Türk Dünýäsinden Habarlar

Türk dünýäsiniň tapawutly ýerlerinden bize gelip gowuşan möhüm wakalar bilen bagly habarlar

Türk Dünýäsinden Habarlar

Ilkinji habarymyz Ankaradan.

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Kaseinowa Ýokary hyzmat sylagy berildi.

Halkara Türk medeniýeti guramasy TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Prof. Dr. Düsen Kaseinow türk diliniň, medeniýetiniň we sungatyň goralmagyna goşýan goşantlary sebäpli Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Ýokary hyzmat sylagyna laýyk görüldi.

Türkiýäniň dost we dogan ýurtlar bolan Azerbaýjan, Belarussiýa, Gruziýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Moldowiýa, Özbegistan, Täjigistan, Türkmenistan we Ukraina bilen arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy sebäpli Ankarada geçirilen çäre bilen giňden bellenilip geçildi.

Ankara Palasda geçirilen çärä Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Düsen Kaseinow, 1992-nji ýylda SSSR-den aýrylyp Garaşsyzlyklaryna eýe bolan 10 ýurdyň ilçileri we diplomatik wekilhanalaryň wekilleri we beýleki ýurtlaryň diplomatlary gatnaşdylar.

Düsen Kaseinowa Ýokary hyzmat sylagy.

Türki dilli halklaryň medeniýetini goramak we geljek nesillere ýetirmek missiýasyna eýerýän TÜRKSOÝ-yň döredilmegine 25 ýyl dolandygyny aýdan Çawuşogly TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary wezipesini 2008-nji ýyldan bäri dolandyrýan Düsen Kaseinowa Türk dünýäsine goşan goşantlary we eden hyzmatlary sebäpli minnetdarlygyny bildirdi.

Çawuşogly TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Prof. Dr. Düsen Kaseinowa Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Ýokary hyzmat sylagyna gowşurdy.

Sylag alanyndan soň çykyş eden guramanyň Baş sekretary Prof. Dr. Düsen Kaseinow 25 ýyllyk bilen gutlap, doganlygyň, dostlugyň we sebitdäki parahatçylygyň mundan beýläk hem dowam etmegini arzuw etdi.

Kaseinow: “Bu ýerde minnetdarlyk bildirmeli bolsa sungat işgärlerimiziň, türk dünýäsiniň ýetişdiren zehinli medeniýet işgärleriniň paýy örän uludyr. Şol sebäpli medaly ähli sungat işgärleriniň we medeniýet işgärleriniň adyna alandygymy aýtmak isleýärin” diýdi.

Türki dünýäniň UNESCO-sy ýaly işleýän TÜRKSOÝ-yň merkeziniň Türkiýededigini ýatladan Düsen Kaseinow wezipä başlanyndan bäri şu wagta çenli başda Daşary işler ministrligi we Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi bolmak bilen Türkiýäniň guramadyr ilçihanalarynyň ähli mümkinçilikleri bilen TÜRKSOÝ-a goldaw berýändigini belledi we minnetdarlygyny bildirdi.

 

Nobatda Gazagystandan gelip gowuşan habarymyz bar.

Gazagystanyň Maglumat we aragatnaşyk ministri Dauren Abaýew: “Gazagystanda wekilhanalary bolan Türkiýäniň Radio we telewideniýe guramasy TRT-niň we Anadoly habarlar gullugynyň iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklaryň has hem berkemeginde möhüm bir köpri boljakdygyna ynanýaryn” diýdi.

Abaýew paýtagt Astanadaky Kazmedia binasynda geçirilen Astana media hepdeligi çäreleriniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Çärä gatnaşýan kärhanalaryň stendlerine baryp gören Abaýew Anadoly habarlar gullugyna beren beýanatynda Media hepdeliginiň metbugat ugrundaky gatnaşyklaryň sebitleýin we halkara derejede ösmegine itergi berjekdigini belledi.

Gazagystan bilen Türkiýäniň media ugrundaky gatnaşyklarynyň üstünde durup geçen Abaýew: “Türkiýäniň telewideniýeleri we agentlikleri bilen hyzmatdaşlyk etmäge hemişe taýardyrys. Gazagystanda wekilhanalary bolan TRT we Anadoly habarlar gulluklarynyň iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklaryň has hem berkemeginde möhüm bir köpri boljakdygyna ynanýaryn” diýdi.

Media hepdeligine ýerli we daşary ýurtly telewideniýe kanallar bilen birlikde degişli 90 kärhana gatnaşdy.

 

Soňky habarymyz Özbegistanyň paýtagty Daşkentden.

Daşkentde Özbegistan-Russiýa işewürler forumy geçirildi. Özbegistan Russiýa eksport edýän gök-önümleriň ýyllyk mukdaryny 1 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýär.

Russiýanyň Senagat we söwda ministri Denis Manturow we Özbegistanyň Daşary söwda ministri Elwar Ganiýewiň ýolbaşçylygynda paýtagt Daşkentde geçirilen Özbegistan-Russiýa işewürler forumyna rus we özbek işewür adamlar bilen birlikde döwlet guramadyr edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.

Forumda çykyş eden Ganiýew şu ýyl Özbegistanyň Russiýa edýän gök-önümleriniň ekspordynyň mukdarynyň 30 göterim artandygyny, şol artyşyň özbek gök-önümleriň Russiýa eksportynda gümrük işleriniň ýeňilleşdirilmegini üpjün Ýaşyl koridor ulgamynyň wajyp orun eýeländigini nygtady.

Ganiýew taraplaryň arasyndaky söwdanyň tapawutlandyrylmagy arkaly 2 ýylyň dowamynda Russiýanyň we Özbegistanyň arasyndaky ýyllyk daşary söwda kuwwadyň 8-10 milliard dollary ýetirilmeginiň meýilleşdirilýändigini belledi.

Özbegistanyň şu ýylyň ahyryna çenli Russiýa 500 million dollarlyk gök-önümleri eksport etmegi meýilleşdirýändiklerini aýdan Ganiýew ediljek umumy işleriň netijesinde Özbegistanyň Russiýa eksport edýän gön-önümleriň ýyllyk mukadryny 1 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýändiklerini habar berdi.

Manturow hem soňky wagtlarda iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklaryň özgermegi netijesinde ýylyň ilkinji ýarymynda Russiýanyň ýaňadandan Özbegistanyň iň uly söwda partnýory bolmagy başarandygyny mälim etdi.

Iki ýurdyň daşary söwdasyndaky bu artyşyň dowamly häsýetde bolmagy üçin taraplaryň arasynda gazanylan memorandumyň we umumy taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň hökmanydygyny aýdan Manturow ýurdunyň şol çäkde özbek hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlyga taýardyklaryny belledi.

Rus-özbek işewürler forumynda nebit-himiýa, aragatnaşyk, oba-hojalyk, saglygy goraýyş, senagat önümçiligi ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň özgerdilmegi bilen baglanşykly şertnama gol çekildi.

Resmi hasabata görä Özbegistanda häzirki wagtda rus 1000-e golaý kärhana, Russiýada bolsa özbek 569 kärhana iş alyp barýar.

Russiýa bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda kuwwady geçen ýyl 4,2 milliard dollar bolan bolsa, şol mukdar şu ýylyň ýanwar-awgust aýlary aralygynda 3 milliard dollara ýetdi.



Degişli Habarlar