Aktual analiz

Türkiýe, Germaniýa, Ýewropa nirä barýarys?

Aktual analiz

Türkiýe bilen Ýewropa iki taraply ynama, sylag-hormada we bähbide laýyklykda gatnaşyk edip biler. Türkler, nemesler we ýewropalylar birek-birege zeper ýetirjek tagallalardan we jogapkärçiliksiz syýasatlardan çetde durmalydyr.

Türkiýede aprel aýynda geçirlen referendumdan ozal başlan we birnäçe aý dowam eden dartgynlykdan soň Prezident R. T. Erdogan Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynda täze sahypa açmak üçin maý aýynda Brýusselde ÝB-niň liderleri bilen duşuşdy. Prezident Erdogan mundan başgada iki taraply gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin Germaniýanyň Gamburg şäherinde geçirlen G-20-niň liderler maslahatynyň çäginde Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen birlikde Ýewropaly liderler bilen iki çäk duşuşyklar geçirdi.  Şol duşuşyklardan soň gatnaşyklaryň kadalaşmagyna garaşylýarka Germaniýanyň Daşary işler ministri Sigmar Gabriel geçen hepde Türkiýe meselesinde alyp barýan syýasatlarynyň üýtgändigini mälim etdi. Eýsem şol kararyň arkasynda nämeler barka?.

Ýaňy ýakynda başdan geçirlen iki wakanyň Germaniýanyň alyp barýan syýasatynyň üýtgemegine säbäp bolandygy nygtalýar. Ilkinji waka nemes raýatynyň Türkiýede bikanun işlere goşulşandygy sebäpli göz astyna alynmagy bilen arabaglanşykly. İkinjisi bolsa Türkiýede Fetullahçy terror guramasy FETÖ garşy guralýan operasiýanyň çäginde Türkiýede iş alyp barýan nesmes firmasy hakynda barlag işiniň gozgalmagy bilen arabaglanşyklydyr. Hatda nemes hökümeti nemes raýatlarynyň we firmalarynyň Türkiýede howp astyndadygyny öňe sürdi. Emma şol garaýyşlar asylsyzdyr.

Nemes raýatlarynyň ýada başga ýurtlaryň raýatlarynyň Türkiýä syýahat etmegine ýada Türkiýede maýa goýmaklaryna hiç hili howp abanmaýar. Ady agzalýan nemes raýatynyň göz tussaglygyna alynmagy wakasy bolsa hukuky etapdyr we  bu meselede diňe kaziýetler karar edip biler. Türkiýede iş alyp barýan nemes firmalaryndan ybarat haýsydyr bir gara sanaw hem ýok. Häzirki wagtda Türkiýede 7 müňe golaý nemes firmasy iş alyp barýar we şolaryň käbiri bir asyra golaý wagt bäri Türkiýede iş alyp barýar. 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyndan soň daşary ýurtly ýekeje firma hem ýapylmady ýada olar hakynda kaziýet işi gozgalmady. Diňe FETÖ bilen arabaglanşykly firmalar ýapyldy ýada döwlet eýeçiligine degişli edildi.

Türk-nemes gatnaşyklary gözbaşyny taryhyň çuňluklaryndan alýar we şol gatnaşyklary bes etmek üçin hiç hili sebäp ýok.  Her ýyl ýüz müňlerçe nemes raýaty dynç almak üçin Türkiýä gelýär we nemes işewür adamlary bökdençsiz öz işlerini dowam etdirýär. 3 milliondan gowrak türk hem nemes raýaty hökmünde ýada ýaşamak rugsatnamasyna laýyklykda Germaniýada ýaşaýar we şol adamlary howp hökmünde görmek üçin hiç hili sebäp ýok.

Federal Kansler Angela Merkel hökümeti döwründe ýagny soňky 10 ýylda iş başyna gelen nemes hökümetleri Türkiýäniň ÝB-ne agzalygyna garşydyklaryny açyk aýdyň beýan etdi. Emma muňa garamazdan Türkiýe Germaniýa bilen işleşmäge dowam etdi.  Utgaşyklyk we assimiliýasiýa, medeni köpdürlilik we Siriýa urşy ýaly birnäçe meselede iki ýurduň arasynda garaýyş tapawutlylygy bar. Emma şol garaýyş tapawutlylygyna garamazdan Germaniýanyň ýolbaşçylyk etmeginde baglaşylan Türkiýe bilen ÝB –niň arasyndaky bosgunlar şertnamasy Siriýadan we sebitden Ýewropa gidýän bosgunlaryň sanynyň azalmagynda uly rol oýnady. Mundan başgada ykdysady gatnaşyklar ähli düşnüşmezliklere garamazdan ösmäge dowam etdi.

Emma Germaniýanyň 16-njy aprelde geçirlen referendum etabyndaky tutumy Türkiýäni geň galdyrdy. Ministrler bilen birlikde häkimiýetiň başyndaky Adalat we ösüş partiýasynyň syýasatçylarynyň Germaniýada ýaşaýan türk saýlawçylary bilen duşuşmagynyň gadagan edilmeginiň eýsem näme sebäbi bolup biler. Refendum etabynda “garşy” kampaniýa alyp barýanlaryň birnäçe gezek maslahat geçirmegine rugsat berildi emma referenduma goldaw berýänlere rugsat berilmedi. Nemes köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we syýasatçylary Türkiýedäki söz azatlygy hukugyna nägilelik bildirýär, emma öz ýurtlarynda Erdoganyň türk raýatlary bilen parahatçylykly maksatly maslahat geçirmegine rugsat bermediler.

Iň erbedi bolsa bikanun terror guramasy PKK-niň diňe referenduma garşy kampaniýa goldaw bermek üçin däl eýsem şol bir wagtda PKK-nyň terrorçylykly aksiýalaryny legallaşdyrmak üçin miting we maslahat geçirmegine rugsat berilmegidir.  Germaniýa mundan başga FETÖ bilen arabaglanşykly adamlary öz ýurduna kabul etdi.

Nemes hökümeti Ýewropa ýurtlarynyň hem Türkiýä garşy herekete geçmegi üçin tagalla edýär. Bu eýsem ýerlikli syýasatmydyr?. Alyp barýan syýasatlarynyň diňe Türkiýä zeper ýetirjekdigi barada pikir edýän bolsalar gaty ýalňyşýarlar. Germaniýa NATO agza we ÝB-ne dalaşgär Türkiýä garşy duşmançylykly syýasatyny, Türkiýä duşman bolan PKK, FETÖ we beýleki guramalary hakynda Türkiýäniň howpsyzlyk aladalaryny eýsem ýene-de näçe wagt görmezlikden gelip biler.  Eger Türkiýe Germaniýa ýada başga bir ýurda garşy hüjüm guraýan adama ýada gurama rugsat beren bolsady onda näme diýerdiler?.

Türkiýäni duşmana öwürmek isleýän Ýewropadaky käbir syýasatçylar gysga möhletli bähbit gazanyp bilerler. Emma bu ne Ýewropanyň öz kynçylygyny çözer ýene-de gelejek üçin syýasy we ahlaky taýdan iş meýilnamasyny hödürlär, diňe bir tarapda Türkiýe bilen Ýewropanyň beýleki tarapda bolsa musulman we günbatarly jemgyýetleriň arasyndaky gatnaşyklara ýaramaz täsirini ýetirýän ynamsyzlyk duýgusyny çuňlaşdyrar.



Degişli Habarlar