Türk Dünýäsinden Habarlar

Türk dünýäsiniň tapawutly ýerlerinden bize gelip gowuşan möhüm wakalar bilen bagly habarlar

Türk Dünýäsinden Habarlar

Gepleşigimizi Gazagystandan gelen habar bilen başlamak isleýäris. EXPO 2017-de Doganlyk ýurt Türkiýeden konsert goldawy.

Gazagystanda dowam edýän EXPO 2017-ä goldaw bermek maksady bilen Ýunus Emre Türk medeniýeti merkezi we Türkiýäniň Gazagystandaky ilçihanasynyň hemaýat bermeginde iki uly dabara geçirildi.

Ilkinji dabara Astanadaky Keruen söwda merkezindäki Kinopark kinoteatrynda Unutsam pyşyrda atly film 17-nji iýunda kino muşdakalryň dykgatyna hödürlendi. Ikinji dabara bolsa Ýunus Emre Türk medeniýeti merkezi “Gazagystan-Türkiýe doganlyk aýdymlary-2” atly konsert Astananyň ýaşaýjylary we şähere EXPO 2017 üçin gelen adamlar üçin berildi. Bu konsertiň ilkinjisi 2016-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda Gazagystanyň garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy we halk tarapyndan takdyr edildi.

Şol çäräniň dowamy hökmünde Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligine degişli Türk dünýäsi aýdym-saz topary we Astana gubernatorlygyna degişli Milli akademiýa filarmoniýa orkestrynyň gatnaşmagynda geçirilen konsertde türk we gazak dillerinde eserler ýerine ýetirildi. Iki orkestra hem Awstriýada bilim alan, zehinli dirižor, Altyn Baget ýaryşynda Grand Pri baýragyna laýyk görülen Ernar Nurtazin ýolbaşçylyk etdi. Türkiýäniň meşhur sungat işgärleri Çigdem Gürdal we Jem Gürdal iki orkestryň ýoldaşlyk etmeginde gazak halk aýdymlary Dudaraý we Karlygaş ýaly eserleri ýerine ýetirdiler.

20-nji iýulda geçirilen konsertde ýörite ýaryş geçirilip, utan  diňleýjilere Türk howa ýollary tarapyndan Astana-Stambul uçar biletleri sowgat edildi.

EXPO Halkara sergisiniň çäginde geçirilýän konsertlerde diňe türk sungat işgärleri däl, eýsem Gazagystanda iş alyp barýan KazStroýPodrýad ýaly türk kärhanalary bilen Türkiýäniň milli telewideniýesi TRT hem hemaýatkär hökümde goldaw berýär. TRT birnäçe hepde ozal EXPO üçin Astanada geçirilen Gazagystan Parsy-2017 bäsleşigini hem göni ýaýlym arkaly görkezipdi.

 

Nobatda Gyrgyzystandan gelip gowuşan habarymyz bar.

Çehiýaly kärhana Gyrgyzystanda suw howdany we gidroelektrik desga gurar.

 Gyrgyzystanyň hökümeti bilen çehiýaly Liglass Trading CZ kärhanasynyň arasynda energetika ugrunda hyzmatdaşlyk etmek barada şertnama baglaşyldy. Gyrgyzystanyň Prezidentiniň metbugat merkezinden berilen beýanatda Premýer ministrlik Senagat, energetika we ýer asty baýlyklar döwlet komitediniň başlygy Düýşenbek Zilaliýew bilen Liglass Trading CZ kärhanasynyň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Mihail Smeligiň arasynda paýtagt Bişkekde energetika hyzmatdaşlygy şertnamasy baglaşyldy.

Gol çekişlik dabarasyna ýurdyň Prezidenti Almazbek Atambaýewiň hem gatnaşandygy habar berilen beýanatda şertnamanyň çäginde çeh kärhanasynyň Gyrgyzystanyň demirgazygyndaky Naryn derýasynyň üstünde suw howdany we gidroelektrik desga bilen birlikde ýurdyň tapawutly ýerlerinde jemi 10 kiçi gidroelektrik desga guryp, dolandyrjakdygy habar berildi. Ylalaşygyň çäginde 2019-njy ýylyň 30-njy dekabryna çenli 7 gidroelektrik desgasynyň, 2020-nji ýylyň ahyryna çenli bolsa 3 kiçi gidroelektrik desgasynyň gurulmagy maksat edinilýär.

Ady agzalan taslamalaryň jemi çykdajysynyň 230 million dollar boljakdygy we çeh kärhanasynyň ozal suw howdanynyň we gidroelektrik desganyň gurluşygyny öz üstüne alan, emma gurluşygyny tamamlamadyk Russiýanyň RusGidro kärhanasyna bolan 37 million dollarlyk bergini hem öz üstüne alandygy mälim edildi. Gyrgyzystanyň demirgazygynda 2012-nji ýylda gidroelektrik desganyň gurluşygyny başlan RusGidro kärhanasy 2015-nji ýylda kynçylyk çekýändigini bahana edip, taslamany duruzypdy.

Gyrgyzystan gurluşygy 2016-njy ýylda tamamlanmagy meýilleşdirilen gidroelektrik taslamasynyň bellenen wagtda gurulmadygy sebäpli Russiýa bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyndan birtaraplaýyn häsýetde çekilipdi.

RusGidro kärhanasy bolsa Naryn derýasynyň üstünde suw howdany we gidroelektrik desgasynyň gurluşygy üçin 37 million dollar çykdajy sarp edendigini belläp, şol pulyň yzyna berilmegini isläpdi.

 

Gepleşigimizi Özbegistandan gelen habarymyz bilen tamamlamak isleýäris. Özbegistanyň jemi içerki önümi 67 milliard dollar boldy. 2016-njy ýylda Özbegistanyň jemi içerki önümi 67 milliard dollar boldy.

Bütindünýä banky tarapyndan çap edilen habarnama görä 2016-njy ýylda Özbegistanyň jemi içerki önümi 67 milliard dollar boldy we ýurt ykdysady güýç hökmünde 195 ýurdyň arasynda 71-nji oruna geçdi.

2016-njy ýylda Özbegistanyň adam başyna düşýän jemi içerki önüm girdejisi 2,2 müň dollar bilen dünýä döwletleriniň arasynda 159-njy oruna mynasyp boldy.

Özbegistan ýaş iş güýji we tebigy baýlygyna garamazdan dünýäniň iň garyp ýurtlaryndan biri hökmünde bilinýär. Onuň sebäbi bolsa bütin ykdysadyýeti öz gözegçiligi astynda saklaýan we hususy pudaga böwet bolýan awtokrat hökümediň basyşy we Özbegistanyň geografik taýdan ýapyk sebitde ýerleşmegi.



Degişli Habarlar