Aktual Analiz

Barak Obamanyň häkimiýetiniň soňky aýlary

Aktual Analiz

Barak Obamanyň häkimiýetiniň soňky aýlarynda Demirgazyk Ýewropa, Balkanlar we Gara deňize kenardaş hyzmatdaş ýurtlary ýarag ammaryna öwüren gününden bäri gelýän tupana ünsleri çekmäge synanşdyk. Türkiýäniň Prezidenti Erdogan howpa göz ýetiripdi we Türkiýäniň ýarag ammaryna öwürlmegine ýol bermedi.

Ýyldyrym Baýezyt uniwersitetiniň Taryh bölüminiň mugallymy Erdal Şimşegiň meselesi baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

2016-nji ýylyň 8-nji iýulynda Polşanyň paýtagty Warşawada geçirilen “NATO-nyň döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň maslahatyna” gatnaşan Erdogan Türkiýäniň Gara deňizi ýakasyna NATO-nyň harby bazasynyň gurulmagy baradaky teklibini ýerlikli sebäpler bilen kabul etmedi. Erdoganyň şol strategik göçüminden soň Russiýa Federasiýasy Türkiýe bilenbolan syýasy we diplomatik dartgynlyklaryny dessine bes etdi.

Russiýanyň Prezidenti Putin Erdoganyň parahatçylyk eline, elini uzatdy. Putin Erdogana ugradan jogap hatynda iki ýurduň arasynda ýüze çykan uçar dartgynlygynyň esasy sebäpkäriniň başga güýçlerdigini beýan etdi. Türkiýe bilen bes eden ähli ykdysady, syýasy we strategik gatnaşyklaryny ýaňadandan ýokary depginde başlatdy.

Putiniň Erdoganyň parahatçylyk islegine şertsiz jogap bermedi garaňky güýçleri herekete geçirdi. Halkara terror guramasy bolan FETÖ agza terrorçylardan biri Russiýanyň Türkiýedäki ilçisi Andreý Karlowy kameralaryň öňünde öldürdi.

Putin we rus döwlet býurokratiýasy meçew bermelere ýakyn durmady we garaňky oýuny paş etdi. Ýagny pajygaly meçew bermelere garamazdan ösen türk-rus gatnaşyklary gyşarnyksyz dowam etdi.

Türkiýäni we Gara deňiziň Türkiýe kenarlaryny ýarag hem-de ok-däri ammaryna öwürme işi netije bermänden soň garaşylmadyk pursatda Aziýa-Ýuwaş Umman sebitinden Hindi okeanyna çenli bolan sebitde deňize kenary bolan köp sanly ýurtda ykdysady çökgünlikler emele geldi.

Filippinde birdenkä terror guramasy DAİŞ ýüze çykdy. Asudalygyň we parahatçylygyň simwoly bolan Arakanda we Arakan bogazynda terrorçylykly aksiýalar boldy. Hytaý we Ýapon deňizi dartgynlaşdy. Köp sanly ýurt başga ýurtlaryň suw giňişliklerini bozmaga başlady. Bu wakalar dartgynlygyň tarapynda durýan ýurtlarda sosiologik özgerlişiklere sebäp boldy. Jemgyýetlerdäki söweşme islegi hamala diýersiňiz çarpaýa galdy. Howplaryň sebäpkäri hökmünde görkezilýän Demirgazyk Koreýada zähmetkeşleriň, partiýanyň agzalarynyň we ozalky harbylaryň goşunyň hataryna dolanyp barmak üçin meýletin bolandygy baradaky habarlar gelip gowuşmaga başlady. Phenýanyň propoganda çeşmeleri ýüzlerçe müň adamyň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň gazaply beýannamalaryny protest etmek üçin köçelere çykandygyny, 3,5 million raýatyň bolsa goşunyň hataryna goşulmak üçin meýletin bolandygyny habar berdi.

Demirgazyk Koreýadaky şol dartgynlyk Günorta Koreýa hem geçdi. Özüni ýokary howpyň astyna duýýan günorta koreýalylar ýurtda azyk ammalaryny we bombalara çydamly gaçybatalgalary gurdurýar. Koreýalylar uruş howply sebäpli altyn almaga gönükdi we dünýäniň altyn bazary birdenkä herekete geçdi. Günorta Koreýanyň halkynyň altyn sarp edişiniň bäş essesine barabar altyn ýygnandygy gazetlerde ýazyldy.

Demirgazyk Koreýadan atyltan raketanyň 10 minutdan gelip düşjek ýeri bolan Ýaponiýada halk gaçybatalga gurdurmaga başlady. Firmalaryň gaçybatalga isleglerini kanagatlandyryp bilmeýändigi hem ýapon mediasy tarapyndan habar berilýär.

Amerikada-da güýçli hereketlenmeler bar. Trampyň “Ýaragymyz atylmaga taýar” diýlen beýannamasyndan soň Milli howpsyzlyk boýunça geňeşçisi Mk Master “Biz Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaraglary bilen hemle atmagyna garşy öňüni alyjy söweşe taýar” diýdi.

“Ýadro howp” sözi indi dünýäde ynandyryjylygyny ýitirdi. Çünki Amerikanyň şol wagtky hökümeti Yragyň ýadro howp emele getirýändigini öňe sürüpdi we 2001-nji ýylda ýurda hüjüm edipdi. Şol uruşda 1 milliondan gowrak adamyň pida bolandan soň Yragyň ýadro howp bolmandygyny beýan edipdi.

ABŞ-daky we günbatardaky “çetleşdiriji” we ýigrenç jenaýatynyň aç-açan görnüşde işlenmegi öz jemgyýetlerinde nägilelik döretmäge başlady. Günbatar Ýewropada aşa milletparazlyk we ABŞ-daky akýagyz rasizmi bütin dünýä howp salýar.

Russiýada-da şertler tapawutly däl. Rus goşuny uruş howpy sebäpli Ukrainadan Hytaý we Ýaponiýa serhedine çenli ýüzlerçe müň esgerini hüşgär ýagdaýa getirdi. Ýurduň uzak gündogardaky güýçleri “ýokary harby taýarlyk” yglan etdi. Rus goşuny Demirgazyk Koreýadan atylyp, ýalňyş ýere düşmegi ähtimal raketa üçin taýarlyk görülendigini beýan etdi.

Bu taýarlyklaryň gymmaty milliardlarça dollardan geçýär. Şol çykdajylar açlyk meselesine we parahatçylyk üçin sarp edilse, dünýä has eşretli bolar. Şeýlelikde ne bir damja gan, nede göz ýaşy göküler.



Degişli Habarlar