Türk Dünýäsinden Habarlar

Türk dünýäsiniň tapawutly ýerlerinden bize gelip gowuşan möhüm wakalar bilen bagly habarlar

Türk Dünýäsinden Habarlar

Gepleşigimizi Türkmenistandan gelip gowuşan habarymyz bilen başlamak isleýäris.

Guterreş Berdimuhamedowa minnetdarlyk hatyny ugratdy.

BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Guterreş Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk hatyny ugratdy

Orta Aziýa saparynyň çäginde 13-nji iýunda Türkmenistana baran BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Guterreş Türkmenistanyň Prezidenti Berdimuhamedowa hat ugradyp, Aşgabada guran saparynyň dowamynda mähirli garşylama we myhmansöýerligi üçin sagbolsun aýtdy.

Türkmenistanyň Döwlet Habalar Gullugynyň habar bermegine görä Baş Sekretar Guttereş hatynda; durnukly ösüş, üstaşyr geçiş, terrorçylyga garşy göreş, sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ýaly umumy maksatlar ugrundaky tagallalary mynasybetli Türkmenistanyň hökümetine minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň “BMG-niň Terrorizme Garşy Global Göreş Strategiýasynyň” çäginde “BMG-Orta Aziýa Dialogynyň” dowam etdirilmegine berýän goldawynyň möhümdigini nygtan Guterreş; 13-nji iýunda Aşgabatda geçirilen maslahatdan soň kabul edilen jarnamanyň Orta Aziýa ýurtlarynyň ählisiniň BMG bilen terrorizme we beýleki howplara garşy utgaşykly göreş üçin hyzmatdaşlyk etmäge taýardygyny görkezýändigini beýan etdi.

13-nji iýunda Aşgabatda Orta Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda geçirilen “BMG-Orta Aziýa Ýokary Derejeli Dialog Maslahatynda” sebitde ýerleşýän ýurtlara zyýan ýetirýän terror howplary ara alynyp maslahatlaşylyp, terrorizme garşy göreşde hyzmatdaşlygyň dowam etmegi barada bilelikdäki jarnama kabul edilipdi.

 

Gepleşigimizi Özbegistandan gelip gowuşan habarymyz bilen dowam etdirýäris.

Özbegistan we Gyrgyzystan serhet meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň bilelikdäki iş toparlary 9 günüň dowamynda jedelleşikli sebitlerde iki ýurdyň arasyndaky serhetleriň kesgitlenmegi bilen baglanşykly gepleşikler geçirdiler.

Özbegistanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanata görä iki ýurdyň hökümetleri tarapyndan döredilen umumy iş toparlary Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde bir ýere jemlendiler.

Umumy topar Özbegistan-Gyrgyzystan döwlet serhetleriniň kesgitlenmegi bilen baglanşykly gepleşikler geçirdiler.

Dostlyk we doganlyk atmosferasynda geçen gepleşiklerden soň gelinen ylalaşyklaryň netijesinde umumy protokola gol çekildi.

Beýanata görä umumy iş toparynyň özbek wekiliýetiniň başlygy Ilhom Nematow bilen Gyrygyz wekiliýetiniň başlygy Kurbanbaý Iskandarow Gyrgyzystanyň Premýer ministri Sooronbaý Jeenbekow tarapyndan kabul edildi.

Duşuşykda Premýer ministr Jeenbekowa gepleşikler bilen baglanşykly maglumat berildi.

Nematow mundan başgada Wise-premýer Jeniş Razzakow bilen hem serhet meselesini ara alyp maslahatlaşdy.

Özbegistan-Gyrgyzystan umumy iş topary aprel we maý aýlarynda hem serhediň kesgitlenmegi bilen baglanşykly meýdan we topografiýa işlerini gözden geçiripdiler.

Taraplar geçen ýylyň noýabr aýynda Fergana şäherinde geçiren maslahatlarynda garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri iki ýurdyň arasyndaky jedelleşikli 7 serhet araçägi babatynda ylalaşyga gelipdiler, şeýlelik bilen iki ýurdyň arasyndaky ylalaşyga gelinen serhet araçäginiň sany 56-a ýetipdi.

Garaşsyzlyklaryna 1991-nji ýylda eýe bolan Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň arasynda 1378 km uzynlygynda serhet bar. Taraplar garaşsyzlyklaryndan soň başlan serhet kesgitleme işlerinde serhediň 300 km-lik ýerinde entek ylalaşyga gelip bilmediler.

 

Soňky habarymyz Gazagystandan gelip gowuşdy. Gazagystanyň ilaty 18 milliondan geçdi.

Gazagystanyň ilaty 2017-nji ýylyň 1-nji iýunynda 18 million 14 müňe ýetdi.

Gazagystanyň Milli Hasabat guramasy 2017-nji ýylyň 1-nji iýunynda ýurdyň ilaty bilen baglanşykly habarnama çap etdi.

Şoňa görä ýurdyň ilaty geçen ýylyň iýun aýyndan bäri 1,3 göterimlik ýagny 239200 adamlyk artyş bilen 18 million 14 müňe ýetdi.

Ýurdyň ilatynyň 10 million 358 müňi şäherlerde, 7 million 656 müňi bolsa oba ýerlerinde ýaşaýar. 2017-nji ýylyň ýanwar-maý aýlary aralygynda 155 400 çaga doguldy.

Täze dogulan bäbekleriň derejesi geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 6,2 göterim azaldy. 1 ýaşyna çenli çaga ölümleriniň derejesi geçen ýyla garanyňda 16,8 göterim azaldy.

 



Degişli Habarlar