Türk Dünýäsinden Habarlar

Türk dünýäsiniň tapawutly ýerlerinden bize gelip gowuşan möhüm wakalar bilen bagly habarlar

Türk Dünýäsinden Habarlar

Ilkinji habarymyz Türkmenistandan gelip gowuşdy.

 Türkmenistanda V Aziýa oýunlary başlady.

Aşgabatda 17-nji sentýabrda geçirilen resmi açylyş dabarasyna 7 müň adamyň gatnaşandygy habar berildi.

2010-njy ýylyň ahyrynda düýbi tutulan we türk gurluşyk kärhanalarynyň biri tarapyndan gurulan olimpiýa şäherçesi 1,5 inedördül kilometrlik ýere guruldy we öz düzüminde 15 aýry sport desgasyny jemleýär.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda 65 ýygyndy toparyň türgenleri özara bäsleşerler. 45 Aziýa we 19 Okeaniýa ýurdy bilen birlikde birem olimpiýa baýdagynyň astynda oýunlara gatnaşjak bosgunlar ýygyndysy bar.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda takmynan 6 müň türgen spordyň 21 görnüşi boýunça özara bäsleşerler.

Oýunlaryň dowamynda 351 medal berilşik dabarasy guralar we üstünlik gazanan türgenlere 1870 medal beriler.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary komitediniň resmileriniň beren habaryna görä oýunlar boýunça jemi 140 müň kg nahar taýarlanar.

12 gün dowam etjek oýunlar üçin 700 müň bilet ençeme hepde ozal satuwa çykaryldy. 17-27-nji sentýabr aralygynda geçiriljek V Aziýa oýunlarynda 8 müň meýletin iş alyp barar.

Kompleksiň içinde ýerleşýän olimpiýa stadionyny bezeýän atyň heýkeli beýiklik we giňligi boýunça, suw sportlary merkeziniň ýapyk suw meýdany Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

 

Nobatda Gazagystandan gelip gowuşan habarymyz bar.

Gazagystanyň täze elipbiý kanun taslamasy mejlise hödürlendi.

Kril elipbiýinden latyn elipbiýine geçmäge taýarlanýan Gazagystanda täze elipbiý kanun taslamasy mejlisiň garamagyna hödürlendi.

Gazagystanyň latyn elipbiýine geçmegi ele alynan mejlisiň ýörite oturlyşygynda ministrler kabinetiniň mejlisiniň agzalary, alymlar we dilçiler gatnaşdylar.

Oturlyşygyň açylyşynda çykyş eden Gazagystanyň mejlisiniň başlygy Nurlan Nigmatullin milli aňyň, ruhy gymmatlyklaryň we ykdysady galkynyşyň ýolunyň täze gazak elipbiýiniň emele getirilmegi bilen başlajakdygyny belledi.

Nigmatullin täze gazak elipbiýiniň ýurduny dünýä bilen birleşdirýän wajyp bir faktor boljakdygyny nygtap: “Latyn elipbiýine geçmegimiz, agtyklarymyzyň iňlis we internet dillerini öwrenmegini üpjün eder” diýip belledi.

Gazagystanyň Medeniýet we sport ministri Arsytanbek Muhamediuly latyn elipbiýine geçmek üçin taýarlyklaryň 6 ýyl ozal başlandygyny we bu etapda tapawutly programalarda orta atylandygyny we maslahatlaşylandygyny habar berdi.

Latyn elipbiýine geçmek üçin alymlardan we dilçilerden ybarat Iş topary tarapyndan latyn simwollar ulanylan gazak dili elipbiýi taslamasynyň emele getirilendigini aýdan Muhamediuly täze elipbiýiň emele getirilmeginde ähli taraplaryň pikirlerine gulak asylandygyny belledi.

Muhamediuly raýatlaryň aglabasynyň latyn elipbiýine geçmek baradaky karara goldaw berýändigini mälim etdi.

Täze elipbiýini düzenlerden Baýtursynow Dil bilimi institutynyň müdüri Kažybek Erden Zadauly elipbiýe etaplaýyn ýagdaýda geçiljekdigini we bu etapda hiç hili kynçylygyň bolmajakdygyny nygtady.

Türk Akademiýasynyň başlygy Darhan Kydyraly hem doganlyk ýurtlaryň tejribelerini öwrenýändiklerini, netijede latyn harplaryň umumy türkologiýa elipbiýidigini we latyn elipbiýiniň gazak dili fonetikasyna iň ýakyn dildigini belledi.

Kril elipbiýinden latyn elipbiýine geçmäge taýarlanýan Gazagystan 2018-nji ýyldan başlap mekdeplerde ders kitaplarynyň latyn elipbiýinde çap edilmegini maksat edinýär.

Ýurdyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew 2025-nji ýyla çenli ähli kitaplary we resminamalary latyn elipbiýinde çap etmegi meýilleşdirýändiklerini habar berdi.

 

Soňky habarymyz medeniýet we sungat dünýämiz bilen baglanşykly.

TÜRKSOÝ tarapyndan dowamly ýagdaýda geçirilýän Opera günleri çäreleri şu ýyl 11-13-nji sentýabr aralygynda geçirildi.

TÜRKSOÝ, Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi, Türkiýäniň Döwlet opera baledi baş müdürligi, Zähmet, sungat we medeniýet gaznasy tarapyndan geçirilen şu ýylky çärelere Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Türkiýeden we DKTR-dan gelen 9 sungat işgäri gatnaşýar.

2017-nji ýylyň 4-nji sentýabryndan bäri Maltepe uniwersitedi we TÜRKSOÝ-yň hyzmatdaşlyk etmeginde, dünýä meşhur soprano Fiorenza Kedolins tarapyndan geçirilen Masterklassa gatnaşan TÜRKSOÝ-yň sungat işgärleri ilkinji gezek Türkiýede sungat muşdaklarynyň öňünde çykyş etdi.

20-nji TÜRKSOÝ Opera günleriniň çäginde geçirilýän ilkinji konsert Stambulyň täze opera sahnalarynyň biri bolan Grand Pera Emek zalynda geçirildi.

TÜRKSOÝ operaçy ýyldyzlaryna konsertde Gazagystandan pianist Assel Dawletýarowa bilen Gyrgyzystandan Medet Osmonow ýoldaşlyk eder. Türk dünýäsiniň operaçylary Stambulda geçiriljek açylyş dabarasyndan soň her ýyl bolşy ýaly bu ýyl hem DKTR-da çykyş ederler.

13-nji sentýabrda geçirilen konsert DKTR-nyň Bilim we medeniýet ministrliginiň ýolbaşçylygynda Girnede ýerleşýän Bellapais manastyrynda berildi.

Ilkinji gezek 1994-nji ýylda geçirilen konsert TÜRKSOÝ-yň däbe öwrülen çäreleriniň biri hökmünde Türki Dünýäniň meşhur sungat işgärlerini bir ýere jemleýän, sungat bilen birlikde medeni paýlanşygyny üpjün edýän TÜRKSOÝ-yň Opera günleri şu günki güne çenli biri-birinden tapawutly ýurtlarda geçirildi.


Etiketkalar: Türkmenistan , Gazagystan

Degişli Habarlar