Türk Dünýäsinden Habarlar

ürk dünýäsiniň tapawutly ýerlerinden bize gelip gowuşan möhüm wakalar bilen bagly habarlar

Türk Dünýäsinden Habarlar

Ilkinji habarymyz Özbegistandan gelip gowuşdy.

Özbegistan-Tatarystan işewürler forumy Daşkentde geçirildi.

Tatarystanyň Prezidenti Rüstem Minnihanow we ýanyndaky wekiliýetiň Özbegistana guran saparynyň çäginde geçirilen foruma Özbegistanyň we Tatarystanyň ýokary derejeli ýolbaşçylary we işewür adamlar gatnaşdylar.

Forumyň açylyşynda çykyş eden Özbegistanyň Wise-premýeri Gulamjan Ibragimow ýurdunyň Russiýa bilen sebitara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ähmiýet berýändigini belläp, iki ýurdyň arasynda gol çekişilen hökümetara şertnamanyň hyzmatdaşlygyň özgerdilmegi üçin berk infrastrkturany emele getirýändigini nygtady.

Ibragimow Özbegistan bilen Tatarystanyň arasyndaky söwda, ykdysady gatnaşyklaryň bolmaly potansialyň örän aşagyndadygyny, bu potansialyň has hem artdyrylmagy üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny habar berdi. Ibragimow Tatarystan bilen elektrotehnika, nebit-himiýa, Azyk we oba-hojalyk önümlerini öndürmek, tekstil we maşyn senagat pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek isleýändiklerini mälim etdi.

Tatarystanyň Prezidenti Minnihanow hem Özbegistana aralarynda köp sanda ministr we işewür adamlar bolan ýokary derejeli wekiliýet bilen gelendiklerini, maksatlarynyň taraplaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemekdigini we täze umumy taslamalary durmuşa geçirmekdigini belledi.

 

TRT TSR-nyň hormatly dostlary. Nobatda Azerbaýjandan gelip gowuşan habarymyz bar.

Azerbaýjanyň Türkiýedäki Syýahatçylyk wekilhanasy Azerbaýjanyň türk maýadarlaryna we syýahatçylaryna garaşýandyklaryny belledi.

Azerbaýjanyň Türkiýedäki Syýahatçylyk wekiliýetinden berilen beýanata görä ýyllyk nebit ätiýajy 8 milliard barrelden gowrak bolan Azerbaýjan syýahatçylyk göçümini etdi.

Iki döwlet bir millet düşünjesine bilen Türkiýe bilen güýçli gatnaşyklara eýe bolan Azerbaýjan özüniň oba-hojalyk, azyk önümçiligi, gurluşyk, himiýa senagat, tekstil we syýahatçylyk ýaly ugurlarda türk maýadarlar üçin wajyp mümkinçilikler hödürleýär.

Azerbaýjanyň Syýahatçylyk wekiliýetiniň dolanşyk geňeşiniň müdüri Nurlana Çakmak mesele bilen baglanşykly beren beýanatynda esasan hem syýahatçylyk meselesinde Azerbaýjanda uly özgerlişikleriň bardygyny, maýadarlar ýaly türk syýahatçylaryny hem Azerbaýjana garaşýandyklaryny habar berdi.

Çakmak Azerbaýjany diňe nebit we gaz çeşmeleri bilen däl, eýsem şol bir wagtda taryhy, medeni, tebigy gözellikleri we baý gastranomiýasy bilen tanyşdyrmak isleýändiklerini nygtap, geçen ýyl başladan syýahatçylyk hüjüminiň ýurtda artyp dowam edýändigini mälim etdi.

13 ýurda wiza ýeňilligini döredendiklerini aýdan Çakmak: “Türk raýatlaryna edişi ýaly, olarada gapyda wiza ýeňilligi döredildi. Stambul, Russiýa we Dubaýda syýahatçylyk ofislerimiz açyldy. Ýurdumyzy tanatmak üçin dürli-dürli işler ýerine ýetirýäris. Türkiýäniň bu ugurlardaky tejribesinden peýdalanýarys we nusga alýarys” diýdi.

Türk we Azerbaýjan halklarynyň arasynda ençeme ugurda umumy meňzeşlikleriň bardygyny aýdan Çakmak: “Senem Azerbaýjany gör diýip türklere çagyryş berýäris. Azerbaýjan dünýäde eden tanyşdyrylyş we geçiren halkara çäreleri bilen syýahatçylykda wajyp bir işjeňlik görkezdi. Ýyllyk syýahatçy sany 2 million adamdan geçdi. Öňümizdäki 5 ýylyň dowamynda bu sanyň 3,5 million adama ýetmegini maksat edinýäris. Azerbaýjanda türk syýahatçylaryň maýalary möhüm bir kuwwada eýe. Bu ýerde sizi söýen we görmekden hoşal boljak doganlaryňyz bar” diýdi.

 

 Soňky habarymyz Gazagystandan gelip gowuşdy.

Gazagystan obalaryna hem ýokary tizlikli internet baglar.

Gazagystanyň Maglumat we aragatnaşyk ministri Dauren Abaýew 2020-nji ýyla çenli obalarda ýaşaýan 2 milliondan gowrak adamy ýokary tizlikli internet bilen üpjün etjekdiklerini mälim etdi.

Abaýew Ministrler kabinetiniň mejlisiniň maslahatynda: “Sifr Gazagystan döwlet programasynyň” çäginde şäher we obalaryň arasyndaky sifr açygynyň ýapylmagy üçin 122 şäher we 1200 obada optiki aragatnaşyk liniýalaryň üsti bilen internediň ýetiriljekdigini habar berdi.

1800 obada optiki aragatnaşyk liniýalaryň geçiriljekdigini aýdan Abaýew: “Taslama arkaly 2 milliondan gowrak adamy ýokary hilli internet bilen üpjün ediler. Taslamanyň 2018-2020-nji ýyllar aralygynda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýär” diýdi.

Abaýew 2021-nji ýyla çenli jemi 24 müň kilometr optiki aragatnaşyk liniýalaryň geçiriljekdigini aýdyp, ýokary hilli internediň adamlaryň bilim we saglygy goraýyş hyzmatlaryndan peýdalanmagyny ýeňilleşdirjekdigini belledi.

Gazagystan 2021-nji ýyla çenli 18 million adamlyk ilatyň 81 göteriminiň internet internet bilen üpjün edilmegi meýilleşdirilýär.



Degişli Habarlar