Türkiýäniň we Ýewraziýanyň gün tertibi

Eýranda ýaşaýan türki dilli halklar

Türkiýäniň we Ýewraziýanyň gün tertibi

Birnäçe wagt mundan ozal Eýranda pars dilini dialektli gepleşýän-pars bolmadyk milletleriň wekilleriniň mugallym bolmagynyň öňüni almagy nazarda tutýan düzgünnama çykdy. Biz hem gepleşigimiziň bu sanynda şol düzgünnamany we Eýranda ýaşaýan türki dilli halklary analiz etmekçi.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň asisenti Jemil Dogaç İpegiň mesele hakyndaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

 

Eýranyň Bilim ministrligi mundan birnäçe wagt ozal bir düzgünnama çykardy. Şol düzgünnama görä pars dilini dialektli gepleýän, pars bolmadyk milletleriň mugallym bolmagy münkin däl. halkara media-da çykan halkara görä Eýranyň Bilim ministrligi tarapyndan çykarylan düzgünnamada; “Ç, G, J we Q ýaly pars harplarynyň aýdylmagynda kynçylyk çekilýän we düzedilmegi mümkin bolmadyk agyr dialektli mugallymlar esasanda pars dili we edebiýaty muhallymy bolmagy gadagan” diýilýär. Düzgünnamada görkezilýän harplary Eýranda ýaşaýan halklardan diňe türki halklar we araplar ulanýar. Esasan türki halklary we araplary nazarda tutýan bu düzgünnamada, önelgesiz zenanlaryň hem mugallym bolup işlemegi gadagan edilýär. Eýranda ýaşaýan türki dilli we arap halklar düzgünnama berk reaksiýa görkezýär. Eýrandaky türki halklar sosial media hasaplarynda “Men türk we meniň dialektim bar” görnüşli şygarlar bilen karary protest edýär.

Mesele barada pikir alyşan eýranly türkleriň garaýyşynda iki ugur ünsleri çekýär. Türkleriň bir bölegi karara garşylyk görkezip, pars diliniň esasy şahyrdyr ýazyjylarynyň türkleriň arasyndan çykandygyny nygtaýarlar. Oňa Möwlana Jelaleddin Rumy iň esasy mysal hökmünde görkezilýär. Eýran türkleriniň esasy bölegi bolsa kararyň möhüm bolmandygyny, çünki Eýranda ýaşaýan türki halklaryň esasy isleginiň türki dilde bilim almakdygyny nygtaýar.

Şu günki günde Eýranda 30 milliona golaý türki halk, ýurduň esasy gatlaklaryndan birini emele getirýär. Türki halk geosyýasy ýerleşişi, jemgyýetçilik-medeni gurluşy, ykdysady güýji je ilat potensialy taýdan Eýranda başdan geçirilýän syýasy özgerlişiklerde öňbaşçy pozisiýa eýelediler.

10-11-nji asyrlarda Seljuk döwründe oguzlaryň Azerbaýjana eden göçleri sebitde uly türki ilatynyň ornaşmagyna şert döredipdi. 15-nji asyra çenli nobaty bilen İlhanly, Garagoýunly we Akgoýunly döwletleriniň hökmürowanlyk döwürlerinde-de Orta Aziýadan sebite göçler dowam etdi. Azerbaýjan türkleriniň pars medeniýeti we edebiýaty bilen tanyşmaklary hem şol döwre gabat gelýär. Emma türki halklaryň musulmanlaşma tapgyrynyň tamamlanan döwründe esasanda Eýran-Azerbaýjan sebiti entek şaýylygyň gözegçiligi astyna girmändigi üçin Azerbaýjan messep taýdan hem bitewidi. 1501-nji ýylda Safewi döwletiniň gurulmagy bilen sebitiň halklarynyň şahsyýeti esasan özgerdi. Merkezi Azerbaýjanda gurlan dolanşyk Eýrana sebitleýin güýç özboluşlygyny getirdi. Şeýle-de esasy bölegi sünni bolan halklaryň şaýy messebine geçmegine sebäp boldy. Soňky ýyllarda sebitde hökün süren Awşar we gajar hanadanlarynyň döwründe-de türklük düşünjesi we şaýy messebi ähmiýetini gorap saklamaga dowam etdi.

Sebitde ýaşaýan türki halklar asyrlar boýy ýurduň daşary açylan gapysy boldy, daşary ýurtlarda döwletlerine wekilçilik etdi we günbataryň uniwersitetlerinde okan ilkinji ýaşlary öz hataryndan çykardy. Bu taýdan Azerbaýjanyň Eýran bilen birlikde Osman we Rus patyşalygynyň kesişýän nokadynda ýerleşmeginiň täsiri uludyr. Şonuň netijesinde sebitde ýaşaýan türkler üç döwletiň başdan geçiren medeni ösüş bilen ýakyndan gyzyklanmaga we öz jegmyýetine ornaşdyrmaga mümkinçilik tapdylar.

Eýranda birnäçe asyr höküm süren türk hanadan dolanşygy 20-nji asyryň birinji çärýeginde ortadan aýryldy. Ýerine Pehlewiler geçdi. Şol çalşyk Eýran türkleri üçin möhüm üznükme nokady boldy. Türkler şol döwürde dürli çäklendirmelere sezewar boldy. Pehlewi dolanşygynyň kabul eden parslaşdyrma ideologiýasy sebitde ýaşaýan türkler üçin şahsyýetlerini ýaňadandan seljerme we hökümete beýan etme tagallasyny ýüze çykardy. Şanyň agdarlyş tapgyrynda berk pozisiýa eýelän türkler Yslam ynkylabynyň başyny çeken toparlaryň düzüminde orun eýeledi.

Häzirki wagtda türkler Eýranda syýasatda we ykdysadyýetde güýçli pozisiýasy eýeleýär. Emma türk diliniň resmi dil bolmazlygy, türk dilinde bilim alynmagyna rugsat berilmezligi ýaly sebäplerden wagtal-wagtal Eýranyň hökümeti bilen düşnüşmezlikler ýüze çykýar.

Eýrandaky türkleri haýsydyr bir ýurtdaky azlyk hökmünde görmek ýalňyş bolar. Eýsem müň ýyldan bäri Eýranyň syýasy taryhyndaky wakalarda türkler güýçli pozisiýa eýelediler. Pars medeniýeti bilen türk medeniýeti hem Eýranyň içinde hem-da daşynda biri-biriniň täsiri astynda. İki gadymy medeniýetiň biri-birine goşan goşandy diýseň uly. Halklaryň bilelikde agzybir ýaşamaklary üçin birek-birege sarpa goýmagy möhüm. Eýran taryhy bejribä eýe bolan döwlet. Döwletiň türk dilinde bilim almak we türkçe neşirýat ýaly islegleri kanagatlandyrmagy peýdaly bolar. Ol hem Eýranyň hem-de sebitiň durnuklylygy üçin ösüş bolar.

 



Degişli Habarlar