Türk Dünýäsinden Habarlar

Türk dünýäsiniň tapawutly ýerlerinden bize gelip gowuşan möhüm wakalar bilen bagly habarlar

Türk Dünýäsinden Habarlar

Ilkinji habarymyz Türkiýäniň Izmir welaýatyndan.

Tatarystanyň Wise-premýeri, Senagat we söwda ministri Albert Karimow: “Türkiýäniň iň ösen sebitlerinden biri bolan Izmir bilen hyzmatdaşlyk etmäge isleglidiris” diýdi. Izmiriň söwda senagat palatasynyň ýolbaşçylygynda Izmir-Tatarystan işewürler forumy geçirildi.

Karimow işewürler forumynda eden çykyşynda Türkiýäniň Tatarystan üçin örän möhüm söwda, ykdysady we medeni hyzmatdaşydygyny belläp, geçen ýyl Türkiýe bilen edilen daşary söwda kuwwadyň 200 million dollardan geçendigini nygtady. Bu kuwwady has hem ösdürip boljak mümkinçilige eýediklerini aýdan Karimow Türkiýäniň iň ösen zolaklaryndan biri bolan Izmir bilen hyzmatdaşlyklaryny özgertmek üçin isleglidiklerini habar berdi. Karimow iki ýurdyň arasynda medeniýet we din bilen birlikde ençeme meňzeş tarapyň bardygyna ünsleri çekip, şu gün baglaşyljak ylalaşyklaryň meýilnamalaryny we taslamalaryny has hem konstruktiw ýagdaýda geçirjekdiklerini belledi.

Tatarystanyň Söwda we senagat palatasynyň başlygy Şamil Ageýew hem ençeme gezek Türkiýäniň ykdysadyýetiniň nähili derejede dinamiki ýagdaýda özgerýändigine şaýat bolandyklaryny belläp, türk işewür adamlarynyň Tatarystanda üstünlikli ýagdaýda iş alyp barýandyklaryny mälim etdi we “Her ugurda hyzmatdaşlyk edip bileris” diýdi.

Izmiriň Söwda palatasynyň Ýerine ýetirjiler geňeşiniň başlygy Ekrem Demirtaş bolsa Tatarystan bilen Türkiýäniň ozaldan bäri gowy gatnaşyga eýedigini nygtady. Izmiriň 4 million ilaty bilen Türkiýäniň iň uly 3-nji şäherdigini aýdan Demirtaş şäherde 13 guramaçylykly senagat zolagynyň, 2 erkin zolagynyň, 4 tehnologik ösüş zolagynyň bardygyny aýdyp: “Egeýde öndürilen pamyk, injir, üzüm, temmäki, zeýtun we zeýtunýagy ýaly önümler ýokary derejeli hilleri bilen dünýä meşhur bolup, olar Egeý oba-hojalyk senagatynyň esasyny emele getirýär. Ýagny kelläňize gelip biljek ähli ugurda hyzmatdaşlyk etmäge isleglidiris we biz oňa taýardyrys” diýdi

Çykyşlardan soň Tatarystanyň Söwda we senagat palatasy bilen Izmiriň Söwda we senagat palatasynyň arasynda Dogan palatasy şertnamasy baglaşyldy. Tatarystanyň Maýa goýum agentliginiň başlygy Taliýa Minullina Tatarystanyň ykdysady mümkinçiligi bilen baglanşykly taýarlap gelen nutugyny okady. Programanyň çäginde izmirli we tatar firmalarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

 

Gepleşigimizi Gazagystandan gelip gowuşan habarymyz bilen dowam edýäris. Gazagystan 6 aýda 7,3 million tonna nebit rafinirledi.

Gazagystanyň şu ýylyň ilkinji ýarymynda rafinirlän nebit mukdarynyň 5,4 göterim artyp, 7 million 338 müň tonna ýetendigi mälim edildi.

Gazagystanyň Energetika ministrliginden berilen beýanatda şu ýylyň ýanwar-iýun aýlary aralygynda Pawlador nebit we himiýa fabrikasynda 2 million 648 müň tonna, Nebit Gazagystan Oil fabrikasynda 1 million 895 müň tonna, Atyrau fabrikasynda 2 million 508 müň tonna  we beýleki kiçiçär fabrikalarda 287 müň tonna bolmak bilen jemi 7 million 338 müň tonna nebiti gaýtadan işländigi habar berildi.

Ady agzalan döwürde ýurtda 1 million 544 müň tonna benzin, 110 müň tonna uçar ýangyjy, 2 million 127 müň tonna dizel we 1 million 515 müň tonna  beýleki ýangyçlary öndürendigi mälim edildi.

Öndüren nebitiň uly bölegini eksport eden Gazagystan soňky döwürde nebit rafinirleme işleriniň ýurdyň öz içinde edilmegine ähmiýet berýär.

 

Nobatda Özbegistandan gelip gowuşan habarymyz bar. Gazagystan bilen Özbegistanyň arasynda goranyş ugurunda hyzmatdaşlyk.

Özbegistanyň we Gazagystanyň Goranmak ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk meýilnamasyna gol çekildi. Özbegistanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanata görä Gazagystanyň Goranmak ministri Saken Jasuzakow bilen Özbegistanyň Goranmak ministri Kabul Berdiýew paýtagt Daşkentde duşuşdy. Duşuşykda Özbegistan bilen Gazagystanyň arasyndaky harby hyzmatdaşlygy ele alan iki ministr sebitdäki harby-syýasy ýagdaýy gözden geçirdiler. Duşuşykdan soň Berdiýew we Jasuzakow iki ýurdyň Goranmak ministrlikleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň has hem ösdürilmegini öz düzüminde jemleýän goranyş hyzmatdaşlyk meýilnamasyna gol çekdiler.



Degişli Habarlar