Dost-Doganlygyň Taryhy

Derde derman, düýe çaly

Dost-Doganlygyň Taryhy

Hörele, maýam, hörele,

Hörelemeseň köşele.

Takyr ýerden tagtyň bar,

Ala ýüpden nogtaň bar.

 

Türkmen topragynyň tebigy içgileriniň içinde, tomsyň jöwzaly yssysynda, teşneligiňi gandyryp bilýän içgi bar bolsa, şolaryň biri hem derde derman düýe çalydyr. Düýe süýdünden, düýe çalyndan başga hem agaran alynýar.

 

Aýryl, boýdaş, bu taýdan,

Özüm sagjak düýämi.

Hörele, maýam, hörele,

Hörele, düýäm, hörele

 

 – diýip düýesini sagmak üçin ony hüwdüläp, gazallar aýdyp, söýgüleýän gelin-gyzlarymyz, düýe çalyny taýýarlamak üçin gerek bolan düýe süýdini sagandan soň, uly syrçaly pitilere ýa-da küýzelere guýýarlar. Şondan soňra süýt öz-özünden gazlaşdyrmak we turşatmak üçin 4-12 sagatlap 20-25 derejedäki gyzgynlykda basyrylyp goýulýar. Çalyň agarany bolandan soň, çalyň özüne mahsus ýakymly ysy peýda bolanda çal taýýar diýilip hasap edilýär. Ine, diňe şondan soňra gaby hiç bir tarapa gozgaman, seresaplyk bilen çemeleşip, çalyň ýüzüniň agarany alynýar, çal bolsa şol gabyň içinde galdyrylýar. Şeýlelikde, türkmeniň gadymy we iň gymmat bahaly süýtturşy önümi, ýagny düýe çaly taýýar bolýar.

Halkymyz: “Düýe malym-dünýe malym” diýip, oňa ýokary baha berýär. Düýe süýdüniň nähili keramatly, adam saglygy üçin peýdalydygyny biz türkmen halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan türkmen halk ertekisi “Ak pamykda” hem görüp bilýäris. Erteki-erteki bolýar. Emma ol diňe ýagşy niýeti ündeýän halk döredijiliginiň görnüşi bolmak bilen onda Akpamyk düýe süýdüniň üsti bilen öz doganlaryna täzeden jan berýär.

Diňe bir düýe malynyň süýdiniň däl, eýsem onyň gylyk-häsiýetiniň “Hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz” diýen nakylyň,

 

Uzak-uzak menzile,

Maýa münüp ýetiler.

 

– diýen ýaly şahyrana setirleriň döremegine, howalasy, görki-görmegi “Şasenem-Garyp” dessasyndaky: “Kejebäň çekmäge ak maýa gerek” diýen setirleriniň döremegine getirmek bilen düýe malynyň türkmeniň aňyna, ruhuna siňendiginiň alamatydyr.

Türkmeniň dilinde öz ornyny tapan çal sözi, düýe süýdinden edilen içgiden başga hem ak we gara gatyşykly, kül reňkine meňzeş reňk, saçy, sakgaly agaryp başlan gartaň adam, syk däl, argajy gowşak kakylyp dokalan mata, ýagny çal mata ýaly birnäçe mana eýedir.

Elbetde, türkmeniň dilinde, halk edebiýatynda ýer edinen düýe çaly, türkmenler tarapyndan diňe bir suwsyzlygyňy gandyrmak üçin ulanylman eýsem halk tebipçiliýinde dertlileriň derdini dep etmek üçin derde derman hökmünde hem ulanylypdyr.

 

Dünýe maly diýilen,

Süýdi, ýüňi, eti em.

Ýüňüne näme diýjek,

Ýorgan-düşek, palasdyr.

 

– diýen setirlerden düýe malynyň diňe bir süýdüniň däl, eýsem-de etiniň we ýüňüniň hem emdigini görmek bolýar. Şonuň üçin hem türkmenler düýe etini epgek-gyzgynyň garşysyna göreşmek üçin dermanlyk saýýarlar. Düýe ýüňünden edilen guşaklary hem bilagra, biliň gypjynmagynyň öňüni almak, iç keselleriniň käbirlerini bejermek üçin ulanýarlar.  

 

Aýran içen nähoşam,

Hassalykdan halasdyr.

 

– diýen setirlerden hem belli bolşy ýaly düýe çalynyň, aýranynyň derde dermandygyna şaýatlyk edýän köp sanly rowaýatlardan başga hem häzirkizaman lukmançylyk ylmy tarapyndan tassyklanan we maslahat berilýän ýerleri hem köpdür.

Ýokanç keseller ýokaşan adamlaryň, derdiň zarby bilen birbada ysgyny gaçanda, düýe çalyny içen wagty ysgynyna gelip, ysgynsyzlygy kadalaşmak bilen bolýar.  

Düýe süýdi adamyň bedeniniň berkemeginde bahasyna ýetip bolmajak tebigy içgi hasaplanýar. Onuň düzüminde dürli ýaglar bar. Düýe çaly bolsa teşneligi gandyrmak bilen galman, şeýle peýdasynyň ýany bilen öýkendir-böwrek keselleriniň bire-bir emi hasaplanýar.

Gadym döwürlerde adamlar süýdi jana şypa beriji serişde hökmünde peýdalanypdyrlar. Süýdüň kömegi bilen ençeme keseli bejeripdirler. Süýt aýratyn-da, berhiz tutýan adamlar üçin peýdaly. 

Düýe süýdüniň tagamy sygyr süýdüniňkiden pes däldir. Beloklarynyň köplügi, ýaglylygy babatda düýe süýdi sygyr süýdünden peslär ýaly dal. Düýe süýdüni her halk özüçe peýdalanýar. Aýdaly, araplar düýäniň gatygyny peýdalanyp çörek bişirýärler, dü­ýe süý­dü­ni ma­ma ke­se­li­ni, ýa­ra­la­ry, diş agy­r­ny, aş­ga­zan-içe­ge ke­sel­le­ri­ni be­jer­mek­de, zä­her­le­re gar­şy ula­nyp­dyr­lar. Afrikalylar bolsa peýnir taýýarlaýarlar. Beýleki halklardan tapawutlylykda, türkmenler düýe süýdünden çal tutýarlar.

Çalyň düzüminde adamyň süňňüne ýaramly, oňat, ýakymly täsir edýän köp zatlar bar. Çal, esasan, tomus aýlarynda diýseň peýdaly, suwsuzlygyňy gandyrmak bilen galman, adamyň endamyndaky ýarawsyz zatlary der bilen daşary çykarýar. Düýe çalyny gadym döwürlerden bäri bejeriş serişdesi saýypdyrlar. Ol öýken keseliniň öňüni almakda, aşgazan keseliniň käbiriniň ýok bolup gitmeginde peýdalanylypdyr. Çal endamy berkidýär, taplaýar, iýmit sindirişini gowulandyrýar.  

Halk içinde ýigriminji asyryň altmyşynjy ýyllarynda çopan ýiğidiň aşgazany, içegeleri hylt tapyp, barmadyk lukmany, ýatmadyk hassahanasy galmandyr. Hiç birinden haýyr tapmaýar.

 

Ejesi oglunyň agyr halyny gyýylsa-da:

 

Weýisbaba piridir,

Göýä baky diridir.

 

– diýen setirlere eýerip, “Ozal-a beýik Al­la, galyberse-de Weýis baba sygynyp, enşalla, seni gül ýaly ederis” diýip eme başlaýar.

Ogluna üç mahal düýäniň süýdüni ýyljagy bilen içirýär. Arasynda az-azdan goram içirip durýar. Jany aram tapyp başlaýar, ýarym ýylyň içinde tut ýaly sagalýar.

 

Başyň dik, göwnüň kiçi,

Höräm, höräm, hörelim.

Süýt sagyp, aýran içip,

Hözirini göreliň!

 

– diýip tarypy ýetirilen düýe çalynyň peýdalary ýokarda sananlarmyz bilen çäklenmeýär.


Etiketkalar: toprak , türkmen , süýt , düýe , çal , düýe çaly

Degişli Habarlar