Dost-Doganlygyň Taryhy

ÄLEMDAGDA BIR ÝYLAN BAR –SAIT FAIK ABASYÝANYK

Dost-Doganlygyň Taryhy

„Älemdagda bir ýylan bar“ atly eseri ýazan ýazyjy, Sait Faik Abasyýanyk, 1906-njy ýylyň 18-nji noýabrynda, Türkiýäniň, Adapazary diýen ýerinde dünýä inýär. Çagalyk ýyllaryny hem Adapazarynda geçiren ýazyjy, başlangyç bilimi Rehber-i Teraki liseýinde alýar. Okuwynyň galanynyň bir bölegini Yssambyldaky erkekleriň liseýinde, beýleki bir bölegini bolsa Bursadaky liseýde tamamlaýar. Ýokary bilimini Yssambyl unwersitetiniň Edebiýat fakultetiniň Türkologiýa bölüminde başlan hem bolsa, iki ýyl soňra, kakasynyň islegi bilen ykdysadyýet ugrundan bilim almak üçin Wenetsiýa baryp şol ýerden hem Şweýsariýa gidýär. Az wagtlyk hem bolsa Lozannada ýaşandan soňra, Fransiýanyň Grenobl şäherine gelýär. Hem sungat adamy bolyp ýetişmegi hem-de şahsyýetiniň kemala gelmegi babatynda örän uly täsir galdyran we onyň göwnünden turan Fransiýadaky şol şäherde üç ýyl ýaşaýar.     

Fransiýadan yzyna gaýdyp gelenden soň, belli bir wagtlap “Halyjyoglu Ermeni ýetimler mekdebinde” türk dili mugallymy bolyp işleýär. Çaga wagtyndan bäri kakasynyň täjir bolmagyny isländigi üçin kakasynyň zor salmagy bilen söwdagärlige başlaýar we işi gaty bir rowaç alyp gitmeýär. 1939-njy ýylda kakasy aradan çykandan soňra, güzeranyny galamyň arkasyndan görmekligiň ýollaryny agtarmaga başlaýar. Az wagtlyk hem bolsa “Habar” gazetinde habarçylyk edýär.

Entek mekdepde okaýan döwründe ýazmaga başlan Sait Faik Abasyýanyk, ilkinji goşgysyny “Mekdep” atly jurnalda, 1925-nji ýylda çap edýär. Ilkınjı makalasyny, „Milliýet“ atly gazetde, „Batbörekler“ ady bilen 1929-njy ýylda çap etdirýär. 1934-nji ýyldan başlap, bar işini-güýjini taşlap hekaýa ýazmaga başlan ýazyjy, deňizi, zähmetkeşleri, çagalary, gallaçlary, işsizleri we balykçylary sada, şahyrana dil bilen beýan edip, türk edebiýatynda, hekaýa ýazmagyň, sözüň doly manysynda, täze usulyny döredýär. 1953-nji ýylda, häzirkizaman edebiýatyna goşan uly goşandy üçin ABDniň Halkara Mark Twen jemgyýeti tarapyndan jemgyýetiň hormatly agzalygyna saýlanýar.     

Sait Faik Abasyýanyk, türk edebiýatynda öçmejek yz galdyrmak bilen 1954-nji ýylyň 11-nji maýynda panydan bakyýa göç edip, ýurdyny tazelemezden öň „Samawar“, „Sarnyç“, „Gazyk tokmagy“, „Gereksiz adam“, „Şäherçäniň çaýhanasy“, „Howadaky bulut“, „Oýunçylar topary“, „Howuzyň başy“, „Soňky guşlar“, „Älemdagda bir ýylan bar“, „Şekeri az“ ýaly hekaýalary bilen „Medary maişet motory“ ýa-da ikinji gezek çap edilen wagtyndadaky ady „Birsüri adamlar“, „Ýitik gözlenýär“ romanlary, „Söýme wagty geldi“ atly goşgulary, „Ötükdäki çaga“, „Kazyýetiň gapysy“ habar görnüşli hekaýalary bilen „Balykçynyň ölümi – Ýaşasyn edebiýat“, „Alaň-açyk myhmanhana“, „Gorkynç otly“, „Söýgülä ýazylan hat“ ýaly köp sanly eseri halkyna galdyryp gidýär.

Sait Faik Abasyýanygyň eserleriniň içinde iň ady belli hekaýasy hasaplanýan „Älemdagda bir ýylan bar“ atly eseridir. Şol eseri bilen adybir çap edilen kitabyna birnäçe hekaýasy girizilipdir. Bu kitap jemi on ýedi hekaýadan ybarat. Şol hekaýalar bolsa kitapdaky berilişiniň yzygiderliliginde „Şeýle bir hekaýa bar“, „Ýekeligiň döreden adamy“, „Älemdagda bir ýylan bar“, „Panjonyň düýşi“, „Melahatyň heýkeli“, „Ýani ussa“, „Iki adama bir hekaýa“, „Ryza milýon är“, „Çyrmaşykly öý“, „Eftalikusyň çaýhanasy“, „Eý, eý“, „Neçjar balygynyň ölümi“, „Kelle we çüýşe“, „Bazara baryp bilmen“, „Dolapdere“, „Bir kesel“, „Ýylanyň ukysy“ ýaly hekaýalardan ybaratdyr.

„Älemdagda bir ýylan bar“ atly hekaýasynda, Yssambylyň dar köçelerini, köşgi-eýwanyny taryp eden wagty olaryň ýetirýän ýaramaz täsirleri hakynda gürüň berýär. Ýaramaz täsirlerden gutulmak üçin hyýalyndaky dosty Panjo garaşyp, tebigata çykmak üçin howlugyşyny suratlandyrýar. Yssambylyň köşgü-eýwanlarynyň bardygyna garamazdan, adamlarda ilki başda döremgi gerekli bolan adama bolan söýgüniň iň soň ýüze çykýandygyndan gürrüň berýär. Älemdagyň daglaryna çykan wagty şol ýeriň tebigatyny taryp edip, ýazan hekaýasynda esasy orun tutýan Yssambyl we onyň töweregindäki baý tebigaty, dosty hasap edýän Panjo we özüniň hyýal güýji bilen oňa berýän we onda bardygyna ynanýan başarnyklary. Onyň dosty bilen Älemdaga giden wagty şäheriň köpçüliginden gutylyp, tebigatyň gujagyna özüni atyşy hakynda, şäherdäki adamlaryň, gyzyl çaýylan krowatda iki bolup ýatan wagtlary hem ýekeligiň elinden gutulyp bilmän gara güne galýandygyny ýazýar.

Dosty Panjo bilen Älemdaga gezmäge giden wagty, şäheriň şowhun we şagalaňyndan daşlaşyp, dagyň daşlarynyň arasynda, gyşyň güni hem bolsa, gezen wagty Älemdagyň gözelligini, guşuny-gumrysyny, dagyny-daşyny, ýylanyny, dagdan gözbaş alyp gaýdýan „Daşydeşen“ çaýynyň akyşyny, çaýa suw içmäge gelen towşany, haýsydyr bir ýylany, gara jokjokyny, käkiligi taryp edýär.   

Älemdagyň gözelliklerini görüp, göwnüni galkyndyryp yzyna Yssambyla gaýdyp gelen wagty, şäheriň içindäki böreň-böreň hapa suwlary, içýakgyç kireýkeşleriň, hapa suwlary köçede ýöräp barýan adamlaryň üstüne bilgeşleýin syçratmak üçin jan çekişlerini, bir aýalyň bäşinji gatyň äpişgesinden aşak pişigi atyşyny, adamlaryň şol haýwana gynanyşlaryny, Yssambylyň göwün çökgünlügine getirýän ýagdaýlaryny gören wagty ýene-de şol Älemdagy ýatlap, ol ýerdäki towşany, käkiligi, ýyly, emma endamyňy dygladýan ýylmanak ýylany, gara jokjokyny, Älemdagyň göwsüni böwsüp inçelip akýan „Daşydeşen“ çaýyny ýatlap, öz-özüne göwünlük bermek bilen hekaýasyny ýazyp gutarýar.

Hekaýalarynda ak göwünliligi, adamkärçiligi wasp eden ýazyjy, diňe bir eserlerinde däl, eýsem durmuşynda hem ähli hany-manyny ýetimlere bagyşlap ynsanperwerlik nusgasyny görkezip gidipdir.

 


Etiketkalar: Adapazary , türkologiýa , dogan , dost

Degişli Habarlar