Dost-Doganlygyň Taryhy

Dil we edebiýat ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk

Dost-Doganlygyň Taryhy

1991-nji ýyldan soňra orta çykan türki döwletler bilen Türkiýäniň arasynda dürli ugurlarda gatnaşyklar we ylalaşyklar ýola goýlyp başlandy. Garaşsyzlygyny gazanan türki döwletler, şol sanda Türkmenistan bilen ilkinji nobatda medeniýetde, soňra bolsa ykdysadyýetde, jemgyýetçilik, syýasy, sungat, taryh, adalat, howpsyzyk, energetika, tehnologiýa ýaly ugurlarda gazanylan ylalaşyklar we ýola goýlan gatnaşyklar barada kelam agyz gürrüň bermegi makul bildik.

Emma ýokarda agzap geçen döwrümize gelmezden owal hem Türkiýede Mustafa Kemal Atatürk döwründe türki halklaryň dili we edebiýatyna degişli işler güçli depginler bilen başladylýar we alnyp barylýar. Mustafa Kemal Atatürk bu ugurda Türkiýat institutyny, Türk taryh we dil guramalaryny, Ankara uniwersitetinde Dil we taryh-geografiýa fakultetini esaslandyrýar.

1961-nji ýylda döredilen Türk medeniýetiniň ylmy-barlag instituty türk dünýäsiniň dili, edebiýaty, taryhy we halk döredijiligi ugrundaky işleri alyp barýar. Guramanyň bu ugurda eden iň wajyp işi hakynda aşakda agzalyp geçilýär.

1988-nji ýylda Ibrahim Bozýel we Ýawuz Akpynar tarapyndan neşir edilmäge başlanan we üç aýda bir gezek çykýan, häzirki günlerde hem neşir edilýän „Kardaş edebiýatlar“ jurnalynda azerbeýjan edebiýatyndan başga türki halklaryň edebiýaty çap edilmeýär diýen ýalydy. Bundan başga hem türki halklara wekilçilik eden ýazyjydyr şahyrlaryň eserlerinden Çingiz Aýtmatowyň ýa fransuz dilinden ýa-da rus dilinden terjime edilen eserlerinden başga zat ýok diýip bileris.

1990-njy ýyllardan soňraky ýyllarda alnyp barlan işleriň has köp we belli bir yzygiderlilikde bolajakdygyny belläp geçmek gerek. Sebäbi, türk dünýäsi, türki döwletler bilen göniden-göni gatnaşyklar ýola goýulmaga başlanýar.

Öňi bilen, häzire çenli medeniýet, dil, taryh we edebiýat barasynda nähili işleriň edilendigine garap geçeliň.

Şu günki güne çenli dil we edebiýat ugrundaky hyzmatdaşlygy ele alýan neşir edilen eserlere ser salnan mahaly, häzirki güne çenli geçen döwürde, häzirkizaman türki halklarynyň dünýäsine degişli dil, edebiýat, ylym-bilim, sungat we taryh ýaly ugurlara degişli makalalary we kitaplary neşir eden guramalary agzap geçsek, ýerlikli bolarmyka diýýärin.

Bu ugurda iş alyp barýanlar hakynda kelam agyz aýtmaly bolsa, ilki bilen „Türk Dil Kurumu“ ýagny türkmençe aýtsak „Türk dili guramasy“ hakynda durup geçmek gerek. Sowet soýuzy dargamazdan owal, ýagny 1992-nji ýyla çenli Türkiýede hem türki halklaryň dilleri barada diýseň az iş edildi.

„Türk dili guramasynyň“ Türkmenistan bilen baglanşykly eden işleriniň biri 20 türki halklaryň ýazuw dillerini öz içine alýan „Türki dilleriň deňeşdirmeli sözlügi“, „Türki dilleriň gramatikasynyň deňeşdirmesi“ bilen baglanşykly işleridir. Mundan başga hem 1997-nji ýylda Mehmet Kara tarapyndan taýýarlanan we „Türk dili guramasy“ tarapyndan Ata Atajanowyň Şygyrlary I-II atli eser çap edilýär. Ady agzalyp geçilen häzirkizaman şahyrynyň bar bolan ähli şygyrlary Türkiýede ulanylýan türkçä terjime edilýär we diňe bir tejime etmek bilen galman onyň goşgulary edebi nukdaý-nazardan seljerilýär.

Agzalyp geçilýän döwürde türki halklaryň dillerine degişli bolan sözlükleri taýýarlamak we türk dünýäsine degişli dessanlar türk diline terjime edilýär. 1996-njy ýyldan başlap „Türk dünýäsiniň dili we edebiýaty“ žurnaly çap edilmäge başlanýar.

Atatürk medeniýet merkezi hem dil we edebiýat ugrunda önjeýli işler eden guramalaryň biridir. Gurama tarapyndan çap edilen eserler hakynda agzap geçmek gerek bolsa, onda, 8 jiltlik „Türk dünýäsiniň edebiýatçylary“, 9 jiltden ybarat bolan „Türk dünýäsiniň edebiýatynyň taryhy“, 8 jiltde ýygnalan „Türk dünýäsiniň edebi tekstleriniň antologiýasy“, 6 jilt görnüşine getirilip, hünärmentlere hödürlenen „Türk dünýäsiniň edebiýatyndaky adalgalar we deňeşdirmeli ensiklopedik sözlük“ işini agzap geçip bileris.

„Türk medeniýetiniň ylmy-barlag instituty“ hem bu ugurda saldamly goşant goşan guramadyr. Guramanyň 1991-nji ýyldan ozalky neşirleriniň arasynda, 1976-njy ýylda çap edilen „Türk dünýäsiniň el kitaby“ häzirkizaman türki dillere, elbetde şol sanda türkmen diline degişli bolan maglumatlar hem bu esere girizilendir.

1991-nji ýyldan soňra döredilen käbir guramalar bilim bermek bilen bir hatarda, dil we edebiýat ugryndan neşirleri çykarmaga başlaýarlar.

„Türk dünýäsiniň barlaglary gaznasy“ türki halklaryň dünýäsine degişli meseleleri ele alýar. Agzalan meselelere degişli pikir alyşylmak üçin ýygnaklary we ýygnanşyklary geçirýär. Ylym we bilim ulgamynada çäreler gurnaýar. Gaznanyň yzygiderli ýerine ýetirýän işleriniň hataryna türk dilini öwretmekligi hem goşmak bolar.

„Türk dünýäsi dostlyk-doganlyk we hyzmatdaşlyk gaznasy“, 1991-nji ýyldan bäri her ýyl guralýan Türk dünýäsi gurultaýlary bilen bir hatarda döredilen geňeşleriň amala aşyrýan dil we edebiýat işlerini hem agzap geçmek gerek.

„Türki halklaryň medeniýetini we sungatyny bilelikde dolandyrmak baradaky guramasy“ türki halklaryň medeniýet ministrleriniň agza bolup durýan halkara guramasydyr. Gurama türk dünýäsi, Türkmenistan bilen baglanşykly dil we edebiýata degişli neşirleri çap edýär. Muňa mysal hökmünde 1995-nji ýylda Ankarada, professor Fikret Türkmen we professor Gurbandurdy Geldiýew tarapyndan taýýarlanan we TÜRKSOÝ tarapyndan çap edilen „Türkmen şygrynyň antologiýasy“ atly kitabyny mysal görkezmek bolar.

Şeýle hyzmatdaşlygyň netijeleriniň gazanylmagynyň aňyrsynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň gol çeken teswirnamalary we ylalaşyklary ýatýar.  



Degişli Habarlar