Aktual Analiz

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary

Aktual Analiz

Wekilçilikli uruşlar, Ýewropada ýaýbaňlanýan rasizm, nemes syýasatçylarynyň natsizme tarap gönükmegi we Ýakyn Gündogarda yzy gutarmaýan uruşlar adamzadyň geljegine bolan umytlarymyň ganadyny gyrýar. Dünýäni alow topuna öwürmek üçin elinden geleni edýänler bilen birlikde umytlary gorap saklamak isleýänler hem bardyr elbetde.

Çärýek asyrdan bäri iň gowy habary golaýda Awstraliýadan eşitdik. Habarda beýan edilmegine görä Sidneý uniwersitetiniň alymlary ýagtylyga esaslanýan datalary kmpýuter çipine ses tolkunlary göwrüminde sygdyrmagyň hötdesinden gelipdirler.

Fizika bölümini tamamlanym üçin bu habar meniň üçin diýseň tolgundyryjydy. Dessine işe girişdim. Ylmy žurnallaryň sahypalaryny agtarşdyrýarkam habaryň hakykatdygyny öwrenenimde dilim tutulypdy. Meniň başdan geçiren duýgym söýgüliňiziň durmuş gurmak baradaky teklibiňizi kabul etmegindäki ýa-da kaka bolanyňyzda başdan geçirýän duýgularyňyz ýalydy. Diňe bir meniň üçin däl, fizikany gutaran we fizika ylmy bilen meşgullanýanlar üçin şol habaryň döreden bagtyýarlygyny beýan etmek tas mümkin bolmasa gerek.

Çünki adamogly ýüz ýyla golaý wagt bäri ýagtylygy saklamagyň üstünde işleýär. Esasanda amerikaly alymlar 1949-njy ýyldan bäri ýagtylyga esaslanýan datalary saklamak üçin irginsiz işleýärler. Bu ugurda iň köp wagt, serişde we zähmet sarp eden amerikan alymlarydyr. Türkiýede-de gynansagam 2000-nji ýyllaryň başyna çenli bu ugurdaky işler diňe bir maglumat möçberinde galdy. R.T.Erdoganyň ýurduň liderligine saýlanmagyndan soň bu ugurdaky işlere Türkiýe Respublikasy hem uly serişdeler bölüp bermäge başlady.

Türkiýe bu işlere näçe giç başlan hem bolsa, gün energiýasynyň gaýtadan işlenmegi bilen käbir şöhleleri goranyş senagatynda peýdalanmak boýunça dünýäniň esasy ýurtlaryndan birine öwrülmegiň hötdesinden geldi.

Mysal üçin lazer şöhlesi boýunça işlere dünýäde 50 ýyl soň başlandygyna garamazdan häzirki wagtda ýeten sepgidi Pentagon bilen bäsleşjek derejede.

Eýsem dünýä bu asuda we ajaýyp öwrüme nähili ýetdi, gysgaça taryhy ösüş etabyna we geljekde bize goşjak goşandyna ser salalyň.

“Popular Sjianje” jurnalynyň 1949-njy ýylyň mart aýyndaky sanynda Massaşuttsda MYT (MAÝTİ)  injenerleriniň gün energiýaly öý gurandyklary beýan edilýär.

Gün energiýaly öýüň zalyna glauber duzundan, ýagny natri sulfatly çeleklerden doludy. Duzlar 32 gradusda ereýärdi we energiýany sudan has gowy saklaýardy. Himik Mari Telkes bilen binagär Eleanor Raýmondyň oýlap tapan ulgamy günüň ýylylygyny natri sulfat çelekleri bilen gönükdirýär, şol çelekler bolsa howa sowuk ýa-da bulutly mahaly öýüň içini ýyladýardy.

Emma hasaplar bulaşdy. Öýde ýaşaýanlar gyş aýlarynda ýeterlik gyzmaýardylar, çeleklerden yzgiderli sulfat syzýardy. Öýe gelenler birnäçe ýyl soň göçýärdi.

Elbetde başga işler hem edildi. Aýs Bir gijelerine bir howuzy dolduryp, buz tokgasyna öwürip energiýany saklaýar. Günüň dowamynda bolsa, buz kondisioner ulgamy üçin sowadyjy hökmünde peýdalanylýardy.

“Akuion energiýanyň” modulýar batareýalary ýel we gün energiýasyny saklamak üçin toksiki ýa-da ýanyjy bolmadyk duzly suw düzüminden peýdalanmagy öwrendiler.

Adamogly şeýlelikde ýagtylygy energiýa görnüşinde ebedi saklamagyň hötdesinden geldi. Yzýanyndan bolsa ýagtylygy ýagtylyk hökmünde saklamagyň ugruna çykdy. Kompýuter tehnologiýasynyň kämilleşmegi bilen pudagyň ägirtleri bu ugurda ummasyz serişde sarp etdiler we edýärler. Eýsem bu işiň hötdesinden gelmek dünýäniň bir künjeginde, bir uniwersitetiň çäkli serişdesi bilen işleýän alymlara nesip etdi.

Şeýlelikde adamzat ýagtylyga esaslanýan datalary ilkinji gezek kompýuter çipinde ses tolkunlary hökmünde saklamagyň hötdesinden geldi.

Bu açyş oduň, puluň we bugly maşynlaryň oýlanyp tapylmagy ýaly möhüm sepgit. İň bir ýönekeýje dil bilen aýdanymyzda ýagtylyk tizliginde işleýän kompýuterler indi durmuşymyzyň bir bölegine öwrüler. Datalary geçirmek hem ýagtylyk tizliginde bolar. Bular diňe bir maglumatyň geçirilmegi we maglumat ammarlarynyň tizligi bilen bagly.

Beýleki tarapdan adamyň durmuşyny dolulygyna özgertjek açyş. Energiýa känlerine höküm etmek üçin başladylan uruşlaryň döwri ýapylar. Rasizmler, köpçülikleýin ölümler bolmaz. Çünki ýagtylygyň saklanmagy diýmek energiýanyň toplanmagy has-da ýeňilleşer diýmek. Ýagtylygyň saklanmagynyň ýokarky sepgidi ýagtylyň çaknyşdyrylmagy ýa-da Mendel usulyndan ylham alyp, tozanlanma arkaly öndürilmegini gün tertibine getirer.

Saglygy saýlaýyş pudagynda-da düýpli özgerlişikler bolar. Öýjük bilen bagly barlaglar we dokuma öndürliş işleri ýeňilleşer. Süň we diş önümçiligi amala aşyrylar. Adamlaryň protez el, aýak, protez ýa-da implant diş meselesi çözüler. Tagtylygyň saklanmagy bu işleri iňňän çaltlandyryp biler.

Dünýäniň iň bir esasy meselelerinden biri bolan azyk önümçiligi we olaryň saklanma meselesi hem ortadan aýrylar. Güneşiň ýagtylygynyň saklanmagy diýmek, ýagtylyk witaminleriniň hem saklanmagy diýmekdir. Gündäki witaminleriň radiaktiw hassalyklaryň bejergisinde peýdalanylýandygyny göz öňünde tutunamyzda bu açyşyň näme diýmekligi aňladýandygyna has gowy düşünmek bolar.


Etiketkalar: žurnal , bölüm , Awstraliýa , fizika

Degişli Habarlar