Türk Dünýäsinden Habarlar

Türk dünýäsiniň tapawutly ýerlerinden bize gelip gowuşan möhüm wakalar bilen bagly habarlar

Türk Dünýäsinden Habarlar

Ilkinji habarymyz Gyrgyz Respublikasyndan gelip gowuşdy.

Gyrgyz Respublikasynda Prezident saýlawlaryna gatnaşmak üçin 38 adam ýüz tutdy.

Gyrgyzystanda 15-nji oktýabrda geçiriljek Prezident saýlawlary üçin şu günki güne çenli 38 adam resmi ýagdaýda ýüz tutdy.

Gyrgyzystanyň Merkezi saýlaw komissiýasy tarapyndan berilen beýanatda 15-nji oktýabrda geçiriljek saýlawlar üçin 8-si partiýalaryň liderleri bolan 38 adamyň resmi ýüz tutmalarynyň kabul edilendigi habar berildi.

Arzalary kabul edilen adamlaryň saýlaw kanunyna görä mundan soň özlerini goldaýan 30 müň adamyň goluny komissiýa bermegi, 14 müň dollar banka ýatyrmagy we gyrgyz dili synagyndan geçmegi gerekdigi ýatladyldy.

Ýüz tutmak möhlediniň 1-nji awgustda tamamlanjakdygy aýdylýan beýanatda 15-nji sentýabrda dalaşgärleriň bellige alynjakdygy we 15-nji oktýabra çenli saýlaw kampaniýalaryň dowam etjekdigi habar berildi.

 

Nobatda Gyrgyz Respublikasyndan gelip gowuşan ýene-de bir habarymyz bar.

Türk iş hyzmatdaşlygy we utgaşdyryjy agentligi TIKA Gyrgyz Respublikasynyň Ýusup Balasugun uniwersitetinde Türk medeniýeti merkeziniň çäginde iş alyp barjak uzakdan bilim merkezini gurdy. Merkeze öýjüklerde zeperli DNK-laryň düzeldilmegi bilen baglanşykly üstünlikli işler amala aşyran we himiýa boýunça Nobel baýragyna eýe bolan Prof. Dr. Aziz Sanjaryň ady berildi.

TIKA tarapyndan berilen beýanata görä merkeziň açylyşyna Türkiýäniň Gyrgyzystandaky ilçisi Metin Kylyç, TIKA-nyň Bişkek programasynyň koordinatory Ewren Rutbil, Ýusup Balasugun uniwersitedtiniň rektory Kanat Sadykow we köp sanda metbugat işgäri gatnaşdy.

Merkeziň açylyş dabarasynda çykyş eden ilçi Kylyç Aziz Sanjaryň edil Jengiz Aýtmatow ýaly türk dünýäsiniň umumy gymmatlygydygyny belläp, Türkiýäniň bolşy ýaly Gyrgyzystanyň hem Sanjaryň üstünliklerine buýsanýandygyny we şol sebäpli merkeze onuň adynyň berilendigini habar berdi.

Ýusuf Balasugun uniwersitetiniň rektory Sadykow Türkiýäniň Gyrgyzystana berýän goldawlaryna minnetdarlyk bildirip, merkeziň Gyrgyzystanda ilkinjidigini, durmuşa geçirilen ulgamyň diňe talyplara däl eýsem mugallymlarada peýda getirjekdigini mälim etdi.

Lentanyň kesilmeginden soň Türkiýe bilen ilkinji aragatnaşyga Ýusup Balasugun uniwersitetiniň bilim ugrunda hyzmatdaşlyk edýän Sakarýa uniwersiteti bilen geçildi.

Ýusup Balasugun uniwersitediniň talyplary Sakarýa uniwersitetiniň Türk dili we sosial ylymlar bilimi bölüminiň mugallymy Dos. Dr. Mustafa Altuny türkçe goşgular bilen salam berdiler.

TIKA 2016-njy ýylda Ýusup Balasugun uniwersitetine fizika, himiýa we biologiýa labaratoriýalaryna tehniki babatynda goldaw beripdi.

 

Nobatda medeni dünýämizden habarymyz bar.

Türk dünýäsiniň tapawutly ýerlerinden saýlanan ýaş zehinli oglan-gyzlardan emele getirilen TÜRKSOÝ-yň Ýaşlyk orkestrynyň Balkan gastroly başlady.

Türkiýäniň Ankara şäherinde bir ýere jemlenip, 10 günüň dowamynda özara sazlaşyk işlerini geçiren Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Türkmenistan, Türkiýe, Başgyrdystan we Tatarystan ýaly ýurtlardan gelen ýaş zehnli oglan we gyzlar Balkan turynyň çägindäki ilkinji konserdini Makedoniýanyň paýtagty Skopýe şäherinde berdiler.

Dirižýorlary Anwar Akbarow we Mustafa Mehmandarow bolan orkestr dünýä kompozitorlarynyň we türk dünýäsiniň meşhur aýdym-sazlaryny ýerine ýetirdi. Konsertde Türkiýäniň Makedoniýadaky ilçisi Tülin Erkal Kara, TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Düsen Kaseinow, Azerbaýjanyň Makedoniýadaky ilçisi Faig Bagirow, Türkiýäniň guramadyr-edaralarynyň wekilleri bilen birlikde köp sanda adam gatnaşdy.

Türki dilli Respublikalarynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan konsertde Azerbaýjandan aýdymçy Fikret Amirow, Gyrgyzystandan Seitaly Medetow, Türkmenistandan Röwşen Nepesow, Başgyrdystandan Azamat Hasanşin, Tatarystandan Alsu Sungatullina we Türkiýeden Turgaý Erdener dagylar taýarlap gelen aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Mundan başgada konserdiň çäginde kontrabasçy bolup çykyş eden gazagystanly Birjan Mynbaýewiň “Iligai” atly eseriniň hem premýerasy boldy.

Konsretiň açylyşynda söz sözlän ilçi Kara Türk dünýäsiniň UNESCO-sy hökümden häsýetlendirilýän TÜRKSOÝ-yň gurulanyndan şu günki güne çenli geçiren çärelerinde türki dilli halklaryň doganlyk gatnaşyklaryny güýçlendirmek, türki halklaryň medeniýetini dünýä bilen tanyşdyrmak we geljek nesillere miras goýup gitmek üçin iş alyp barandygyny ýatlatdy.

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Düsen Kaseinow bolsa TÜRKSOÝ-yň gurulanyndan bäri şu günki güne çenli türk medeniýeti hazynasyny goramak we geljek nesillere ýetirmek babatynda möhüm işler edendigini habar berdi.

“Saz ruhy dünýämizi suratlandyrýan ylham çeşmämiz” diýen Kaseinow Balkan turynyň çäginde Ewlady Fatihan topraklaryna syýahat etmekden örän hoşaldygyny belledi. Kaseinow konsert bilen türk dünýäsiniň aýdyz-saz mirasynyň tanyşdyrylmagyna, medeniýetlerarasy parahatçylyk, dostlyk we dialogyň güýçlendirilmegine goşant goşjakdygyna ynanýandyklaryny nygtady.

TÜRKSOÝ-yň Ýaşlyk orkestrynyň Balkan gastroly ýurdyň Ohri şäherindäki konsertinden soň Karadagyň Podgoritsa, Bosniýa-Gersegowinanyň Saraýewo we Mostar, Serbiýanyň Belgrad şäherlerinde dowam eder.



Degişli Habarlar