Türk Dünýäsinden Habarlar

Türk dünýäsiniň tapawutly ýerlerinden bize gelip gowuşan möhüm wakalar bilen bagly habarlar

854637
Türk Dünýäsinden Habarlar

Ilkinji habarymyz Özbegistandan gelip gowuşdy. Habaryň ady Özbek liderinden Orta Aziýada täze birlik teklibi.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýaýew Orta Aziýa ýurtlarynyň Döwlet baştutanlarynyň bileleşiginiň döredilmegini teklip etdi.

Ýerli metbugat tarapyndan berilen habarlarda Şewket Mirziýaýewiň teklibi Samarkant şäherinde geçirilen “Orta Aziýa: dowamly galkynyş we umumy ösüş üçin hyzmatdaşlyk” atly halkara konferensiýada belläp geçendigi aýan edildi.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýaýew bular ýaly bileleşigiň döredilmeginiň Orta Aziýa ýurtlarynyň dowamly häsýetde galkynmagyna itergi berjek senagaty, maýa goýumy we intellektualy ýüze çykarjakdygyny belledi. 

Mirziýaýew şu ýylyň başyndan bäri Özbegistanyň sebitiň ýurtlary bilen söwda kuwwadynyň ortaça 20 göterim, käbir beýleki ýurtlar bilen bolsa 70 göterim artandygyny mälim etdi. BMG-niň hünärmenlerine görä Orta Aziýa ýurtlarynyň öňümizdäki 10 ýylyň dowamynda hyzmatdaşlyklary we jemi içerki önümleri azyndan 2 esse artyp biler.

 

Nobatda Türkmenistandan gelip gowuşan bir habarymyz bar.

Aşgabatda RECCA-nyň ýagny “Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahaty” nobatdaky 7-njisi  geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşit Meredowyň ýer eýeçiliginde Aşgabatda geçirilen maslahata Owganystanyň adyndan Prezidentiň orunbasary Serwer Daniş we Daşary işler ministri Salahattin Rabbani gatnaşdy. Ministr Meredow açylyş çykyşynda sebitdäki taslamalara halkara jemgyýetçiliginiň berjek syýasy we ykdysady goldawlaryň Owganystanyň galkynmagyna itergi berjekdigini, ýurduň geljeginiň şol taslamalara beriljek goldawa baglydygyny aýtdy.

RECCA-nyň maslahatynda Türkiýä Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Ýyldyz wekilçilik etdi.

RECCA-nyň 7-nji maslahatynyň birinji gününde bilelikdäki işewürler forumy geçirildi.

Forumyň çaginde dürli ýurtlardan gelen işewür zenanlaryň duşuşygy geçirildi. Şeýle-de Owganystanyň we maslahata gatnaşyjy ýurtlaryň söwda hem-de senagat önümleriniň tanyşdyrylmagy üçin Aşgabatda sergi açyldy.

Forumyň ikinji gününde RECCA-nyň Daşary işler ministrleriniň 7-nji maslaty geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşit Meredowyň we Owganystanyň Daşary işler ministri Salahattin Rabbaniniň moderatorlyk etmeginde geçirilen maslahata gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleri Owtanystanyň galkynmagy we ykdysady durnuklylygy üçin goşýan goşantlaryny we tekliplerini beýan etdiler.

RECCA-nyň ministrler derejesindäki 7-nji maslahatynyň çaginde Owganystanyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gürjistanyň we Türkiýäniň gatnaşmagynda “Lapis Luzuli Transport Koridory Ylalaşygyna” gol çekişildi.

Sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksat edinýän ylalaşyk arkaly Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky ykdysady we medeni gatnaşyklaryň giňeldilmegi nazarda tutulýar.

Ylalaşyga Türkiýäniň adyndan Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Ýyldyz gol çekdi.

Ahmet Ýyldyz Ministrleriň derejesindäki maslahatda sözlän sözünde Türkiýäniň sebitleýin taslamara berýäň ähmiýetini nygtady we “Owganystana şu günki güne çenli goýan maýa goýumlarymyzy mundan beýläk hem tapawutly taslamalar bilen dowam etdireris” diýdi.

Owganystana goldaw berjek transport koridorlarynyň ähmiýeti barada durup geçen Ýyldyz birnäçe wagt ozal açylan “Baku-Tibilisi-Kars” demir ýolunyň Owganystan we sebit üçin hem möhümdigine ünsi çekdi.

Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Ýyldyz Türkiýäniň Owganystana berýän ykdysady we ynsanperwe goldawlary bilen birlikde türk harby güýçleriniň owgan tarapynyň islegine görä iş alyp barjakdygyny nygtady we “Owganystan üçin möhüm bolan Kabulyň howa menzilini 2017-nji ýyldan soň hem dolandyrmaga dowam ederis” diýdi.

RECCA-nyň ministrleriň derejesindäki 7-nji maslahatynyň ahyrynda jemleýji jarnama çap edildi. Jarnamada maslahata gatnaşyjy ýurtlaryň Owganystanyň ykdysady galkynyşy we syýasy durnuklylygy üçin şol bir garaýyşa eýedikleri nygtalýar.

 

Orta Aziýa ýurtlaryny gyzyklandyrýan bir habarymyz bar.

Habaryň ady Gazagystan, Özbegistan we Türkmenistan serhet şertnamasyna gol çekdiler.

9-njy noýabrda Gazagystan, Özbegistan we Türkmenistan Respublikalarynyň Daşary işler ministrleri Samarkant duşuşygynda üç ýurdyň serhetleriniň birikýän nokady bilen baglanşykly üçtaraplaýyn şertnama gol çekendikleri mälim edildi.

Resmi gol çekilşik dabarasyndaky şertnama Gazagystanyň Daşary işler ministri Kaýrat Abdrahmanowyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşit Meredowyň we Özbegistanyň Daşary işler ministri Abdülaziz Meredowyň gol çekendigi habar berildi.

Ozal ýurtlaryň serhetleri bilen baglanşykly şertnamalara ikiçäk ýagdaýda gol çekilendigi ýatladyldy.

Gazagystanyň Daşary işler ministri Kaýrat Abdrahmanow ady agzalan ylalaşygyň Orta Aziýa ýurtlarynyň howpsyzlygy üçin taryhy taýdan möhümdigini belledi.

Ozal  belläp geçilşi ýaly Orta Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleri Orta Aziýanyň howpsyzlygy atly maslahata hem gatnaşypdylar.



Degişli Habarlar