Türkiýäniň we Ýewraziýanyň gün tertibi

Türkiýe-Täjigistan gatnaşyklary

Türkiýäniň we Ýewraziýanyň gün tertibi

Ýewraziýa sebitiniň strategik taýdan ähmiýetli ýurtlaryndan biri hem Täjigistan. Biz hem gepleşigimiziň bu sanynda Türkiýe-Täjigistan gatnaşyklaryny analiz etmekçi.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň asisenti, doktor Jemil Dogaç İpegiň mesele baradaky analizini dykgatyňyza ýetirýäris.

Täjigistan Ýewraziýanyň esasy ýurtlaryndan biri. Täjigistan türk dünýäsi bilen eriş-argaç bolandygyna garamazdan 1991-nji ýylda garaşsyzlygyny yglan eden gününden bäri Türkiýe- Täjigistan gatnaşyklary çäkli derejede dowam etdi. Täjigistanyň ykdysady şertleri, ýurtda başdan geçirilen içerki uruş, Täjigistanyň Russiýa bilen we esasanda Eýran bilen ýakyn gatnaşyklary sebäpli islenýän derede gatnaşyklar ýola goýlup bilinmedi. Emma soňky ýyllarda gatnaşyklar durnukly ösýär.

Türkiýe 1991-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Täjigistanyň garaşsyzlygyny ykrar etdi. 1992-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda bolsa iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy. Türkiýäniň Täjigistandaky ilçihanasy 1992-nji ýylyň 4-nji awgustynda, Täjigistanyň Türkiýedäki ilçihanasy bolsa 1995-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda açyldy. Türkiýe Täjigistandaky ilçihanasy 1992-1997-nji ýyllaryň aralygynda dowam eden içerki uruşda-da işini dowam etdirdi.

Täjigistan üçin daşary syýasatda Eýran dil ýakynlygy sebäpli möhüm orun eýeleýär. Şol sebäpli Täjigistan bilen Eýranyň arasynda diňe bir söwda ulgamynda däl, bilim we medeni ugurlarda-da düýpli gatnaşyklar bar.

Türkiýe Respublikasy hem Uly talyp taslamasynyň çäginde 1992-93-nji okuw ýylyndan bäri köp sanly täjigistanly talyba ýokary bilim alma şertini döretdi.

Ýewraziýa Ykdysady toparyna we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramalaryna agza bolan Täjigistan, soňky ýyllarda ÝB bilen hem gatnaşyklaryny ösdürýär. Häzirki wagtda ÝB-niň Orta Aziýada iş ýüzüne geçirýän taslamalarynyň we berýän kömeginiň esasy bölegi Täjigistana gidýär. ÝB bilen Täjigistanyň arasynda gol çekişilen ylalaşyklaryň çäginde sosial üpjünçilik, saglygy goraýyş we hususy pudagyň ösdürilmegi meýilleşdirilýär.

Täjigistan tebigy baýlyklara eýe bolandygyna garamazdan saglyk gurluşy sebäpli olary çykarmakda uly kynçylyk çekýär. Şeýle-de oba hojalyk işleri hem agyr şertlerde alynyp barylýar. Täjigistanyň iş üpjünçiligi taýdan-da uly kynçylyklary bar.

Käbir sosial we ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän Täjigistanda türk firmalarynyň sanynyň we telekeçileriň artmagy Täjigistanyň ykdysadyýetine goşant goşar. Esasanda soňky ýyllarda hususylaşdyrma boýunça birnäçe taslamany iş ýüzüne geçirýän Täjigistanda türk firmalarynyň şol ugurlara gönükmegi hem Täjigistan hem-de Türkiýe üçin bähbitlidir. Soňky ýyllarda Türkiýe bilen Täjigistanyň arasyndaky ykdysady we syýasy gatnaşyklaryň ösýändigini we geljekde hasam güýçlendigini nygtap geçmek ýerlikli bolar. Türkiýe-Täjigistan gatnaşyklary Möwlana Jelaleddin Rumy ýaly beýik pikirzadalary hem özünde jemleýän baý medeni mirasa esaslanýar. Şu günki günde gatnaşyklaryň ähli ugurlarda ösdürilmegi üçin ygtyýar bar.

Şol çäkde Täjigistanyň Prezidenti İmomali Rahmonyň 2012-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkiýä guran resmi saparynyň dowamynda özara gatnaşyklaryň konstruktiw häsýetde ornaşdyrylmagy maksady bilen “Türkiýe Respublikasy bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Döredilmegi Baradaky Bilelikdäki Beýannama” gol çekişildi.

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň 2016-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Täjigistana guran saparynyň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrligi bilen Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda “2017-2020-nji ýyllaryň aralygyndaky döwür üçin İş meýilnamasyna” gol çekişildi. Saparyň dowamynda Täjigistanyň Prezidenti İmomali Rahmon tarapyndan kabul edilen Çawuşogly, duşuşykdan soň Täjigistanyň Daşary işler ministri Sirojiddin Aslow bilen duşuşdy. Saparyň esasy özbolyşlyklaryndan biri 8 ýyl soň Daşary işler ministriniň derejesinde amala aşyrylmagy. Şeýlede şol wagtlar Bilelikdäki ykdysady toparyň egindeş ýolbaşçysy Wise-premýer Ýyldyrym Tugrul Türkeşiň geňeşiň 9-njy maslahatyna gatnaşmak üçin 2017-nji ýylyň fewral aýynyň 15-17-i aralygynda Duşenbede saparda bolupdy. Şular bilen birlikde iki ýurduň arasynda transport pudagynda güýçli hyzmatdaşlyk dowam edýär we hem gara ýoly hem-de demir ýol gatnawy taýdan möhüm taslamalar iş ýüzüne geçirilýär. Sebitleýin geçişler taýdan möhüm pozisiýa eýeleýän ýurtlaryň geljekki ýyllarda hyzmatdaşlygynyň ösmegine garaşylýar.

Soňky ýyllarda söwda gatnaşyklary barha ösýär. Görkezijilere görä Türkiýe Täjigistanyň söwda gatnaşyklary taýdan esasy 4-nji hyzmatdaşy. 2013-nji ýylda Täjigistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda mukdary 655,115 million Amerikan dollaryna barabar boldy. Türk İş Hyzmatdaşlygy we Utgaşdyryjy Agentligi TİKA-nyň Täjigistandaky taslamalary hem dowam edýär. Täjigistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekki ýyllarda has-da ösmegi üçin taraplar yzgiderli saparlary aşyrýarlar.

Şeýle-de Türkiýe bilen Täjigistan BMG, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly halkara guramalarynyň çäginde-de ýakyn hyzmatdaşlyk edýarler.



Degişli Habarlar