýaşulylarynyň hatarynda Eýran, Owganystan ýaly goňşy döwletler bilen geçirilen gepleşiklere-de gatnaşýar. Döwletmämmet Azady 1760 ýylyň 22-nji martynda aradan çykýar. Bu ajy aýralyk barada, Azadynyň ogly, dünýä belli türkmen şahyry Magtymguly şeýle diýýär.

Altmyş ýaşda nowruz günü lu ýyly,

Turdy ajal, ýolun tutdy atamyň.

Bu dünýäniň işi beýlemiş belli,

Ömrüniň tanapyn kesdi atamyň.

 

Azady, Etrek derýasy bilen Soňudagyň arasyndaky Aktokaý diýilen ýerdäki gönamçylykda jaýlanýar. Gonamçylyk halk tarapyndan onuň hormatyna Garrymolla gonamçylygy diýlip atlandyrylýar.

Döwletmämmet Azady XVIII we XIX asyrlarda ýaşap geçen şahyrlardan tapawutly bolup eserlerini köne çagataý dilinde ýazypdyr. Şonuň üçin hem şahyryň eserlerinde Nowaýynyň, Firdöwsiniň, Jamynyň täsiri astynda galandygy has-da aýdyň görünýär. Döwletmämmet Azadynyň eserlerinden ylham alan XIX asyrda ýaşap geçen özbek şahyry Pälwanguly Rownak we türkmen şahyry Gurbandurdy Zeliliniň şygyrlarynda onuň goşgy ýazma tärlerini we pikirlerini ulanandyklaryny görmek bolýar. Azadynyň “Hekaýaty Jabyr”, “Behiştnama” ýaly eserleri dini hasiýetde ýazylanlygy we diliniň agyrlygy sebäpli häzirki güne çenli gelip ýetmändir.

Azadynyň “Wagzy Azat” eseri häzirki günlermize çenli gelip ýeten edebi eserleriň arasynda iň naýbaşylaryndan biri hasplanylýar. Bu eser türkmen edebiýatynda beýik yz galdyran eser hökmünde tanalýar. Eseriň terbiýeçilik ähmiýeti we nesihatlary häzirki günlerde hem öz ahmiýetini ýitirmän gelýär diýip bileris. Eser alty müňe ýakyn setirden ybarat bolup, dört baba bölünendir. Eseriň birinji babynda patyşalaryň halky bilen arasyndaky baglanşygy barada nesihatlar bermek bilen birlikde patyşalara, han beglere, halkyň göwnüni ýykmagyň keramatly Käbäni ýykmakdan beterdigini ýatladypdyr.

Käbe weýran etmeden müň mertebe,

Bir köňül ýykmak ýamandyr, eý, dede.

Bu hakynda rowaýatlar we mysallar getiren şahyr Şa kämil bolsa döwleti we halky kämil bolar diýen netijäni orta goýupdyr.

Eseriň ikinji babynda perzendiň ata-enäniň öňündäki borjyny dört bölüme bölüp her bölümde hem on nesihat ýerleşdirip meşhur perzendiň ata-enäniň öňündäki kyrk borjy hakyndaky ýazgysy häzirki günümizde hem uly ähmiýete eýedir. Bulary gysgaça şeýle beýan edip bileris.

  1. Ten bilen hyzmat etmek arkaly bitirmeli borçlar. Bular ata-enäniň hyzmatyny etmek, olara hormat goýmak, sapara gidende ugratmak…
  2. Dil bilen amal etmeli borçlar. Gepleşeňde gaty ses bilen gepleşmezlik, biýedep, gödeksi sözleri sözlemezlik, gepleşeňde adyny tutmazlyk, diňe eje, kaka diýip yüzlenmek…
  3. Köňül bilen berjaý etmeli borçlar. Mährem bolmak ene-atany dost tutunmak, olaryň gynanjyna gynanmak, begenjine begenmek, olara uzak ýaş dilemek…
  4. Mal, baýlık bilen ýerine ýetirmeli borçlar. Ene-atany özüňden gowy geýindirmek, taýyn nahary onuň öňüne edep bilen goýmak, olary mydama myhmançylyga çagyrmak.

Eseriň üçünji baby ylym we alymlar hakynda. Şahyra göra ylym kalbyň gözünü açar, diňe şonda ynsanyň ruhy erkinlige çykar. Azady, Pyragy lakamlary hem şu erkinliğiň saýasynda orta çykandyr diýýär.

Eseriň dördünji babynda derwüşler barada gürrüň edilýär.

Bu syfatlyg derwüşi sen, eý feta,

Öwlüýa bil, öwlüýa bir, öwlüýa.

– diýip Döwletmämmet Azadynyň hormat goýan derwişleri, gynansak-da, Sowyet döwründe derwüş diýilende özüni oňarmaýan gedaý, dilegçi hökmünde göz öňümize gelerdi. Ýöne, Azadynyň we Pyragynyň eserlerinde ady geçen derwüşlik ömrünü bilim üçin orta goýan gezende ýa-da syýahatçy kişiler hökmünde görkezilýär. Eserlerde derwüşler kämillikden nyşan hökmünde beýan edilýär.

Eseriň içinden eriş argaç bolup geçýän esasy temasy, ynsanlygyň asyl manysy we ony ýerine ýetirmekdir. Azadynyň eseriniň mazmunyna laýyk ömür sürendigini, ogly Magtymguly, “Atamyň” atly goşgusynda şeýle beýan edýär:

 

Agyr döwletlere köňül goýmady,

Bu dünýäniň eşretini söýmedi.

 

ýa-da

 

ýene-de şol şygrynda:

 

Älem içre adam galmaz, at gezer,

Bu syrlardan jahan halky ýat gezer.

 

– diýişi ýaly, Döwletmämmet Azady, “Wagzy-Azat” eserini miras goýmak bilen, älem içre adamyň däl, adynyň galýandygyny subut etdi.

  



Degişli Habarlar