Türk Dünýäsinden Habarlar

Türk dünýäsiniň tapawutly ýerlerinden bize gelip gowuşan möhüm wakalar bilen bagly habarlar

Türk Dünýäsinden Habarlar

Ilkinji habarymyz ykdysadyýet bilen baglanşykly.

Kamaz we Tirsan Kardan kärhanalary Tatarystanda umumy kardanly wal öndürerler.

Russiýa bilen Türkiýäniň arasynda täze ykdysady hyzmatdaşlyk emele gelýär. Russiýanyň awtomobil kärhanasy Kamaz we awtomobil senagat böleklerini öndürýän TIRSAN Kardan kärhanasynyň Halkara Izmir fuarynyň çäginde Russiýada kardanly wal öndürmek üçin umumy kärhananyň gurulmagyny özünde jemleýän protokola gol çekendikleri mälim edildi.

Şu ýyly 86-njy gezek geçirilýän Halkara Izmir sergisinde rus we türk kärhanalarynyň arasynda jemi 5 şertnama baglaşyldy.

Kamaz we Tirsan Kardan kärhanalarrynyň öz arasynda baglaşan şertnamasy bilen birlikde rus energetika kärhanasy Inter Rao Engeneering we türk gurluşyk we montaž kärhanasy Uran Endüstri Tesisleri energetika we beýleki ugurlarda işleşmegi öz içine alýan hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdi.

Russiýanyň hökümeti iki ýurdyň arasynda başdan geçirilen krizisden soňky kadalaşma etabynda Russiýanyň we Türkiýäniň işewür dünýäsiniň işlerini janlandyrmak maksady bilen Halkara Izmir sergisine gatnaşmak barada karar kabul etdi. Şu ýylky fuarda Russiýa partnýor ýurt statusy berildi.

 

TSR-nyň hormatly diňleýjileri. Nobatda Türkmenistandan gelip gowuşan habarymyz bar.

17-27-nji sentýabr aralygynda geçiriljek V Aziýa oýunlary üçin türk kärhanalaryň biri trapyndan gurulan Aşgabat Olimpiýa şäherçesiniň içindäki Olimpiýa stadionyny bezeýän Atyň heýkeli we Olimpiýa şäherjiginiň Sportuň suw görnüşleri merkezi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Rekordalaryň tanyşdyrylyş dabarasy Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň mejlsiniň agzalarynyň, V Aziýa oýunlarynyň Ýerine ýetirijiler komitediniň resmileriniň, uniwersitetda okaýan talyp ýaşlaryň we gelen myhmanlaryň gatnaşmagynda boldy.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň uly dabaralaryna we ýaryşlaryna gatnaşyjylaryň ählisiniň depesinden biziň milli taryhymyzyň nyşany, mirasymyzyň hem-de täze döwrüň döredijilik güýjüniň alamaty bolan ahalteke atynyň äpet uly keşbiniň garap durmagy kanunalaýykdyr.

Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmeginden öňürti, aýratynlyklary ýazyp bellemek üçin 2017-nji ýylyň 6-njy martynda geçirilen ölçeglere laýyklykda, atyň şekiliniň beýikligi 40,05 metr (131 fut 4,9 dýuým), uzynlygy 37, 69 metre (123 fut 7, 9 dýuým) hem-de ini 40, 24 metrdir (132 fut 0,6 dýuým) barabar boldy. At bilen birlikde Aziýa oýunlarynyň alawunyň çanagy hem belentlikde ýerleşýär. Ol alawyň çanagyny hem-de bedewiň boýnuny bezeýär. Ol hem oýunlaryň açylyş dabarasynda alawy ýakmak pikiri ýaly, döwlet Baştutanymyzyň teklibi bilen bu keşbi bezemäge girizildi.

Ahalteke atlary Türkmenistanda medeni miras hökmünde kabul edilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Ahalteke atlarynyň genetikasynyň goralmagy, tanyşdyrylyşy we at ýetişdirmäge uly ähmiýet berýär. Atyň äpet uly keşbi hem şol Ahalteke atlaryny simwolizirleýär.

Ikinji güwänama Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň Sportuň suw görnüşleri merkezi mynasyp bolup, ol halkara ölçegleriniň ýokary talaplaryna laýyk gelýän, ekologiýa taýdan arassa serişdelerden taýýarlanan, häzirki zaman tehnologiýalaryň esasynda bina edilen, dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Suwda ýüzmek we suwa bökmek ýaryşlarynyň geçirilýän bu toplumynda bir wagtyň özünde bäş müň tomaşaçy ýaryşlara tomaşa edip biler. Toplumyň içinde ýaryşlary geçirmek we türgenleri taýýarlamak üçin niýetlenen dürli ölçegdäki howuzlaryň 4-si ýerleşdirildi. 2017-nji ýylyň 26-njy aprelinde rekordlar kitabynyň wekilleriniň geçiren ölçeglerine laýyklykda, howuzlaryň umumy meýdany 4 müň 976, 65 inedördül metre (53 568 inedördül fut) deň boldy.

 

Gepleşigimizi Tatarystandan gelen bir habarymyz bilen dowam etdirýäris. Türk maýadarlar Tatarystanda awtomobilleriň şaýlaryny öndürmek üçin ýer gözleýär.

Türkiýäniň Kozmaksan kärhanasy Tatarystanyň Çally şäherinde ýerleşýän Russiýanyň iň uly ýük ulagy fabrikasy bolan Kamaz üçin şaý öndürmegi meýilleşdirýär. Maýa goýym taslamasynyň ilkinji etaby 250 million rubla barabar bolar.

Çallynyň şäher häkimliginiň metbugat merkeziniň berýän habaryna görä tük kärhanasy Çally şäheriniň goňşusy bolan Alabuga şäherinde ýerleşýän Tatarystanyň RITSKI kärhanasyny saýlady.

Kozmaksan kärhanasynyň maýasy üçin azyndan 2500 inedördül metrlik ýer gerek bolar. Taslamany durmuşa geçirmek üçin 3 ýyl gerek bolar we ilkinji etapda 250 million rubllyk maýa goýular.

Türkiýe-Taraystan kärhanasynyň saýasynda 150 adamlyk iş orunlary döretmek maksat edinilýär.

Kärhana Tatarystanda gidrawlik nasos we gidrawlik paýlaýjy öndürmegi we bu önümleri ilki bilen Kamaz fabrikasyna satmagy meýilleşdirýär.

 

Soňky habarymyz Azerbaýjandan gelip gowuşdy. Kawkazlarda bir owurtlyk türk çaýy.

Ýewraziýa Ykdysady gatnaşyklar jemgyýeti Eko Ýewraziýanyň öňbaşçylyk etmeginde geçirilýän türk çaýynyň tanyşdyrylyş çäreleri öňki ýyllarda bolşy ýaly üstümzdäki ýyllarda giňden geçirilýär. Tanyşdyrylyş çäresiniň nobatdaky duralgasy dost we dogan Azerbaýjanyň paýtagty Baku boldy.

Eko Ýewraziýa Türkiýäniň dünýä tanalmagynda uly orun eýeleýär. Jemgyýetiň başlygy Hikmet Eren we onuň iş topary esasan hem Türkiýe bilen Türk dünýäsiniň arasyndaky gatnaşyklaryň has hem özgermegine goşant goşýar.

Eko Ýewraziýanyň başlygy Hikmet Eren eden çykyşynda: “Ozal türk çaýynyň tanyşdyrylyş çäresini Balkan ýurtlarynda geçiripdik we çaýa ol ýerde uly gyzyklanma bildirildi. Nobatdaky maksadymyz bolsa Kawkazlar we onuň ilkinji duralgasy doganlyk ýurt Azerbaýjan boldy” diýdi.


Etiketkalar: Russiýa , sergi , Izmir , şaý , Tatarystan , Tirsan , Kamaz

Degişli Habarlar