Türk Dünýäsinden Habarlar

Türk dünýäsiniň tapawutly ýerlerinden bize gelip gowuşan möhüm wakalar bilen bagly habarlar

Türk Dünýäsinden Habarlar

Ilkinji habarymyz Azerbaýjandan gelip gowuşdy.

Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistanyň Daşary işler ministrleriniň üçtaraplaýyn maslahaty Bakuda geçirildi.

Maslahatyň çäginde Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Elmar Memmedýarow we Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow özara geçiren ikiçäk duşuşyklaryndan soň, üçtaraplaýyn häsýetde maslahat geçirdiler. Ministrler maslahatdan soň umumy beýannama gol çekdiler.

Ondan soň geçirilen umumy metbugat ýygnagynda çykyş eden Mewlüt Çawuşogly ikiçäk duşuşyklarda hem ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary hem-de sebitleýin meseleleri ara alyp maslahatlaşandyklaryny, üçtaraplaýyn häsýetde geçen maslahatda bolsa Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary nädip güýçlendirjekdiklerini ele alandyklaryny mälim etdi.

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Ýokary Garabag meselesiniň halkara hukugyň, Azerbaýjanyň özygtyýarlyk we territorial bütewiliginiň çäginde iň gysga wagtda çözülmelidigini belläp: “Bu babatda halkara jemgyýetçiligini we Minsk toparyny has işjeň bolmaga çagyrýarys” diýdi.

“Bir nesil bir ýol” taslamasynda Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň we Gruziýanyň uly mümkinçilige eýedigine ünsi çeken Mewlüt Çawuşogly ýurtlaryň geosyýasy ýerleşişini gowy edip ulanyp, bu taslamada wajyp roly öz üstlerine aljakdyklaryny belledi.

Çawuşogly: “Energetika bilen baglanşykly hyzmatdaşlygymyzy has hem güýçlendirmäge tutanýerlidiris. Elbetde möhüm kararlar maslahatlarda kabul ediler. Şu ýyl doganlyk Türkmenistanda Döwlet ýolbaşçylarynyň üçtaraplaýyn maslahaty geçiriler. Bu maslahatyň netije alynjak maslahat bolmagy babatynda dostlarymyzy bilen meňzeş pikire eýediris. Şertnamalara gol çekiler” diýdi.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Elmar Memmedýarow hem Azerbaýjanyň tebigy gazyny Ýewropa alyp gitjek Günorta gaz koridory taslamasynyň öňümizdäki ýyl işläp başlajakdygyny, Türkmenistanyň hem bu taslama bilen gyzyklanýandygyny habar berdi.

Memmedýarow: “Taslamanyň bir bölegi bolan TANAP 2018-nji ýylda tamamlanar. Öňümizdäki ýyl Türkiýä 6 milliard kub metr tebigy gaz ibereris. 2019-njy ýylda 10 milliard kub metr Italiýa ibereris” diýip mälim etdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Meredow bolsa hem Azerbaýjan bilen hem-de Türkiýe bilen ykdysady, syýasy we energetika ugurlaryndaky gatnaşyklaryny özgertmek isleýändiklerini habar berdi.

Ministrleriň gol çeken umumy beýannamalarynda ýurtlaryň garaşsyzlyk we territorial bütewiliginiň möhümdigini, çaknyşyklaryň halkara hukugyň çäginde çözülmeginiň gerekdigini, Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistanyň halkara guramalarda bilelikde hereket etjekdiklerini bellediler.

 

Nobatdaky habarymyz medeni dünýämizden.

TÜRKSOÝ we Bursanyň şäher häkimligi tarapyndan geçirilen dünýäniň 22 tapawutly ýurdyny bir ýere jemlän 31-nji Halkara Altyn Garagöz halk tanslary ýaryşynyň bu ýylky ýeňijileri Gazagystandan gelen topar boldy.

Bursanyň Medeniýet, sungat we syýahatçylyk gaznasy tarapyndan 56-njy Halkara Bursa festiwalynyň çäginde geçirilen ýaryş 7-12-nji iýul aralygynda Türkiýäniň Bursa şäherinde geçirildi.

 Argentina, Albaniýa, Azerbaýjan, Başgyrdystan, Belarussiýa, Bosniýa-Gersegowina, Bolgariýa, Hytaý, Filippinler, Gruziýa, Hindistan, Garadag, Gazagystan, Gyrgyzystan, Kosowa, DKTR, Makedoniýa, Moldowa, Rumyniýa, Çili, Tatarystan we Ugandadan gelen tans toparlary şäheriň tapawutly ýerlerinde taýarlap gelen tanslaryny görkezdiler.

 Bäsleşige TÜRKSOÝ-yň çakylygyna laýyklykda Azerbaýjandan “Jangi”, Gazagystandan “Kazyna”, Gyrgyzystandan “Agat-Taajy”, Tatarystandan “Altynaý”, Başgyrdystandan “Weselinka”, DKTR-dan bolsa “Döwlet halk tanslary” topary gatnaşdy. Milli egin-eşikleri we ýerine ýetiren tanslary bilen milli medeniýetlerini Türkiýä tanadan tansçylar reňkli kostýumlary we biri-birinden üýtgeşik horeografiýalary bilen tomaşaçylary haýran galdyrdylar.

Emin agzalaryň netijelendirmeginden soň bäsleşigiň 1-nji ornuna Gazagystanyň Çimkent şäherinden gelen “Kazyna” tans topary eýe boldy. Ýayşyň çäginde her ýyl gowşurylýan TÜRKSOÝ-yň ýörite sylagy bolsa bu ýyl DKTR-dan gelen “Döwlet halk tanslary” toparyna berildi.

Ýaryşda 1-nji oruna mynasyp bolan Gazagystandan gelen topara “Altyn Garagöz” baýragy bilen 5 müň ýewro, 2-nji oruna mynasyp bolan Moldowadan gelen topara “Kümüş Garagöz” baýragy bilen 3 müň ýewro we 3-nji oruna mynasyp bolan Gruziýadan gelen topara bolsa “Bürünç Garagöz” bilen 2 müň ýewro sylag berildi. Ýaryşda Rumyniýadan we Azerbaýjandan gatnaşan toparlarada sylaglar berildi.

 

Nobatda Orta Aziýadan gelip gowuşan habarymyz bar.

Gyrgyz raýatlar Gazagystanda 30 gün galyp bilerler.

Şu ýylyň 15-nji iýulynda Gyrgyzystanyň we Gazagystanyň hökümetleriniň arasynda bu ýurtlaryň raýatlarynyň iki ýurdyň serhetleriniň çäginde galyp bilmek möhletlerini öz düzüminde jemleýän ylalaşyk güýje girdi.

Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň berýän habaryna görä gyrgyz raýatlar mundan soň Gazagystanda 30 gün galyp bilerler. Ozal şol möhlet 5 gün bilen çäklidi.

30 günden köp galmak isleýän gyrgyz raýatlar Gazagystanyň Içeri işler ministrligine ýüz tutarlar. Şol düzgün kada Gyrgyzystanda galmak isleýän gazak raýatlar üçin degişli bolar.

 

Gepleşigimizi Özbegistandan gelip gowuşan habarymyz bilen tamamlamak isleýäris.

Özbegistanyň hökümeti şu ýylyň başyndan bäri halkara maliýe guramalary bilen 1 milliard 24 million dollarlyk kredit şertnamasyna gol çekdi.

Özbegistanyň Maliýe ministrliginden berilen beýanatda hökümetiň şu ýylyň aprel-iýun aýlary aralygynda jemi gymmady 470,2 million dollar bolan taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin 413 million dollarlyk 4 kredit şertnamasyna gol çekdi.

Şu ýylyň ýanwar-mart aýlary aralygynda jemi gymmady 611,4 million dollar bolan 6 kredit şertnamasynyň baglaşylandygy aýdylýan beýanatda hökümetiň ýurtda durmuşa geçirmek isleýän 10 taslamanyň çäginde şu ýylyň başyndan bäri daşary ýurt kredit kuwwadynyň 1 milliard 24 million dollara ýetendigi mälim edildi.



Degişli Habarlar