Türk Dünýäsinden Habarlar

Türk dünýäsiniň tapawutly ýerlerinden bize gelip gowuşan möhüm wakalar bilen bagly habarlar

Türk Dünýäsinden Habarlar

Ilkinji habarymyz Türkmenistandan gelip gowuşdy.

Türkmenistan 27-nji oktýabrda anna güni Garaşsyzlygyň 26 ýyllygyny dabara bilen belläp geçdi. 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynynda Garaşsyzlygyny yglan eden Türkmenistan geçen 26 ýyllyk döwürde möhüm we uly ösüşler etdi.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG tarapyndan hemişelik Bitaraplyk statusy berilen ilkinji döwlet bolan Türkmenistan sebitleýin parahatçylyk taýdan wajyp işler durmuşa geçirýär. BMG bilen hyzmatdaşlyk içinde durmuşa geçirilýän işlerde esasan hem goňşy Owganystan bilen baglanşykly taslamalar ünsleri özüne çekýär. Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömek bilen birlikde tebigy gaz, elektrik tok ýaly gündelik durmuşda ulanylýan zerurlyklar babatynda hem kömek berýär. Owganystanda ýaşaýan türkmenleriň bilim almaklary üçin ders kitaplarynyň çap edilmegi, depder, galam, ruçka ýaly okuwçylar üçin gerek bolan okuw esbaplarynyň alynmagy babatynda Türkmenistan elinden gelen kömegini berýär.

Türkmenistan hemişelik Bitarap ýurt hökmünde sebitleýin parahatçylygyň ýola goýulmagy bilen birlikde ykdysady asudalyk derejesiniň ýokarlandyrylmagy, energetika howpsyzlygy meselelerinde hem işjeň rol oýnaýar. Goňşy ýurtlaryň ählisi bilen gowy goňşuçylyk gatnaşyklara eýe bolan Türkmenistan başda BMG bolmak bilen halkara guramalaryň ençemesi bilen hyzmatdaşlygyny ösdürýär.

Biz hem Türk dünýäsiniň möhüm ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň hemişelik bolmagyny dileg edýäris.

 

Nobatda Özbegistandan gelip gowuşan habarymyz bar.

Özbegistanyň daşarky syýasatynda açyklyk we gowy goňşuçylyk döwri.

Yslam Kerimow döwründen soň Prezidentlige saýlanan Mirziýoýew açyk, gowy goňşuçylyk gatnaşyklaryny öz düzüminde jemleýän işjeň daşary syýasat alyp barmak bilen ünsleri özüne çekýär.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew wezipä belleneninden bäri şu günki güne çenli özgertmeler, diplomatiýadaky açyklyk syýasaty, meselesiz goňşuçylyk gatnaşyklary bilen ýurdunyň daşary syýasatynda täze bir eýýäm başlatdy.

Özbegistany 27 ýyl dolandyran Yslam Kerimowdan soň Prezidentlige saýlanan Mirziýoýew wezipä belleneninden soň 2017-2021-nji ýyllar aralygyny öz içine alýan döwlet dolanşygy we kazyýet ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy, ykdysadyýetiň liberallaşdyrylmagy, daşary syýsatda we sosial pudaklardaky özgertmeleri özünde jemleýän 5 esasy maddadan ybarat galkynyş strategiýasyny mälim etdi.

Mirziýoýewiň daşary syýasatdaky maksadynyň stabilligi taşlap, ilki bilen sebitinde bolmak bilen işjeň bir diplomatiýa alyp barmak isleýändigini özüniň Prezidentlige saýlananyndan soňky ilkinji günlerinde görkezmäge başlady.

Prezidentlige saýlananyndan soňky ilkinji 10 aýda 13 ýurda sapar guran Mirziýoýew saparynyň aglabasyny daşary syýasatynyň esasy düzümlerini emele getirýän gowy goňşuçylyk gatnaşyklaryny gurmak we dowam etdirmek isleýän goňşy ýurtlaryna gurady.

Türkmenistan, Gazagystan, Russiýa, Hytaý, Gyrgyzystan ýaly ýakyn ýurtlary bilen gatnaşyklaryny güýçlendiren Mirziýoýew Yslam ýurtlarynyň maslahaty üçin Saud Arabystanyna we BMG-nyň Baş Assambleýasyna gatnaşmak üçin ABŞ-a gitdi. Mirziýoýewiň 10 aýlyk döwürde dürli sebäpler bilen Gazagystana 4 sapar, Türkmenistana 3 sapar we Russiýa 2 sapar guramagy ünsleri özüne çekdi.

Täjigistandan başga Orta Aziýanyň ähli ýurtlaryna sapar guran Mirziýoýew bu ýurtlar bilen hyzmatdaşlyklaryny özgertmek üçin ikitaraplaýyn şertnamalar baglaşdy.

Geçen hepde Türkiýä resmi sapar guran Özbegistanyň lideri Mirziýoýew möhüm şertnamalar baglaşdy. Şawkat Mirziýoýewiň Ankara sapary takmynan 20 ýyl soň guralan ilkinji sapar bolmak taýdan örän möhümdi.

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan ozal Hytaýda we Gazagystanda guralan halkara maslahatlaryň çäginde Özbegistanyň döwlet başlygy Şawkat Mirziýoýew bilen ikiçäk duşuşyklar geçiripdi.

 

Soňky habarymyz Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Stambul sapary bilen baglanşykly.

Geçen hepde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkiýäniň Prezidenti Erdoganyň çaklygyna laýyklykda ýörite myhman hökmünde Stambula geldi. Ilham Aliýew Türkiýäniň liderleri bilen duşuşygyndan başgada dünýäniň ösen 8 ýurdynyň ýagny D-8-iň Hyzmatşalygy pursatlara öwürmek temaly Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 9-njy maslahatyna gatnaşdy. 

Ösen 8 ýurdyň Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary Seýýid Ali Muhammed Musawi maslahatyň açylyşynda geçirilýän maslahatlaryň möhümdiginiň üstünde durup geçdi. D-8-iň döwürleýin başlygy Pakistanyň Premýer ministrli Şahid Hakan Abbasi agza ýurtlaryň döwrebap döwürde guramanyň işjeňliginiň giňeldilmeginiň gerekdigini belledi.

Guramanyň nobatdaky döwrüniň döwürleýin başlygy Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan eden çykyşynda 3 materigiň ýurtlaryny özünde jemleýän D-8-iň soňky 20 ýylda eden işleri barada gürrüň berip, guramanyň dünýädäki dartgynlyk ýagdaýyndaky rolunyň üstünde duryp geçdi. Türkiýäniň Prezidenti musulmanlaryň ýaşaýan sebitlerinde soňky ýyllarda başdan geçirilen çaknyşyklaryň, terrorçylykly hüjümleriň, tebigy apatlaryň agyr netijeleriniň bardygyna ünsleri çekip global adalatsyzlygyň azalmagy ýerine artmaga dowam edýändigini gynanç bilen belläp geçdi.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew D-8 guramasynyň 9-njy maslahatynda eden çykyşynda Azerbaýjanyň Yslam raýdaşlygyna uly ähmiýet berýändigini we goşant goşýandygyny nygtady. 2017-nji ýyly Yslam raýdaşlyk ýyly hökmünde yglan edendiklerini ýatlatdy. Şol bir wagtda şu ýyl Azerbaýjanda 54 Yslam ýurdyndan gelem 3 müňe golan türgeniň gatnaşmagynda geçirilen IV Yslam raýdaşlyk oýunlary geçirildi. Şu günki günde dünýäniň iň uly howplarynyň birini emele getirýän yslamafobiýa garşy göreşýändikerini hem sözleriniň üstüne goşdy.

D-8-de Türkiýe, Eýran, Pakistan, Bangladeş, Malaýziýa, Indoneziýa, Müsür we Nigeriýa ýurtlary bar. D-8-däki Türkiýe we Indoneziýa G-20-ä agza ýurtlar.  D-8-iň iň uly maksady agza ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, ykdysady we sosial ugurlarda gatnaşyklary özgertmek.



Degişli Habarlar