Türkiýäniň we Ýewraziýanyň Gün Tertibi

Ýewraziýa sebitinde transport gatnawyny ýeňilleşdirmek

Türkiýäniň we Ýewraziýanyň Gün Tertibi

Ýewraziýa sebitinde transport gatnawyny ýeňilleşdirmek ugrunda köp sanly taslama bar. Biz hem gepleşigimiziň bu sanynda Ýewraziýada gatnawy ýeňilleşdirjek taslamalar, Türkiýäniň şol taslamalara goşýan goşandy we onuň sebite ýetirýän täsirleri barada durup geçmek isleýäris.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň asisenti Jemil Dogaç İpegiň mesele baradaky analizini dykgatyňyza ýetirýäris.

Soňky ýyllarda dünýäde ykdysady ösüşiň esasy bölegi gün batardan gündogara geçýär. Şol çäkde Ýewraziýa sebitiniň eýe bolan ähmiýeti hasam artýar. Ýewraziýa sebitinde transport gatnawyny we hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen köp sanly taslama düzülýär. Şol taslamalar esasanda infrastrukturai energetika we geçirijiler bilen bagly. ÝB, ABŞ, Russiýa, Hytaý, Türkiýe ýaly ýurtlar hem şol çäkde täze strategiýalar taýarlaýar. ÝB üçin bolsa şol taslamalaryň täze bir tarapy bar. ÝB Russiýa alternatiw transport liniýalarynyň gözleginde we Russiýa energiýa serişdeleri boýunça bolan garaşlylygyny azaltmagy nazarda tutýar. Şol çäkde ÝB gaýtadan işlenip bilinýän energiýa serişdelerine gönükmegi höweslendiriji maksatnamalary başlatdy. Orta Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmek üçin täze başlangyçlar edýär.

Şol çakde “Ýüpek ýoly ykdysady gulşagy” we “21-nji Asyr deňiz ýüpek ýoly” başlangyjy iki sany möhüm global taslama. Taslamalar Aziýa bilen Ýewropa bazarlaryny birikdirmegi nazarda tutýar. Şol maksada laýyklykda Türkiýäniň agza bolmagyndaky Ýüpek ýoly bankjy we Aziýanyň infrasrtuktura maýa goýum banky döredildi. Şeýlelikde sebitde ýerleşýän ýurtlar we sebitde işjeň pozisiýa eýelemek isleýän döwletleriň berýän maliýe goldawlarynyň bir merkezde jemlenmegi maksat edinilýär.

Türkiýe şol taslamalar üçin diýseň strategik nokatda ýerleşýär. Türkiýe taslamalary goldaýandygyny beýan etdi we degişli taslamalaryny taýarlady. Şol taslamalardan iň aktualy we esasylary Ýewraziýa koridory, Baku-Tibilisi-Kars demir ýoly, Marmaraý we Ýüpek ýoly orta koridory. Şol taslamalar diňe bir Türkiýe ýa-da Aziýa üçin däl, eýsem Ýewropa üçin hem möhüm. Mysal üçin Baku-Tibilisi-Kars demir ýoly we Marmaraý bilen bilelikde Hytaýdan Britaniýa çenli üznüksiz gatnaw ýola goýular. Baku-Tibilisi-Kars demir ýoly golaýda ýolagçy gatnawyny amala aşyrdy. Baku-Tibilisi-Kars demir ýolunyň halkara ugurda ilkinji gatnawyna sentýabr aýynda başlamagy meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda ulanylýan Baku-Tibilisi-Erzurum tebigy gaz turba geçirijisi we Baku-Tibilisi-Jeýhan nebit geçirisiji hem Türkiýäniň eýeleýän pozisýasyny görkezýär.

Baku-Tibilisi-Kars demir ýolunyň beýleki bir maksady bolsa täze energiýa koridoryny döretmek. Azerbaýjanyň nebit önümleriniň şol ugur bilen bütin dünýä ýetirilmegi nazarda tutulýar. Şeýle-de Türkiýe bilen Orta Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky bar bolan gatnawyň esasy bölegi şol ugur boýunça amala aşyrylar. Baku-Tibilisi-Kars demir ýoly Ýewraziýadaky ykdysady gatnaşyklary hasam güýçlendirer. Ol, diňe bir demir ýoly taslamasy däl, eýsem taryhy ýüpek ýoluny ýaňadandan dikeldiljek, sebitde ýerleşýän ýurtlar bilen ykdysady, sosial we medeni gatnaşyklary ösdürme taslamasy. Baku-Tibilisi-Kars demir ýoly bilen Ýewropa we Türkiýe-Gürjistan-Azerbaýjan ugrundan Orta Aziýa bilen Uzak Gündogaryň arasynda demir ýoly arkaly durnukly ýük hem-de ýolagçy gatnawy amala aşyrylar. Şeýlelikde demir ýol gatnawynyň howpsyz hem-de amatly şertleri Ýewraziýa sebitindäki ýurtlaryň söwda mukdarlarynyň artmagyna goşant goşar.

Şol taslamalar dolulygyna seljerilende käbir howplar we pursatlar ýüze çykýar. Owganystandaky durnuksyzlyklar, gümrük şertleriniň we düzgünleriniň utgaşdyrylmagy, Hazar deňiziniň hukuk derejesi bilen bagly düşnüşmezlikler üns çekiji howplar. Häzirki wagtda sebiriň tehniki we hukuk binýagy doly utgaşyklyk üçin amatly däl. Türkiýe hukuk binýadynyň döredilmegi üçin 2009-njy ýylda Bakuwda gümrük işleri boýunça geçirilen “Kerwensaraý taslamasyny” teklip edipdi. Şol teklibe oňyn garaýyşlar hem beýan edildi. Kerwensaraý taslamasy gümrük düzgünleriniň ýeňilleşdirilmegi ugrundaky tagallalary goldaýar. Şol taslama häzirki wagtda synag tapgyrynda. Bu başlangyçlar oňyn netijelenen halatynda sebitleýin ösüşe uly goşant goşar. Uzak möhletde Ýewropa bilen Ýewraziýanyň arasynda köp ugurly ykdysady gatnaşyklar öser.

Ýewraziýa dünýädäki täze konýenktura bilen birlikde global syýasatda we ykdysadyýetde has-da öňe saýlanýar. Şeýlelikde Ýewraziýa ýurtlarynyň sebitleýin başlangyçlary we sebitleýin mehanizmleriň döredilmegi iňňän möhüm hadysadyr. Türkiýe bu sepgitde hem ýeňilleşdiriji hem-de baglanşdyryjy pozisiýa eýeleýär. Türkiýe güýçli deňiz porty infrastrukturasy bilen deňiz ýoly gatnawy taýdan uly özboluşlyga eýe. Emma esasanda demir ýoly we logistiki toryň giňeldilmegi üçin dowam etdirilýän taslamalaryň gysga möhletde tamamlanmagy hökmany. Türkiýe şol taslamalar bilen Hytaý, Russiýa ýaly ýurtlar bilen bolan ösen ykdysady gatnaşyklaryny güýçlendirer. Beýleki tarapdan şol taslamalaryň türk dünýäsi üçin hem uly ähmiýeti bar. Eýsem şol taslamalar bilen Türkiýe; Azerbaýjan, Gazagystan, Türkmenistan, Özbegistan, Gyrgyz Respublikasy ýaly türki dilli döwletler bilen gatnaşyklaryny hasam berkider.



Degişli Habarlar