Dost-Doganlygyň Taryhy

Halit Ziýa Uşakgyliň durmuşy we döredijiligi

Dost-Doganlygyň Taryhy

Wagtal-wagtal hyýallarym, bir aşyk mysaly,

perwaz eýlär hyjuwlardan doly geçmişe bakan.

Küýüm-köçäm mähirli ýatlamalardan doly,

bagtly günler hakynda pikirlerden püre-pür.

 

Türk dilinde ilkinji ýazylan, iri göwrümli roman hökmünde kabul edilen “Gadagan yşk” eserini ýazan, Halit Ziýa Uşaklygil, 1886-njy ýylda Yssambylda dünýä inip, 1945-nji ýylyň mart aýynyň 27-sine hem Yssambylda dünýäden ötýär.

„Uşakizade“ diýip tanalýan Yssambylly maşgaladan bolan Hajy Halit Efendiniň ogly, Fatih esgerlik okuwynda okamaga başlaýar. Kakasynyň işleriniň ugrygyp gitmändigi üçin Izmire göçmeli bolýarlar. Okuwyny Izmirde dowam edýar. Aýratyn mugallym tutyp fransuz dilini öwrenýär. Awstralýaly katolik monahlaryň ýolbaşçylyk edýän okuwynda okuwyny dowam edýär. 1884-nji ýylda iň soňky synpda okap ýören wagty, okuwyny taşlap kakasynyň söwda edýän iş ýerinde işlemäge başlaýar. Izmirdäki mekdepde fransuz dili mugallymy bolup işleýär. Osmanly bankynda işleýär. Izmirdäki Orta mekdepde frnasuz dili we edebiýaty sapklaryny okadýar. 1893-nji ýylda Fransuzlaryň Yssambyldaky temmäki täkelçilik edarasynda baş kätip edilip işe alynandan soňra, Yssambyla göçýär. Yssambyl uniwersitetinde Günbatar edebiýaty we estetikasy sapaklaryny okatýar. 1909-njy ýylda „Birleşme we ösüş jemgyýetiniň“ teklip etmegi bilen, Döwleti dolandyryş edarasynyň baş kätibi bolup işleýär. 1911-nji ýylda mejliste patyşa wekilçilik edýän agza hökmünde saýlanýar. Soňra yzyna uniwersitete gaýdyp barýar. Syýasy wezipeleriň berilmegi bilen Fransiýa, Germaniýa we Rumyniýa gidýär. „Birleşme we ösüş jemgyýetiniň“ elinden häkimiýet alnadan soňra, Temmäki täkelçiliginiň dolandyryş müdiriýetiniň Başlyklygyna saýlanýar. 1923-nji ýylda Türkiýe Respublikasy gurlandan soňra özüniň Ýaşylköýdäki deňiziň kenaryndaky köşgüne ýerleşip döwlet işlerinden daşda galýar.  

Edebi döredijilik işine terjime etmek we goşgy ýazmakdan başlaýar. Izmirde ýaşan wagty, 1884-1885-nji ýyllarda „Nowruz“ jurnalyny, 1886-njy ýylda bolsa „Hyzmat“ gazetini çykarýar. 1896-njy ýylda „Edebiýaty jedide“ ýagny „Täze edebiýatçylar“ birleşigine goşulýar. „Serweti fünun“ türkmençesi „Bilimleriň hazynasy“ jurnalynda ony meşhur eden romanlarynyň bölekleri çap edilýär. 1901-nji ýylda ýazyjylygy taşlaýar. Ikinji konstitutsiýon hökümetiň gelmegi bilen täzeden ýazmaga başlaýar. Emma onyň ýazan zatlary 1923-nji ýyla çenli çap edilmän galýar.   

Izmirde ýaşan döwründe ýazan ilkinji gysgajyk romanlaryny gynançly, duýguly hekaýalar görnüşinde ýazyp, jogapsyz galan söýgi hakyndaky meseleleri gozgaýar. 1895-nji ýylda çap edilen „Mawy we gara“ atly romanynda söýgi bilen baglanşykly başdan geçirmeler ikinji orna itilip, şol döwrüň şahyrlary, galamgärleri, ýazyjylary we çaphana işgärleriniň arasynda bolup geçýän wakalar, olaryň dünýäsi galama alynýar. 1925-nji ýylda çap edilen “Gadagan yşk” atly eseri türk dilinde ilkinji ýazylan, iri göwrümli roman hökmünde kabul edilýär. Düşünje we ýazylyş usuly bilen tapawutlanýan romanda ýaş we owadan bir zenanyň, baý, emma garry adamsyna wepaly bolmak hakynda karara baran hem bolsa, onyň elinde bolmadyk ýagdaýlar sebäpli gadagan edilen bir yşga tutaşýar. Bu eserde ýaýbaňlanýan wakalar, psihologiki sebäpleri hem ele alynmak bilen, hakykata gabat gelýän uslyp bilen beýan edilýär. Romandaky wakalar, adamlaryň arasyndaky maddy we maddy bolmadyk gatnaşyklar ussatlyk bilen beýan edilip, temalar yzygiderlilik bilen işlenipdir.

Halit Ziýa Uşaklygiliň ömri we döredijiligi hakyndaky käbir gysga bellikler bilen onyň eserlerini tanyşdyrmak gerek bolsa, türk edebiýatynda günbatar usulynda ilkinji bolup roman ýazan sungat işgäri hasaplanýar. „Bilimleriň hazynasy“ diýlip atlandyrlan döwürde roman we hekaýa ýazan ýazyjylaryň iň esasylarynyň biri. Eserlerinde hakykatçylyk akymynyň täsirini görmek bolýar. Iň belli hekaýalarynyň biri bolan „Gar ýaganda“ hekaýasynda açyp görkezýän wakalary „hakykatçylygyň“ bir nusgasydyr. Edebi dili çeperleşdirilen, zynatly we agyrdyr. Şeýle-de bolsa dili başarnykly ulanmagy başarypdur. Endik edilenden tapawutly sözlemler düzme endigi bolupdyr. Romanlarynda  intelligent adamlary suratlandyrýar.

„Mawy we gara“ romanynda Ahmet Jemiliň keşbini, „bilimeriň hazynasy“ döwrüniň sungat işgäriniň keşbini suratlandyrýar. Olaryň ruhy ýagdaýlaryny suratlandyrmaga uly ähmiýet berýär. Gahrymanlarynyň ýaşan jemgyýetlerindäki ýagdaýlaryna laýyklykda olaryň ýagdaýlaryny suratlandyrýar.

„Sansyz“ atly romanynda ýaşajyk bir gyzyň söýgüsi sebäpli jelepçilige baş goýmaklyga çekilişi suratlandyrylmak bilen jelepçiligiň we arakhorlygyň jemgiýetdäki baryp ýeten möçberleri seljerilýär.

„Bir öliniň depderi“ atly romanynda üç adamyň arasyndaky söýgi hakyndaky roman bolmak bilen şol bir gyza aşyk bolan iki ýetginjegiň başyndan geçirenleri, olaryň ykballary suratlandyrylýar.

„Ferdi we şärikleri“ atly romany Izmirden ýazan iň soňky we göwrümli romanydyr. Garyplyk we baýlyk bilen baglanşykly meseleler eserde durmuşyň gapma-garşylygyny emele getirýän bezegi bolan halynyň gölü görnüşinde çeper beýan edilýär. Beýleki romanlarynda bolşy ýaly bu eserinde hem wakalar pajyga bilen gutarýar.

“Däli”, “Şumydy”, “Heýhat”, “Mazardan gelen sesler”  ýaly eserleri bilen birlikde, Halit Ziýa Uşaklygil, belent äheňde bolmadyk, sazlaşyksyz we kapiýasyz şygyrlar hem ýazypdyr.

Şygyrlaryndan başga teatr üçin “Füruzan”, “Syçan”, “Garabasma” atly birnäçe perdelik oýunlar hem ýazypdyr.

Halit Ziýa Uşaklygil, dokuz jiltlik ýatlamalar kitabyny ýazan we türk edebiýatynda ýatlamalar görnüşinde iň köp eseri bolan edebiýat adamy hasaplanýar. “Kyrk ýyl” atly eseri bolsa köp sanly edebiýat barlaglarynyň geçirilmegi üçin çeşme hökmünde ulanylan eserdir.    

 

 



Degişli Habarlar