Türk Dünýäsinden Habarlar

Türk dünýäsiniň tapawutly ýerlerinden bize gelip gowuşan möhüm wakalar bilen bagly habarlar

Türk Dünýäsinden Habarlar

 Ilkinji habarymyz Gazagystandan gelip gowuşdy.

Gazagystanyň Prezidenti Nazarbaýew Türkmenistanda saparda boldy.

Nursoltan Nazarbaýew Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Türkmenistana bardy. Nazarbaýew Türkmenistanda türkmen lider Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

Gazagystanyň Prezident Diwany tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda duşuşykda Berdimuhamedowyň Nazarbaýewe Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirendigi mälim edildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow 64 ýurdyň gatnaşmagynda geçirilen oýunlaryň raýdaşlygyň we jebisligiň görkezijisidigini belläp, BMG-nyň islegine laýyklykda bosgunlardan ybarat 65-nji ýurt hökmünde kesgitlenen toparyň hem gatnaşjakdygyny habar berdi.

Prezident Nazarbaýew bolsa oýunlary geçirýänligi sebäpli Berdimuhamedowy gutlap, ýurtda halka hyzmat berjek köp sanda sport desgasynyň gurulandygyny belläp geçdi.

Şeýlelik bilen çäräniň Türkmenistanyň dünýäde has hem tanalmagyny üpjün etjekdigini aýdan Nursoltan Nazarbaýew Gazagystanyň şu ýyl 28-nji Bütindünýä gyşky uniwersiada oýunlaryny geçirendigini ýatlatdy.

Nazarbaýew ondan soň 5-nji Aziýa oýunlaryna gatnaşjak Gazagystanyň milli ýygyndysy bilen duşuşyk geçirdi.

 

Nobatda Özbegistandan gelip gowuşan habarymyz bar.

Özbegistan Türkiýä minnetdarlyk bildirdi. Özbegistanyň Daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow: “Türkiýe tarapy Özbegistanda guruljak Ymam Buhari ylmy-derňew merkezi bilen Yslam medeniýeti merkezine her dürli goldawy bermäge taýardygyny mälim etdi. Biz hem şol sebäpli Türkiýe tarapyna minnetdarlyk bildirdik” diýdi.

 Özbegistanyň Daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow Türkiýä Özbegistanda guruljak Ymam Buhari ylmy-derňew merkezi bilen Yslam medeniýeti merkezine her dürli goldawy bermäge taýardygyny bellemeginden soň minnetdarlyk bildirendigini habar berdi.

Kamilow milli telewideniýä beren beýanatynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Bilim we tehnologiýa maslahatynyň çäginde duşuşyk geçirendigini habar berdi.

Duşuşykda Samarkant şäherinde Ymam Buhari ylmy-derňew merkezi bilen Daşkentde Yslam medeniýeti merkeziniň gurulmagy babatyndaky pikirlerini dile getirendiklerini aýdan Kamilow: “Duşuşykda Türkiýe tarapy Özbegistanda guruljak Ymam Buhari ylmy-derňew merkezi bilen Yslam medeniýeti merkezine her dürli goldawy bermäge taýardygyny mälim etdi. Biz hem şol sebäpli Türkiýe tarapyna minnetdarlyk bildirdik” diýip mälim etdi.

Kamilow Özbegistanyň Prezidenti Mirziýoýewiň oktýabr aýynda Türkiýä resmi sapar gurajakdygyny, saparyň çäginde iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklaryň has hem ösdürilmegi meselesiniň ara alynyp maslahatlaşyljakdygyny habar berdi.

Sapara çenli taraplaryň arasynda ykdysady we maýa goýum ugurlarynda ikitaraplaýyn şertnamalaryň taýarlanjakdygyny aýdan Kamilow saparda şeýle hem täze we ägirt uly taslamalaryň gün tertibine getiriljekdigini habar berdi.

 

Soňky habarymyz umumy taryhymyz bilen baglanşykly.

Türk taryhy üçin möhüm ädim edildi.

Halkara Türk akademiýasynyň başlygy Darhan Kydyrali: “Kentaýdan Ulytaua: Taryhy aňyň täzelenmegi” atly arheologik derňewleriniň çäginde türk taryhy üçin wajyp galyndylary tapandyklaryny habar berdi.

Kydyrali Anadoly habarlar gullugyna beren beýanatydna Mongoliýanyň hökümeti we milli muzeýi bilen gazanan ylalaşyklarynyň çäginde ozal gazuw-agtaryş işleri geçirilmedik Mongoliýanyň Şiwet ulan sebitinde arheologik gazuw-agtaryş işlerini geçirmäge başlandyklaryny mälim etdi.

Şiwet Ulan ybadathanasynda geçiren gazuw-agtaryş işlerinde köp sanda taryhy galyndy tapandyklaryny aýdan Kydyrali: “Gazuw-agtaryşda Şiwet Ulanyň Ilteriş Kagan zamanasynda 670-691-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçendigini anykladyk. Şu günki güne çenli ýapyk bolan we derňew geçirilmedik Kerulen sebitindäki gazuw-agtaryş işlerinde türki dilli halklaryň taryhyna degişli 20 galyndy tapdyk” diýdi.

Tapyndylaryň üstünde biofiziki işleriň geçirilendigini aýdan Kydyrali: “Türk taryhy üçin möhüm ädim ädildi, sebäbi ozal ol ýerlerde türk taryhy bilen baglanşykly galyndylar ýok diýilýärdi” diýip nygtady.

Ötüken bilen Ulytaunyň arasynda täze meňzeşlikleriň bardygyny anykladyk diýen Kydyrali: “Kentaýda Çingiz hanyň dogulan ýeri bolan Burhan Haldundan Ulytaudaky Alaşa Han, Juçi han mawzoleýine çenli sebitde 1 aýlap arheologiki gezelençler guradyk” diýip habar berdi.

Kydyrali Ulytauda Altyn Ordanyň ilkinji esaslandyryjysy Batu we onuň kakasy Jojo Hanyň aramgählerine baryp görendiklerini we maksatlarynyň Ýewraziýa döwleti bolan Altyn Ordanyň wajyplygyna ünsler çekmekdigini belledi.

 Gezelenje aralarynda Türkiýeden hem gelen alymlar bilen birlikde 10 ýurdyň alymlarynyň gatnaşandygyny aýdan Kydyrali gezelençde Ulytaudaky Dombaul aramgähiniň Ötükendäki Şiwet Ulan kompleksiniň dowamy bolandygyny anyklandyklaryny mälim etdi.

Kydyrali: “Onuň ýanyndaky Alaş Han Kümbeti täze döwrüň, Altyn Orda bolsa Yslam döwrüniň başlangyjy hökmünde garalýar. Ulytau iki medeniýetiň birleşýän nokadydyr” diýip ünsi çekdi.



Degişli Habarlar