Türkiýäniň we Ýewraziýanyň Gün Tertibi

Ýusuf Akçura

Türkiýäniň we Ýewraziýanyň Gün Tertibi

Türk dünýäsinde hyzmatdaşlyk ideasynyň teoriýasyny döreden ägirtlerden biri hem Ýusuf Akçura. Biz hem gepleşigimiziň bu sanynda Ýusuf Akçuranyň pikirlerini we olaryň Türk dünýäsine nähili täsirleriniň bolandygyny analiz etmekçi.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň asisenti, dr. Jemil Dogaç İpegiň mesele baradaky analizini dykgatyňyza ýetirmekçi.

1900-njy ýyllaryň başynda Türk dünýäsinde bileleşik barada pikirlenilmäge we maslahatlaşylmaga başlanan döwri, türk we musulman halklarynyň günbatar medeniýetiniň beýgelişiniň öňünde özüni ýaňadandan kesgitlemäge hem-de dizaýn etmäge başlan döwrüne gabat gelýär. Şol döwür aslyna seredilende türk we musulman halklar üçin oýanyş döwri hökmünde-de atlandyrylyp bilner. Gazan şäherinde we sebitdäki dini töwereklerde başlan oýanyş soň bilim özgertme hereketi hökmünde dowam etdi. 20-nji asyryň başynda bolsa syýasy we milli hereketler hörnüşinde giňe akyma öwrüldi. 1908-nji ýylda Stambulda dörän Jon türk ynkylaby russiýaly türk intelligentlerini Stambula gönükdirdi. Şol döwürde Stambul Russiýadan we Türkistandan gelen intelligentleriň pikir merkezidi. Osman döwleti bilen Russiýa türkleriniň arasynda medeni gatnaşyklar we geňşmeler şol döwürde diýseň ýaýlandy.

Gazanly, krymly, kawkazly we türkistanly intelligentler Osman döwletiniň syýasy we medeni ulgamynda möhüm pozisiýa eýelediler.

Türk dünýäsinde Bileleşik pikiri diýlende ilki bilen Ýusuf Akçura ýada düşýär. Akçura 1879-njy ýylyň 2-nji dekabrynda Gazanyň Simbir etrabynda dünýä inýär. Maddy sebäplerden 7 ýaşynda Stambula göçmeli bolýar. Ýusuf Akçura 59 ýyllyk ömründe dünýäniň möhüm wakalaryna şaýatlyk eden türk intelligentidir. Russiýa türkleri bilen gatnaşyklaryň ýygy bolan döwründe ýaşap, şol gatnaşyklara uly goşant goşdy. Akçuranyň pikir taýdan ugrukmagynda körekeni Ysmail Gaspyralynyň özboluşly orny bar. Akçura ony birnäçe gezek beýan edýär. Ýusuf Akçura İsmail Gaspyralyny ussat mugallym, pikirzada ýazyjy, ukyply jurnalist we türklügiň irginsiz hyzmatkäri hökmünde häsýetlendirýär. Ýusuf Akçura türklügiň demirgazyk bölegine degişli bolmak bilen birlikde günorta türkleriniň medeni giňişliginde ýaşan adam hökmünde, onuň türklük düşünjesi bütin türklügi özüne alýan giňişlige eýedir.

Akçura 1904-nji ýylda Kryma dolanyp barandan soň meşhur “Üç usully syýasat” atly makalasyny ýazýar we Kairde çykýan “Türk” gazetinde ony çap etdirýär. Rus patyşalygynda türklere edilýän basyşyň artmagy sebäpli yzarlanan Akçura Osman döwletinde 2-nji ynkylabyň yglan edilmeginden soň 1908-nji ýylda Stambula dolanýar. Osman imperiýasynda türk milletçiligine esaslanýan ilkinji jemgyýet bolan “Türk jemgyýetiniň” esaslandyryjylarynyň hataryna goşulýar. Uniwersitetde bolsa Türk syýasy taryhyndan ders bermäge başlaýar. 1911-nji ýylyň 18-nji awgustynda Mehmet Emin Ýurdakul, Ahmet Hikmet Müftüogly, Hüseýinzade Ali we Akil Muhtar bilen bilelikde “Türk Ýurdy” jemgyýetini döredip, “Türk ýurdy” atly jurnal çykarmaga başlaýar. Şol jurnalda umuman türk okyjysyna Türk dünýäsi barada maglumat berilýär. Akçura 1912-nji ýylyň 12-nji martynda Mehmet Emin Ýurdakul, Ahmet Ferit, Ahmet Agaogly we Fuat Sabit bilen bilelikde “Türk Ojagyny” döredýär.

Ýusuf Akçura Osman imperasiýasynyň döredilişini türk dünýäsinde bileleşik syýasatynda görýär. Akçuranyň pikiriçe türkler şol ýyllarda 45-50 million ilatlydy we bäş topardan emele gelýärdi. Osman türkleri, Kazkaz türkleri, Krym türkleri, demirgazyk türkleri we gündogar türkleri. Ýusuf Akçura türk dünýäsini şeýle suratlandyrýar: “Gadymy dünýä ýarym şaryny göz öňüne getiriň. Onda üç kontinent bar. Demirgazyk-günbatara gabat gelýän we ýyrtyk esgä meňzeýän bölegini goparyp aýyryň, günorta-günbatardaky üç burçly soňky we agyr kontinenti bolsa adamlaryň ejiz gollary bilen gazan kanalynyň ýanyndan epläp ýyrtyň, sag tarapyň aşagyndan sallanyp duran 3-4 çykgydy ýonuň… İne şonda köne dünýäniň esasy göwresi galýar. Şol göwre dolulygyna türk ýeri, biziň mirasymyz.” Akçuranyň pikiriçe türkleriň ýaşan şol geografiýasy türkleriň taryhy mirasydyr. Şol sebitde hökmürowan güýç türk milleti bolupdyr. Dilleri, kowumlary, däpleri, dinleri bir bolan Aziýanyň esasy bölegi bilen Ýewropanyň gündoharyna çenli ýaýran türkleriň birleşmegi türkleriň beýleki milletlerden has  eşretli geljege alyp barar.

Ýusuf Akçuranyň pikir mirasy şu günki günde R.T.Erdogan, Nursoltan Nazarbaýew we İlham Aliýew ýaly liderleriň tagallalary bilen dürli halkara guramalarynyň çäginde iş ýüzüne geçýär. Türk Geňeşi, TÜRKSOÝ, Türk Akademiýasy ýaly dürli halkara guramalary şol ugurda iş alyp barýar.



Degişli Habarlar