Türk Dünýäsinden Habarlar

Türk dünýäsiniň tapawutly ýerlerinden bize gelip gowuşan möhüm wakalar bilen bagly habarlar

Türk Dünýäsinden Habarlar

Ilkinji habarymyz Gyrgyzystandan gelip gowuşdy. Gyrgyz Respublikasy Prezidentini saýlady.

15-nji oktýabrda Gyrgyz Respublikasynda Prezident saýlawlary geçirildi. Dalaşgärleriň saýlaw kampaniýasy döwründe güýçli ýagdaýda bäselşendiklerini bellemek gerek. Prezident saýlawlary üçin tapawutly partiýalardan jemi 11 dalaşgär özara ýaryşdy. Saýlawlardan ozal iki syýasatçy atlaryny faworitleriň arasyna ýazydyrypdy. Şolaryň biri Premýer ministr wezipesinde işlän Sosial demokrat partiýasyndan dalaşgär Soroonbaý Jeenbekowdy.

Geçirilen sala-salyşlyklara görä 2-nji güýçli dalaşgär Ömürbek Babanow boldy. Gyrgyzystanyň Jogorku geňeşiniň (Parlament) deputaty, Respublikan partiýasynyň lideri Ömürbek Babanow ozal ýurdyň Premýer ministri wezipesinde işläpdi. Gyrgyzystanyň Merkezi saýlaw komitedi tarapyndan çap edilen hasabata görä Gyrgyzystanyň Sosial demokrat partiýasyndan dalaşgär Sooronbaý Jeenbekow sesleriň 54,75 göterimini alyp, öňde barýardy. Sanawyň 2-nji ornunda bolsa çak edilşi ýaly Ömürbek Babanow bardy.

Gyrgyzystandaky saýlawlaryň Saýlawlara taýarlyk we dolanşyk merkezi tarapyndan sesleriň awtomatiki ýagdaýda geçirilendigi mälim edildi. Gyrgyz hökümeti hem saýlawlaryň gutarnykly netijeleriniň bu hepdäniň dowamynda mälim ediljekdigini habar berdi.

Gyrgyz Respublikasynyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Nurjan Şaýyldabekowa: “Mundan soň sesler elde sanalar. Daşary ýurtlardan gelen sesleriň netijelerine garaşýarys. Merkezi saýlaw komissiýasynyň kanunlaryna görä Prezident saýlawlarynyň resmi netijeleri 20 günüň dowamynda mälim ediler” diýdi.

Nobatda Özbegistandan gelip gowuşan habarymyz bar.

Özbegistanyň we Azerbaýjanyň Din işleri komitetleri tarapyndan geçirilen Özbegistan-Azerbaýjan mysalynda Yslam raýdaşlygy atly halkara maslahat paýtagt Daşkentde geçirildi.

Maslahata Russiýa, Britaniýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe ýaly ýurtlardan köp sanda dolandyryjylar, dini we bilim adamlary gatnaşdylar.

Maslahata Özbegistanyň Premýer ministri Abdulla Aripow, Azerbaýjanyň Din işleri döwlet komitediniň başlygy Mübariz Kurbanly, Özbegistanyň Din işleri komitediniň başlygy Artyk Ýusupow bilen birlikde daşary ýurtlardan gelen köp sanda wekiliýet gatnaşdy. Maslahatyň açylyşynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirzizoýew bilen Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň ýüzlenmeleri okaldy.

Maslahata gatnaşan Azerbaýjanyň Kawkaz musulmanlary edarasynyň başlygy Allahşükür Paşazade 2017-nji ýylyň Yslam raýdaşlyk ýyly hökmünde yglan edilendigini belläp, şol çäkde dünýäniň biri-birinden tapawutly ýerlerinde şonuň bilen baglanşykly çäreleriň geçirilendigini habar berdi.

Maslahatyň iki ýurdyň arasyndaky ylmy, medeni we adamzat gatnaşyklaryny ýokary derejä ýetirmäge goşant goşmagyny umyt edýändigini aýdan Paşazade bu iki ýurdyň umumy taryha we mentalitede eýe bolan doganlyk halklardygyny belledi.

Özüniň ýaşlyk ýyllaryny Buhara, Samarkant we Daşkent ýaly şäherlede geçirendigini we bu ýerlerde dini bilim alandygyny, ulama we şeyhülislam derejelerine ýetmekde özbek halkynyň, dini alymlaryň uly ornunyň bardygyny aýdan Paşazade şol sebäpli Özbegistanyň ruhy watanydygyny beýan etdi.

Özbegistanyň Musulmanlary Dini edarasynyň başlygy Osmanhan Alimow Özbegistan bilen Azerbaýjanyň dostlugynyň, iki halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ençeme ýyllyk taryha daýanýandygyny, ikitaraplaýyn ynama esaslanýan gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösjekdigine ynanýandygyny belledi.

Yslam taryhy, sungaty we medeniýeti ylmy-derňew merkeziniň müdüri Dr Halit Eren 2017-nji ýyl Yslam raýdaşlyk ýyly bilen bagly maslahatlaryň biriniň geçen aý Stambulda geçirilendigini ýatlatdy.

Maslahatda çykyş eden Din işleri guramasynyň başlygy Prof. Dr. Ali Erbaş Yslam medeniýetinde aýratyn orny bolan, taryhyň dowamynda adamzadyň ýagty geljegini ýagtylandyran ençeme alymyň bu mukaddes topraklarda ýetişendigini we bu ýerde bolmakdan örän hoşaldygyny belläp geçdi.

 

Gepleşigimizi Günorta Koreýadan gelip gowuşan bir habarymyz bilen tamamlamak isleýäris. TÜRKSOÝ Halkara hyzmatdaşlygyny giňeldýär.

Günorta Koreýanyň Yeşeon şäherinde geçirilen III Bütindünýä Milli Ýaý atmak festiwalynda Halkara Türk medeniýeti guramasy TÜRKSOÝ bilen Bütindünýä Ýaý atmak guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk protokalyna gol çekildi.

TÜRKSOÝ-yň hormatly myhman hökmünde çagyrylan festiwala 20-den gowrak ýurtdan gelen professional türgenler gatnaşdylar. Türkiýä Ýaý atmak gaznasy we Tirendaz jemgyýeti wekilçilik edilen festiwalda Gyrgyzystan, Mongoliýa, Indoneziýa, Butan, Fransiýa, Germaniýa we beýleki ýurtlardan gelen türgenler öz hünärlerini görkezmek bilen galman, ýurtlaryndaky ýaýlaryň nädip ýasalýandygy bilen bagly seminarlar geçirdiler. TÜRKSOÝ bilen Bütindünýä Ýaý atmak guramasynyň arasynda baglaşylan hyzmatdaşlyk protokalyna gol çekmek çäresine gatnaşan TÜRKSOÝ-yň Baş sekretarynyň orunbasary Prof. Dr. Fyrat Purtaş milli spordyň görnüşi hökmünde häsýetlendirilýän ýaý atmagyň Ýewraziýanyň tapawutly ýerlerinde ýaşaýan türki dilli halklaryň arasynda ençeme asyrlyk taryhy bolan medeni mirasdygyny nygtady. Türki dilli halklaryň arasynda bellenilip geçilýän Nowruz, Hydyr-Ilýas, Sabantoý ýaly milli baýramlarda göreş, at çapmak, ýaý atmak ýaly ýaryşlaryň ençeme ýüz ýyl bäri dowam edýändigini aýdan Purtaş häzirki wagtda hem biri-birinden tapawutly çärelerde ýaý atmak boýunça ýaryşlaryň geçirilýändigini habar berdi.

Festiwalyň professional derejede taýarlanandygy we bildirilen ýokary derejeli myhmansöýerlik üçin Yeşeon şäheriniň häkimine we festiwalyň komitediniň başlygyna minnetdarlyk bildiren Purtaş gysga wagtyň içinde Yeşeon şäheriniň markasy ýagdaýyna öwrülen Bütindünýä Ýaý atmak festiwalyny spordyň dürli ugurlary bilen medeniýetleri we jemgyýetleri biri-biri bilen ýakynlaşdyrýan bir parahatçylyk işjeňligi hökmünde garaýandyklaryny belledi.

 



Degişli Habarlar