Türk Dünýäsinden Habarlar

Türk dünýäsiniň tapawutly ýerlerinden bize gelip gowuşan möhüm wakalar bilen bagly habarlar

Türk Dünýäsinden Habarlar

Ilkinji habarymyz Tatarystandan gelip gowuşdy.

  Tatarystandaky Bolgar Yslam akademiýasy talyp kabul etmäge başlady.

Russiýanyň Tatarystan Respublikasynyň taryhy Bolgar şäherinde açylan Bolgar Yslam akademiýasy talyp kabul etmäge başlady.

Akademiýada geçirilen resmi açylyş dabarasyna Tatarystanyň Prezidenti Rüstem Minnihanow, Russiýanyň Prezidentiniň Wolga boýy sebitiniň wekili Mihail Babiç, Tatarystanyň Parlamendiniň başlygy Ferit Muhametşin, Türkiýäniň Kazandaky Baş konsuly Turhan Dilmaç, Yslam taryhy, sungaty we medeniýeti ylmy-derňew merkeziniň baş müdüri Halit Eren, Russiýanyň musulmanlary merkeziniň sebitiň dini dolanşygynyň başlygy müfti Talgat Tajetdin, Russiýa Federasiýasynyň Musulmanlary Dini edarasy we müftüleri geňeşiniň başlygy Rawil Gaýnutdin, Tatarystanyň müftüsi Kamil Semigullin we şeýle hem köp sanda tatarystanly ministrler we resmiler gatnaşdylar.

Tatarystanyň Prezidenti Rüstem Minnihanow açylyş dabarasynda eden çykyşynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putine akademiýanyň gurulmagyna beren kömegi sebäpli minnetdarlyk bildirip, akademiýanyň açylmagynyň hem Russiýa hem-de Tatarystan üçin taryhy bir wakadygyny belledi.

Russiýanyň Prezidentiniň Wolga boýy sebitiniň wekili Mihail Babiç bolsa Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň akademiýanyň açylyşy sebäpli iberen gutlag ýüzlenmesini okady.

Akademiýanyň Russiýada medreselerden we uniwersitetlerden ybarat iki etaply dini bilim ulgamynyň 3-nji etabyny emele getirjekdigini aýdan Babiç şu günki güne çenli Russiýada bular ýaly bilim ulgamynyň bolmandygyny, indi mundan beýläk Russiýadaky musulmanlaryň daşary ýurtlara gitmeden öz ýurtlarynda iň ýokary derejede dini bilim alyp biljekdiklerini belledi.

Türkiýäniň Kazandaky Baş konsuly Turhan Dilmaç Anadoly habarlar gullugyna beren beýanatynda Bolgar Yslam akademiýasynyň hem gurama hökmünde hem-de açylan ýeri sebäpli simwoliki gymmadynyň bardygyny belledi.

Dilmaç: “Bolgar şäheri türki dilli halklaryň arasynda ilkinji bolup yslam dinini kabul eden bir şäherdir. Akademiýa Russiýadaky dini ylymdaky ýetmezçiligiň üstüni ýetirer we dünýä ülňülerine bap geljek dini bilim guramasy bolar. Türkiýe hem Bolgar Yslam akademiýasy bilen ýakn hyzmatdaşlyk içinde bolar”diýdi.

Yslam taryhy, sungaty we medeniýeti ylmy-derňew merkeziniň baş müdüri Halit Eren hem Bolgar Yslam akademiýasynyň kitaphanasyna yslamyň 1-nji asyrynda ýazylan Gurhanyň bir nusgasyny sowgat berdi.

Akademiýa 2017-2018-nji okuw ýylynda 100 ýaş oglan-gyz ýüz tutyp, şolaryň 27-si magistraturada we 9-y aspiranturada jemi 36 talyp ýokary dini bilim alar.

 

Nobatda Gazagystandan gelip gowuşan habarymyz bar.

Gazagystanyň paýtagty Astanada geçiriljek Siriýa temaly maslahat 14-15-nji sentýabr aralygynda bolar.

Gazagystanyň Daşary işler ministrligi paýtagt Astanada 6-njy gezek geçiriljek Siriýa temaly maslahatyň 14-15-nji sentýabr aralygynda boljakdygyny habar berdi.

 Ministrlik tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda nobatdaky maslahatda çaknyşyksyz zolaklardaky howpsyzlyk güýçleriniň işlerini tertipleýän resminamalaryň ele alynjakdygy we Idlibdäki gözegçilik güýçleriniň emele getirilmegi ýaly meseleleriň ara alynyp maslahatlaşyljakdygy mälim edildi.

Maslahata gatnaşýanlaryň Idlib, Homs we Gündogar Guta sebitlerindäki çaknyşyksyz zolaklaryň serehetleriniň tassyklanjakdygy aýdylýan beýanatda koordinasiýa merkezi, tussaglylaryň we ýesirleriň azat edilmekleri bilen bagly umumy topar, ýogalan adamlaryň jesetleriniň berilmegi we ýiten adamlaryň gözlenmegi bilen baglanşykly taslamanyň tassyklanjakdygy habar berildi.

Beýanatda taraplaryň maslahatda Siriýada UNESCO-nyň Bürtindünýä miras sanawyndaky ýerleriň hem minalardan saplanmagy bilen bagly taslamany hem kabul etjekdigi bellendi.

Beýanatda mundan başgada Türkiýe, Eýran we Russiýadan ybarat garant ýurtlaryň 13-nji sentýabrda tehniki gepleşikler geçirjekdigi nygtaldy.

4-5-nji iýul aralygynda 5-njisi geçirilen Astana maslahatynda çaknyşyksyz zolaklary bilen baglanşykly umumy toparyň döredilmegi we gepleşikleriň dowam etdirilmegi bilen bagly kararlar kabul edilipdi.

 

Gepleşigimizi medeniýet we sungat bilen baglanşykly habarymyz bilen tamamlamak isleýäris.

Tatarystanda 13-nji Halkara Kazan musulman film festiwaly başlady. Paýtagt Kazandaky Piramida medeniýet we şüweleň merkezindäki dabara gatnaşýan adamlaryň gyzyl halydan geçmegi bilen başlady.

Tatarystanyň Prezidenti Rüstem Minnihanow dabarada eden çykyşynda festiwala ýyl saýyn has hem gyzyklanma bildirilýändigini belledi. Festiwalda Türkiýä gysga metražly filmler kategoriýasynda wekilçilik eden “Diwar” filminiň režissýory Koraý Poladyň Anadoly habarlar gullugyna ilkinji gezek Kazana gelendigini we bu festiwala gatnaşmakdan hoşaldygyny nygtady. Polat “Diwar” filminde Türkiýede çagalary bilen bilelikde gününi geçirmäge synanyşýan siriýaly zenany sahnalaşdyrandygyny habar berdi.

Türkiýä mundan başgada Abdulgafur Şahiniň “Sebäbi Yşk”, Mustafa Karanyň “Galandar sowugy”, Mahmet Başakyň “Köne gowy günlerin soňy” ýaly filmler wekiliçilik etdi. “Medeniýetler dialogyndan dialoglar medeniýetine” şygary bilen geçirilen festiwalyň şu ýylky ýaryşyna 27 ýurtdan 60 film gatnaşdy. Festiwal 11-nji sentýabrda tamam boldy.


Etiketkalar: Tatarystan , merkez , sungat , medeniýet , Kazan , Idlib

Degişli Habarlar