Aktual Analiz

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň demokratiýasy

Aktual Analiz

ABŞ 1991-nji ýyldan bäri Ýakyn Gündogara we käbir Afrika ýurtlaryna demokratiýa getirmäge synanşýar.

ABŞ-nyň demokratiýa eksportyndan iň uly paýy Somali, Owganystan, Yrak we Siriýa aldy.

Amerikanyň demokratiýa getiren ýurtlarynda asuda ilatdan 5 milliona golaý adamyň ölendigi çaklanylýar.

Birleşen Ştatlşar şol ýurtlara demokratiýa eltmezden ozal içerki uruş ýa-da doganyň dogany öldürmegi ýaly wakalar tas ýokdy diýsek ýalňyşmarys. Owganystanda Taliban bilen mujahitleriň çaknyşygy bolsa doganlaryň söweşi däl, eýsem dolulygyna syýasy dawady.

Somali haosdan çykmaga synanşýardy. Yrakda kadaly hökümet bardy. Saddamyň ýadro däl, himiki ýaraglary hem ýokdy. Eýsem ABŞ şol sebäpler bilen Yragy basyp alypdy. Amerikanyň harby çeşmeleri Yragy basyp alandan birnäçe ýyl soň ýadro ýaragynyň bolmandygyny boýun aldy.

ABŞ hyzmatdaşy, terror guramasy ÝPG-niň üsti bilen Siriýa hem demokratiýa getirmäge synanşýar. Geliň ABŞ-nyň demokratiýa getirmäge synanşýan Siriýasyna ser salalyň:

Golaýda sosial mediada 1 minut 17 sekuntlyk wideo ýaýradyldy.

Wideo ýazgy Siriýanyň demirgazygynda alynypdyr. Ýykylan binalardan biriniň içinde elleri arkasyndan daňylan ýaşlardan biri bar güýji bilen ýylgyrmaa synanşýar we kürt dilinde şeýle diýýär;

-Haýyş edýärin, meni öldürmäň!

Ýaşaýyş bilen ölümiň arasyndaky iň bir inçe çyzygyň göni ortasynda duran şol kürt, diýseň mylaýym we mähirli ses tony bilen, üssesine-de ýylgyryp eli ýaragly terrorçylaryň özüni öldürmezligini isleýär. Ýagny geljekki ýyllaryň ýylgyryşy bilen bezelen mimikalary bilen elinden alynmazlygyny haýyşt edýär. Şeýle şertlerde ses tony ýalbaryş we perýat görnüşinde bolmaly.

Ekranda elleri ýaragly we gollarynda ABŞ-nyň hyzmatdaşy ÝPG-niň belgisi bolan iki adamyň çişigi kürt dilinde we gazaply ses tony bilen şeýle jogap berýär:

-Buýrugy ýerine ýetirmediň. Urşumyza goşulmadyň. Kürt halkyna dönüklik etdiň. Dönükligiň jezasy bolsa ölümdir, diýenden soň mäşäni çekýär. Soň ABŞ-nyň hyzmatdaşy bolan ÝPG-niň beýleki terrorçysy hem mäşäni gysýar.

Geljekki ýyllarynyň elinden alynmazlygyny ilsmeýän kürt ýaşlaryndan biri elleri arkasyndan daňylan görnüşde ýüzüni güllerden sowman, ýylgyrmak bilen ölüme gidýär.

ÝPG terrorçysynyň göz öňünde tutýan zady terror guramasy PKK_nyň esaslandyryjysy Abdullah Öjalan. Öjalan ABŞ we ähli Ýewropa ýurtlary tarapyndan “terrorçy” hökmünde ykrar edilýär. Hatda ABŞ Öjalanyň ele salynmagy üçin Türkiýä kömek beripdi.

ABŞ-nyň hyzmatdaşy ÝPG özüne boýun egmedik kürtleri ýerlerin-ýurdundan sürgün edýär. Ýerini-ýurduny terk etmeýänleri bolsa 20 ýaşly kürt ýigidi ýaly öldürýär.

Dogursyny aýtsam men wideo ýazgyny birnäçe gezek gördüm. Uruş we terror jurnalistliginiň iň bir agyr tarapy başgalarynyň ölümini görmäge mejbur bolmagyňyz.

27 ýyldan gowrak iş durmuşymda durmuşa şeýle bagly bolan ýene-de iki ölüme şaýatlyk etdim. Birine 1994-nji ýylda Bosniýada serp terrorçylarynyň Drajaçda bir aýaly çagalarynyň öňünde öldürýärkä, beýlekisine bolsa 1999-njy ýylyň ahyrlarynda başlan 2-nji Çeçen-Rus urşunda şaýatlyk edipdim. Çeçenistanyň paýtagty Groznide bir enäniň gujagynda çagasy bilen öldürilýärkä gözleriniň içiniň gülýändigini görüpdim. Bir ömürden has uzak we has agyr bolan iki ýa-da üç sekuntdy.

Şu günki günde ABŞ-nyň hyzmatdaşy bolan terror guramasy ÝPG-niň göçmäge mejbur eden kürtleriniň sanynyň 700 müňden geçendigi çaklanylýar. Kürtler üçin söweşýändigini öňe sürýän ÝPG we PÝD geň galdyryjy ýagdaýda bary ýogy bir milliona golaý bolan Siriýa kürtleriniň 700 müňüni sürgün edýär.

Eýsem, PÝD-ÝPG terror guramalaryndan gaçýan kürtleriň haýsy ýurtlara gidýändigini bilýäňizmi?

ÝB-ne agza günbatar ýurtlary tarapyndan “kürt raýatlaryna basyş etmekde” günäkärlenýän Türkiýä gelýärler.

Terror guramasy ÝPG-den gaçyp Türkiýä gelen kürt bosgunlarynyň sany 500 müňe golaý. Türkiýe özüne sygynanlaryň etniki gelip çykyşyna seretmeýändigi üçin şol sany doly çaklamak kyn. Emma Yragyň demirgazygynda Barzaniniň hökümetine sygynan kürt bosgunlarynyň sanynyň 70 müňe golaýdygy beýan edilipdi. Eger şeýle bolsa kürtleriň galan böleginiň ählisiniň Türkiýä gelendigi ýüze çykýar.

Kürtleriň Siriýada hiç haçan raýatlyklary bolmady. Türkiýäniň Prezidenti Erdogan Premýer ministrkä Asada eden basyşyndan soň siriýaly kürtler taryhda ilkinji gezek raýatlyk hukugyny almaga başladylar.

Erdogandan ozal Siriýa kürtleri müňlerçe ýyllyk ýerlerinde “bosgun” derejesindedi.

Siriýadan PÝG-ÝPG-niň zulmundan gaçan kürtleriň Türkiýäniň çar tarapynda arkaýyn ýaşaýandygyny bilýäňizmi? Şol bir wagtda isleýän pudaklarynda erkin işläp bilýärler.

Siriýadaky demokratik we harby däl kürt oppozision toparlaryň ählisiniň merkezi ofisi Türkiýäniň paýtagty Ankarada we Stambul şäherinde ýerleşýär. Kürt oppozisionerleri ÝB-ne agza ýurtlarda ýaşama mümkinçiligine eýe däl. ýewropaly polisleriň gözüniň öňünde PKK-ÝPG-lileriň hüjümlerine sezewar bolýarlar.

Şol syýasy kürt ýolbaşçylary dessine Türkiýä gaçyp atýarlar.

Bularyň ählisini göz öňünde tutanymyzda şu sorag jogapsyz galýar: “Amerikalylar demokratiýany näme sebäpden öldürýär?”



Degişli Habarlar