Aktual Analiz

Dünýäde terrorizm

Aktual Analiz

Haşhaşylar dünýäniň iň bir köne terror guramalaryndan biri. Günbatarlylar tarapyndan Assassins atlandyrylýan şol gurama bir adamlyk terror aksiýalary bilen tanalýardy. Gylyç, ýaý we şol göwrümdäki ýaraglaryň göterilmesi gadagan bolandygy üçin Haşhaşiler duşmanlaryny götermesi we gizlemesi ýeňil bolan pyçak bilen öldürýärdi.

Hasan Sabbahyň Seljuk döwletine garşy döreden guramasy wagtyň geçmegi bilen hakynatutma ganhorlar sürüsine öwrüldi. Haçparaz rysarlary bilen birlikde köp sanly güýç merkezi şol terror guramasyndan peýdalandy. Haşhaşileriň ldieri Hasan Sabbahyň dünýäniň syýasat sahnasyna ornaşdyran ulgamlaýyn terrorizm wagtyň geçmegi bilen döwrüň şertlerine görä özgerdi. Terrorizm käte jansyzlar arkaly, käte kamikazeler arkaly aksiýalar gurady. Şeýle wagşy usullar bilen biziň günlerimize çenli gelip ýetdi. Terrorizm dünýäniň özgerýän döwürlerinde ýüz tutulýan esasy basyş argumentlerinden biridir. Hytaýdan Demirgazyk Ýewropa çenli güýç, häkimiýet we sermaýa söweşlerinde terrorizm elmydama frontuň alynky hatarynda orun eýeledi.

1991-nji ýylda Yragyň hyzmatdaş güýçler tarapyndan basylyp alynmagyndan bäri sebitde birnäçe terrorçy gurama döredi. Şol terrorçy guramalar esasanda Ýakyn Gündogarda “basyp alyjy” hökmünde görýän hyzmatdaş güýçlerini we şolaryň ýerli hyzmatdaşlaryny nyşana aldy.

Ýakyn Gündogara sygmadyk terror guramalary wagtyň geçmegi bilen öz arasynda bölündi we kristallaşdy. Dörän her bir gurama özünden ozalkysyndan has wagşy boldy.

Hökmürowan güýçler ýa-da başga bir söz bilen aýdylanda döwletler şol terror hüjümlerine garşy göreşi güýçlendirdigi saýyn, terror guramalary hem başga ýollara ýüz tutdy. Döwrebap döwletler goranyş mehanizmlerini güýçlendirdigi saýyn terrorizm edil şonuň ýaly hüjüm argumentlerini we ýaraglaryny has-da ýönekeýleşdirdi.

Şu günki günde musulman dünýäsiniň we käbir Ýewropa döwletleriniň başyna bela bolan terror guramasy DAİŞ-iň tas ähli ýolbaşçylarynyň ÝB-ne agza ýurtlaryň, ABŞ-nyň we Kanadanyň raýaty bolmagy iňňän möhüm mesele.

Sosiologlar we sosial psihologlar bilen birlikde din sosiologiýasy boýunça hünärmenler bu meselede düýpli barlaglar geçirmeli. Şolar eşretli durmuşda ýaşaýan fransuzyň, nemesiň ýa-da norwegiýalynyň Siriýada, Yrakda agyr durmuş şetlerini saýlap alyp, soň hem ölüme gidýän ýolda bir taraply petek almagynyň sebäbini düşündirmäge mejbur. Günbataryň terrorizme garşy gören çareler netijesiz. Ähli tehnologik mümkinçilikler, holografik barlaglar çäresiz galýar. Terroristler oýlap tapan “Täze nesil terror” usuly bilen öwrenşilen ahli ýaraglary bir gyra goýdular.

İndi adamyň zerur bolan isleglerinden terror argumenti we logistikasy hökmünde peýdalanýarlar. Ýüzlerçe milliard dollarlyk howpsyzlyk diwarlary Täze nesil terroryň öňünde biçäre bolmagynda galýar. Fiziki we eloktronik diwarlar kagyzdanam inçe we çydamsyz boldy.

Täze nesil terrorizmiň terrorçysy hem tapawutly. Köne usulda, lagerlerde tälim berilen, Rambo ýaly muskully, türgen däl. Terror guramalary indi tarapdar ýygnamak, olary taýarlamak üçin sarp edýän çykdajylaryny hasapdan öçürdiler. İndi rehimsiz terrorçy çeýe, muskully, türgen we bürgüt garaýyşly däl. Diýseň gowşak, hat-da ýüz metr ylgasa demi tutuljak derejede çilim çekýän, arak içýän we neşe çekýän bir adam täze nesil terrorçy bolup bilýär.

Soňky gezek Barselonada guralan hüjümde hem görüşimiz ýaly terrorçylaryň ýarag ulanyşy hem indi ussatlarça däl. Şäherdäki çaknyşyklaryň ählisinde öldürilýärler.

Ýekelikde ýa-da köçe çaknyşyklarynda şeýle ukypsyz bolan täze nesil terrorçy has uly we gymmaty bolmadyk aksiýalary gurap bilýär.

Ýewropada guralýan şol täze hüjüm usulyny amala aşyrýanlaryň ählisiniň Ýewropanyň raýaty bolmagy aýratyn üns berilmeli beýleki bir mesele.

Täze nesil terrorçynyň ýaragy indi sapança, bomba ýa-da tüpeň däl. Her bir ýurtda kanuny bolan hereketlendirijili ulaglar terrorizmiň täze ýaragy hökmünde peýdalanylýar.

Dünýä bu howpa näderejede göz ýetirýär ony bilemok, ýöne görülýän çärelere seredilende umydym galmaýar.

Ýewropada şeýle hüjümlere garşy görülýän çäreler atylan gülläni kagyz bilen tutmaga synanşmak ýaly.

Dünýä we hususanda Türkiýäniň iki tarapy bolan Ýewropa we Ýakyn Gündogar gynansagam şol täze terroryň iş meýdanyna öwrüldi.

Terrorçylar ýa bir ulag bilen asuda ilata hüjüm edýär, ýa-da Hasan Sabbahyň şägirtleri ýaly pyçak bilen aksiýa guraýarlar.

Dünýä bu täze nesil terrorizm boýunça hiç hili tejribä eýe däl. Ýöne täze hyzmatdaşlygyň döredilmegini hem islemeýärler.

Mysal üçin Türkiýäniň İnterpol arkaly gözleýän ganhor terrorçylaryna ähli ýeňillik döredilýär. Hiçbir şertde saklamaýarlar. Ýa-da DAİŞ-iň düzümine goşulan öz raýatlary barada hiç hili maglumat bermeýärler. Türkiýe tarapyndan ele salynan DAİŞ terrorçylary barada maglumatyň owuntygynam bermeýärler. Şol manysyz we düşnüksiz çaknyşyk ýa-da çekeleşik terror guramalarynyň işini ýeňilleşdirýär. Şeýlelikde terrorçylar Ýewropada asuda ilata garşy ähli görnüşdäki hüjümleri arkaýynlyk bilen gurap bilýär.



Degişli Habarlar