Türkiýäniň we Ýewraziýanyň gün tertibi

Pakistandaky soňky wakalar

Türkiýäniň we Ýewraziýanyň gün tertibi

Pakistanyň Ýokary kaziýeti ýaňy ýakynda Pakistanyň Premýer ministri Nawaz Şerifi wezipesinden boşatdy. Biz hem synymyzyň bu günki sanynda Pakistandaky soňky wakalar we onuň sebite ýetirýän täsirleri hakynda maglumat bermekçi.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň asisenti Jemil Dogaç İpegiň mesele hakyndaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Pakistanyň 5 agzadan ybarat bolan Ýokary kaziýeti 2017-nji ýylyň 28-nji iýulynda kabul eden karary bilen Pakistanyň Premýer ministri Nawaz Şerifi wezipesinden boşatdy. Şeýlelikde häzire çenli Pakistanyň Premýer ministri bolan 17-nji premýer ministrden soň 18-nji premýer ministri hem 5 ýyllyk iş möhledini tamamlamazdan wezipesinden çekilmeli boldy.

Nawaz Şerif Pakistanyň esasy firmalaryndan biri bolan “Hyzmatdaşlyk” holdinge eýeçilik edýän Şerif maşgalasynyň agzasydy. 1949-njy ýylda Lahor şäherinde dünýä inýär. Lahor we Penjap uniwersitetlerinde ýokary bilim alýar. Birinji gezek 1990-njy ýylyň 1-nji noýabry bilen 1993-nji ýylyň 18-nji iýuly aralygynda, ikinji gezek 1997-nji ýylyň 17-nji fewraly bilen 1999-njy ýylyň 12-nji oktýabry aralygynda Pakistanyň Premýer ministri bolup işledi. Nawaz Şerif 2013-nji ýylyň 5-nji iýunynda hem üçünji gezek Pakistanyň Premýer ministrligine saýlandy.

Pakistanyň syýasatyna doly düşünmek diýseň kyn. Sebäbi Pakistanyň syýasaty diýseň çylşyryml. Şol çylşyrymlylyk umuman alnanda kolonýalizmden soňky döwletlerde görülýär we ýerli syýasy gurluşygyň ýokdygy, syýasy guramalaryň aç-açan bolmazlygy we  goşun bilen buýrokratiýanyň roly sebäpli emele gelýär. Pakistanyň syýasatynyň esasy özboluşlylygy ýokary çinli esgerlerden, tejribeli buýrokratlardan, tanymal täjirlerden, kaziýet işgärlerinden we din adamlaryndan ybarat boýrokratik ulgamyň täsirli bolmagydyr.

Panama resminamalary Pakistanyň buýrokratik ulgamyna, hökümeti çykgynsyz ýagdaýa getirmek mümkinçiligini berýär. Panama resminamalary dünýä derejesinde diýseň täsirli boldy. Argentinanyň Prezidenti Maurikio Makri we Ukrainanyň Prezidenti Petro Poroşenko ýaly ozalky we häzirki 12 döwlet baştutany we Hytaý Halk Respublikasynyň döwlet başlygy Şi Sinpingiň bajasy bilen Pakistanyň Premýer ministri Nawaz Şerife şol resminamalar ýaramaz täsirini ýetirdi. Şerifiň hossarlary salgyt tölemezlikde we galplyk etmekde aýyplanýar. Panama resminamalary beýleki döwletleriň tersine Pakistanyň syýasatyna çuňňur täsirini ýetirdi.

Ýokary kaziýetiň gozgan işi hem jedelli. Şerif Ziýaul Hak tarapyndan güýje girizilen Pakistanyň konstitutsiýasynyň 62-nji maddasynyň 1-nji bendiniň f bölegindäki hökümlere laýyklykdea syýasy gadagançylyk goýuldy. Şol madda raýaty ynamdar we dogruçyl bolmandygy üçin milli ýa-da sebitleýin mejlislere agza bolmakdan mahrum edýär. Aslyna seredilende şerif Panama resminamalary bilen gönüden arabaglanşykly däl. Emma çagalarynyň arabaglanşygy sebäpli günäkärlemeler Şerifede täsirini ýetirdi. Ýokary kazyýetiň karary bilen Şerif, üç çagasy, körekeni we şol bir wagtda ýakyn garyndaşy hem-de Maliýe ministri İshak Dara ömür boýy syýasat gadagançylygy goýuldy. Ýokary kazyýet Pakistanyň galplyga garşy göreş edarasy bolan Milli hasabat ofisiniň Nawaz we maşgala agzalary barada derňew işini geçirmegine karar berdi.

Pakistanda Ýokary kazyýetiň kabul eden kararynyň aňyrsynda Tahir Kadri guramasynyň bardygy beýan edildi. Pakistandaky Tahir Kadri guramasy bilen Türkiýedäki FETÖ guramasynyň arasynda täsin meňzeşlikler bar. Pakistandaky Tahir Kadri özüni şyhulyslam hökmünde tanadýar, mekdepleri bar, jemagaty bar, şol bir wagtda-da syýasy ýolbaşçy. Uzak ýyllaryň dowamynda metjitde mollalyk edip, wagyz berenden soň Kanada ýerleşýär, soň ýurdundaky tarapdarlaryny saýlanan hökümete garşy herekete geçirýär. Jemagatyň lideri bolan Tahir Kadri ýurdunda howpsyzlyk şertleriniň ýokdugyny öňe sürüp, uzak ýyllardan bäri Kanadada ýaşaýar. Saýlaw ulgamyna sarpa goýmaýan Kadri 2014-nji ýylda tarapdarlaryny köçä çykmaga çagyrdy, wakalar adam pidalary bilen tamamlandy. Dinara dialog pelsepesini ykrar eden Kadri dürli jemgyýetçilik guramalary arkaly güýçlenmegi maksat edinýär, halkara guramalaryndan hem goldaw alýar. Jemagatyň ýokary derejeli adamlarynyň Pakistanda kazyýet we hukuk goraýjy edaralarda ýokary wezipeleri eýeleýändigi öňe sürülýär.

Pakistanda başdan geçirilýän wakalaryň aňyrsynda Tahir Kadriniň durup durmaýandygy doly anyklanmady. Emma nähili bolanda-da şu günki günde Pakistanda brýurokratiýanyň güýji we täsiri syýasy ulgamda esasy mesele. Bu mesele dowam edýär, çünki syýasy ulgamda özüni goldajak amatly şert tapýar. Aç-açanlygyň ýetmezçiligi, garaşsyz kazyýetiň, goşuna syýasy gözegçiligiň bolmazlygy, birsydyrgyn artýan gatlak tapawudy we düýpli demokratiýanyň bolmazlygy Pakistanyň syýasy ulgamyny daşky täsirlere açyk ýagdaýa getirýär.

Türkiýäniň Pakistan bilen bolan gatnaşyklary Pakistanyň 1947-nji ýylyň 14-nji awgustda garaşsyzlygyny alan gününden bäri ýakyn dostluk we doganlyk esasynda başlaýar. 2017-nji ýylda Türkiýe bilen Pakistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň açylmagynyň 70-nji ýyllygy mynasybetli iki ýurtda dürli çäreler geçirilýär. Pakistanyň bar bolan düýpli ulgamlaýyn meseleleriniň çözülmegi iki ýurduň gatnaşyklarynyň hasam ösmegine goşant goşar.



Degişli Habarlar