Aktual Analiz

Mýanma, Arakan we rohingýaly musulmanlar

Aktual Analiz

Birnäçe aýdan bäri azlyklardan biri raýaty bolan özygtyýarly döwlet tarapyndan yzgiderli häsýetde öldürilýär, öýleri, obalary we şäherleri ýakylýar. Diňe bir öýleri we şäherleri ýakylýan bolsa ýene gowy. Adamlar; çaga, garry, aýal-erkek diýmän ýakylýarlar, ýa-da gassap pyçaklary bilen böleklere bölünip öldürilýärler. Çagalar, garrylar güýçli akýan derýada gark bolýarlar. Şol wagşylyklary edýän bir döwlet we döwlet dolanşygy tarapyndan goldanýan Budist ruhany, esgerler we asuda ilat.

Öldürilýänler rohingiýalylar däl, gönüden göni adamzadyň özi. BMG-niň başda durmagynda ähli halkara guramalary gyrgynçylyga sesini çykarmady.

Rohingiýalylar musulman bolandyklaryna garamazdan onlarça musulman ýurdundan ses çykaran bolmady. Diňe Türkiýäniň Prezidenti R.T.Erdogan gyrgynçylyga baş göterdi, dünýäniň gün tertibine getirdi.

Diňe bir adam hukuklary däl, daşky gurşaw we haýwan hukuklarynda-da diýseň ynjyk çemeleşýän ÝB we günbatar ýurtlarynyň ählisi bu wagşylyga dymmak bilen çemeleşdi.

Ýewropanyň we günbataryň ähli ynsanperwer gymmatlyklary 34 ýyldan bäri günbataryň özi tarapyndan gyryldy. İndi günbataryň elinde hiç hili argument galmady. Haçanda günbatar we hususanda ÝB “adam hukuklary, demokratiýa” diýen halatynda, hemmeler şol sözleriň aňyrsynda ykdysady bähbidiň durýandygyny bilýär. Şol ajy hakykaty entek wyjdany ölmedik günbatarlylar hem bilýärler.

Günbatar öz gymmatlyklaryny ýok edip, öz-özüni ýok eden medeniýet hökmünde taryhyň sahypalaryna girer. Nähili elhenç hem bolsa biz şol pajygany göräýjek ýaly…

Günbatar çärýek asyr ozal Ýewropanyň ortasynda, Bosniýa Gersegowinada serpleriň eden gyrgynçylygyny görmediksiremek bilen öz ölüm permanyny çykardy. Soň Liberiýadaky içerki uruşa bolan çemeleşmesi. Elbetde Yrak bilen Owganystany hakykata esaslanmaýan bahanalar bilen basyp almagy günbatar bolan ynamy doly ýok etdi diýsek ýalňyşmarys. Demokratik usullar bilen Müsüriň halky tarapyndan saýlanan Muhammed Mursiniň häkimiýetden çetleşdirilmeginde huntaçylaryň tarapda durmagy meniň pikirimçe günbatarly gymmatlyklaryň soňky demi boldy.

Türkiýede demokratik saýlawlar bilen saýlanan prezidenti agdarmaga synanşan huntaçylara gujak açmagy günbataryň ikiýüzliligini görkezýän waka boldy. Türkiýede harby agdarlyşyga synanşan esgerler ýüzlerçe bigünä adamy öldürdi, müňlerçesini ýaralady. Günbatar we ÝB şol terrorçylara gujak açdy, ählisine bosgunlyk derejesini berdi.

Şu günki günde şol günbataryň Günbatar Rohingiýadaky pajyga dymmak bilen tomaşa etmegi indi hiç kimi gaharlandyrmaýar. Çünki adamlar indi demokratiýa, adam hukuklary, ahlak ýaly adamlaryň günbatar üçin diňe bähbitleri üçin peýdalanylýan serişdelerdigini bilýärler. Rohingiýada başdan geçirilýän zat aslyna seredilende Siriýadaky, Yrakdaky we Liwiýadaky wekilçilikli uruşuň bir görnüşinden ybarat.

Günbataryň esasy harby we ykdysady güýji Hytaýyň ykdysady güýç hökmünde beýgelmegini we Ýüpek ýoluny iş ýüzüne geçirmegini islemeýar. Bütindünýä deňiz söwdasynyň ýarysyndan gowragy Arakan bogazyndan geçýär. Arakan bogazynyň golaýyndan Hytaýa gidýän nebit we tebigy gaz turbalary geçýär. Hytaý üçin iňňän möhüm bolan şol iki energetika liniýasyna howp abanmagy Hytaýyň ykdysadyýetini durnuksyzlaşdyrar.

Şol turba geçirijileri Rohingiýadan geçýär we Mýanma döwleti garaşsyzlygyny alan gününden bäri Rohingiýa musulmanlaryna güýçli basyş edýär. şol basyş 2010-njy ýyldan bäri gyrgynçylyk we etniki saplaýyş derejesine çenli baryp ýetdi. Çaknyşyk, çaknyşyga sebäp boldy we birdenkä açlyga garşy göreşýän Rohingiýada döwrebap we gymmat ýaraglar bilen üpjün edilen terror guramasy ýüze çykdy. Şol terror guramasy hamala Rohingiýalaryň hukuklary üçin göreşmelidi. Emma guran aksiýalary arakanlylara ölüm we sürgün bolup dolandy.

Hytaýyň esasy turba geçirijileriniň we deňiz ýoly bilen edýän söwdasynyň 80 göterimine barabar bölegini Arakan bogazy arkaly amala aşyrmagy ony howp hökmünde kabul eden ykdysadyýetine täze çäre tapmaga gönükdirdi.

Owganystana we Yraga hamala diýersiňiz köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny ýok etmek üçin baran günbataryň güýçleriniň maksadynyň diýseň tapawutlydygy ýüze çykdy. Atom we köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň bolmandygy ýüze çykandan soň günbatarly esgerleriň entegem şol ýurtlarda näme işleýändigini soraýan intelligensiýanyň bolmazlygy nähili geň zat.



Degişli Habarlar