Türkiýäniň we Ýewraziýanyň gün tertibi

Türkiýäniň Prezidentiniň gazagystan sapary

Türkiýäniň we Ýewraziýanyň gün tertibi

Türkiýäniň Prezidenti Erdogan mundan birnäçe wagt ozal Gazagystana resmi gurady. Biz hem gepleşigimiziň bu sanynda şo sapary we Gazagystan-Türkiýe gatnaşyklaryny analiz etmekçi.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň asisenti Jemil Dogaç İpegiň mesele hakyndaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R.T.Erdogan sentýabr aýynyň 8-de Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 1-nji Ylym we tehnologiýa maslahatyna gatnaşmak üçin Gazagystana gidipdi. Prezident Erdogan maslahatdan ozal Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bilen duşuşdy. Liderler duşuşykda FETÖ, DAİŞ we beýleki terror guramalaryna garşy göreş, ykdysady pudakda hyzmatdaşlyk we maýa goýumlarynyň gerimini giňeltmek ýaly ugurlarda pikir alyşdylar.

Türkiýe bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklary ýokary derejede. Türkiýe Respublikasy Gazagystanyň garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji ýurt. Türkiýe bilen Gazagystanyň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň ýeten sepgidi bilen bir hatarda Gazagystan Türkiýäniň Ýewraziýadaky esasy syýasy hem-de ykdysady hyzmatdaşlaryndan birine öwrüldi. İki ýurduň arasyndaky dereje Nazarbaýewiň 2009-njy ýylda Türkiýä saparynyň dowamynda gol çekişilen Strategik hyzmatdaşlyk ylalaşygy bilen kesgitlendi. Şeýlelikde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar doganlyk bilen birlikde “Strtegik hyzmatdaşlyk” derejesine göterildi. Gazagystan-Türkiýe gatnaşyklarynda esasanda soňky döwürde uly ösüşiň bardygy görülýär. munda Gazagystanyň daşary syýasatda has işjeň bolmagynyň we BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşiniň wagtlaýyn agzalygy ýaly öz üstüne alan wezipeleriniň  hem paýy bar.

Merkezi ofisi Stambulda ýerleşýän Türk Geňşi, merkezi ofisi Bakuwda ýerleşýän Türki Dilli Ýurtlaryň Parlamentarlar Assambleýasy, merkezi ofisi Astanada ýerleşýän Halkara Türk Akademiýasy we merkezi Ankarada ýerleşýän TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalary medeni we syýasy taýdan agza ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary konstruktiw häsýetde berkidýär. Gazagystan bilen Türkiýäniň gatnaşyklary ykdysady taraplary bilen birlikde guramalary hem öz içine alýar.

Gazagystan bilen Türkiýäniň arasynda güýçli harby gatnaşyk we goranyş tehnologiýalar pudagynda hyzmatdaşlyk bar. Türkiýe Gazagystanyň ýaragly güýçlerine ofiser taýarlakda uly goldaw berýär. Türkiýäniň goranyş pudagynda tanymal firmalary Gazagystanyň gyranyş senagaty üpjünçiligini ösdürmek üçin iş alyp barýar. Mudan birnäçe ýyl ozal “Gazagystan-Aselsan” fabriginiň açylyşy hem harby taýdan edilen möhüm başlangyçlardan biri.

Türkiýe bilen Gazagystanyň arasynda birnäçe million dollar bilen başlan söwda gatnaşyklary şu günki günde 4 milliard dollara barabar. Elbet ol ýeterlik däl. 10 milliard dollar ýetmek iki ýurduň orta möhletli maksatlaryndan biri. Şol maksadyň öňündäki esasy bökdençliklerden biri Gazagystan bilen Türkiýäniň arasynda logistiki taýdan gönü aragatnaşyk ýolunyň bolmazlygy. Onuň hötdesinden gelmek üçin meýilleşdirilen alternatiw ýollar we pikirler iş ýüzüne geçirilende söwda gatnaşyklary hasam öser. Prezidenr Erdogan Gazagystana saparynyň dowamynda beren beýannamalarynda gysga möhletli söwda mukdarynyň 5 milliard dollara ýetirilmeginiň nazarda tutulýandygyny aýtdy. Şol çäkde hem ykdysady hem-de syýasy gatnaşyklary ösdürmek üçin “Bilelikdäki İş Maksatnamasy Meýilnamasy”, “Täze Sinergiýa-Bilelikdäki Ykdysady Maksatnama”, “2017-2020-nji ýyllaryň aralygyndaky döwür üçin İş meýilnamasynyň teswirnamasy”, “Türkiýe-Gazagystan Bilelikdäki Ykdysady Toparyň 10-njy maksatnamasynyň teswirnamasy” ýaly ylalaşyklara gol çekişildi. Türkiýeli we gazagystanly firmalaryň arasynda 600 million dollara golaý ylalaşyklara gol çekişildi. 8-nji sentýabrda geçirilen duşuşyklarda Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew transport pudagynyň eýe bolan ähmiýetine we ösdürilmegine ünsi çekmek üçin “Ýurtlarymyz şu günki günde-de gündogar bilen günbataryň arasyndaky köpri pozisiýasyny dowam etdirýär. Türkiýäniň infrastrukturasy ösen, möhüm tranzit ýurtdygy hemmelere mälim bolan hakykat. Şuny göz öňünde tutup, Türkiýe tarapyny Gazagystanyň transport potensialyny bilelikde ösdürmäge çagyrdym” diýdi.

Türkiýe gündogaryň iň günbatarynda, günbataryň bolsa iň gündogarynda. Şeýlelikde Aziýa we ÝEwropa gönüden geçilýän geçelge. Gazagystan bolsa Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine agza we Russiýa bilen Hytaý ýaly iki güýçli döwlet bilen serhetdeş. Gazagystan Türkiýe bilen tapawutly bazarlara has arkaýyn çykyp biler. Şeýlelikde Gazagystan bilen Türkiýäniň arasynda transport koridorynyň açylmagy hem özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi hem-de sebitara hyzmatdaşlygynyň goldanmagy taýdan möhüm ähmiýete eýe.

Şu günki günde Gazagystan bilen Türkiýe özbaşdak döwlet, ýöne bir millet. Şol jähtden Erdogan we Nazarbaýew iki ýurt we türk dünýäsi üçin uly şans. Erdogan we Nazarbaýew halkyň arasyndan gelen, halkyň çeken kynçylyklaryny bilýän baý terjineli liderler. Şol özboluşlyklary bilen türk dünýäsiniň isleglerini we kemçilikllerini ýerlikli kesgitlemekde, olara dogry çözgüt tapmakda uly goşant goşýarlar. İki ýurduň arasyndaky dostluk güýjüni umumy taryhy we medeni geçmişden alýar. İki taraply bähbit we hormat goýmagyň esasynda özara gatnaşyklar geljekde-de ösmäge dowam eder.



Degişli Habarlar