Aktual Analiz

Türkiýe Agdarlyşykdan Bir Ýyl Soň Has Güýçli

Aktual Analiz

Türk harby goşunynyň düzümine ornaşan Gülençileriň pajygaly agdarlyşyk synanşygyny guran şol garaňky gününden göni bir ýyl geçdi. 40 ýyldan gowrak wagt bäri meýilleşdiren synanşyklary 24 sagada ýetmän milletiň ygtyýary bilen yza serpikdirildi. Döwrebap taryhda şeýle adam-güýç gatnaşygynyň başdan geçirilen pursatlary seýrek gabat gelýär.

Millionlarça türk raýaty geçen tomusa netijesiz bolan agdarlyşyk synanşygyny we 250 raýatyň gyrylyşyny, 2 müňden gowrak adamyň ýaralanmasyny hatyralady. Maşgalalar çagalaryna harby agdarlyşygy we türk goşunynyň egin-eşigini geýinen ýaragly adamlaryň aslynda goramaly adamlaryna näçe sebäpden od açýandygyny düşündiren gününi hatyraladylar. Millet hökmünde jebisleşip, agdarlyşyk synanşygyny puja çykarmak biziň üçin buýsandyryjy zat. Muňa garamadan agdarlyşyk synanşygynyň resmi taýdan gutarrmagyndan bäri başdan geçirilen wakanyň eýe bolan ähmiýetine göwniýetmezçilik edilmegine we onuň ýerine türk hökümetiniň geljekde guralmagy ähtmal FETÖ hüjümlerine garşy gören çärelerine gönügen guramaçylykly tagallanyň bardygyny gördük. Emma Türkiýä gürrüň berilýanler bar bolan hakykatlara gabat gelmeýär. Syýasy garaýyşy, jynsy ýa-da dewrejesi näme bolsa bolsun, türk milleti geçen 12 aýyň dowamynda demokratiýasyna, azatlygyna we garaşsyzlygyna edilen şol pespäl synanşykdan soň ýaňadandan çarpaýa galyp, hamala diýersiňiz dessan ýazdy.

Hökümet adatdan daşary ýagdaý dolanşygyny yglan edip, döwlet edaralarynda işleýän FETÖ-çileri işden çykardy, şol terrorçylaryň pespäl niýetlerini durmuşa geçirmek hem-de ony maliýeleşdirmek üçin uzak ýylllardan bäri peýdalanýan wezipelerinden we döwlet serişdelerinden mahrum etdi. NATO hyzmatda bolan goşunyň düzümindäki agdarlyşykçylary tussag etmegiň Türkiýä howpsyzlyk taýdan wehim salyp biljekdigi baradaky garaýyşyň dolulygyna hakykata bap gelmeýändigi subut edildi. Tersi türk goşuny we polisi Gülençileriň emele getiren wirusyndan dolulygyna saplanýar we bolmalysy ýaly ýurda hem-de millete hyzmat edýär. Agdarlyşyk synanşygyndan 6 hepde soň türk goşuny biziň tagallalarymyz bilen “Ýefrat Galkany” operasiýasyny guramagyň hötdesinden geldi we Siriýanyň Demirgazygyndaky DAİŞ terrorçylaryna uly zarba urdy. Şol bir wagtda Türkiýe tarapdar ýygnamaklarynyň we serişde üpjünçiliginiň öňüni alyp, PKK bilen birlikde beýleki ähli terror guramalaryna garşy hem düýpli göreş alyp bardy. Şol bir wagtda türk ykdysadyýeti puja çykarylan agdarlyşyk synanşygynyň ýaramazdan täsirlerinden halas bolup, 2017-nji ýylyň birinji çärýeginde 5 göterim ösüş etdi. BİST 100 indeksiniň hümmeti ýanwar aýyndan bäri 30 göterim artyp, rekord goýdy we maýdarlary sylaglady. Beýleki tarapdan Stambulda dünýäniň iň uly howa menziliniň gurluşygy we Çanakgalada materikara köpriniň gurluşygy bilen birlikde ägirt uly taslamalar dowam edýär.

Netijede agdarlyşyk synanşygynyň guralan gijesinde Merkezi Aziýadan Günorta Amerika, İndoneziýadan Afrika çenli millionlarça musulman Türkiýäniň ýanynda orun eýeledi we Türkiýäniň asudaly hem-de abadançylygy üçin doga okady. Aslyna seredilende synanşygyň yzy süre musulman dünýäsindäki köp sanly köpçülikleýin habar beriş serişdesi we köp sanly musulman lider Türkiýäniň tarapynda durýandyklaryny aç-açan beýan etdi. Millionlarça adam Türkiýä bolan dostluklaryny görkezmek üçin meýdanlara çykdy we metjitleri doldurdy. Emma köp sanly günbatar ýurdynyň hadysa tomaşaçy hökmünde çemeleşmegi we gijä galan ýa-da düşnüksiz beýannama hem çap etmezlikleri iň bir ýönekeýje söz bilen aýdylanda pikirlendiriji.

Türkiýe geçen tomus guralan agdarlyşyk synanşygyndan bäri batyrgaý başlangyçlar etdi. Käbir Ýewropa ýurtlarynyň huntaçylara we olaryň hyzmatdaşlaryna başpena bermek baradaky kararlary dartgynlyklary ýüze çykaran hem bolsa, Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky agzalyk gepleşikleriniň depginini güýçlendirmek üçin netijeli dialog üçin tagalla edýär. Jenewa we Astana tapgyrlary bilen birlikde Türkiýe Siriýadaky pajygaly urşuň diňmegi we ýüzlerçe müň adamyň pida bolan çaknyşyklaryna syýasy çözgüt tapmak üçin möhüm pozisiýa eýeledi. Türkiýe Afrikadaky, Ýakyn Gündogardaky Aziýadaky we Latyn Amerikadaky daşary syýasat ugurlarynyň gerimini giňeltmäge dowam edýär.

Türkiýe hem daşary ýurtly maýadarlar hem-de daşarky hökümetler üçin dostlar we hyzmatdaşlar tapyp iki tarap üçin bähbitli taslamalaryň üstünde işleşip biljek ýurt hökmünde galmaga dowam eder. Emma bütin dünýä şuny kabul etmeli; Türkiýäniň FETÖ-niň ýolbaşçy topary bilen birlikde ähli agdarlyşykçylary adalata tabşyrmak ugrundaky tagallasy jedelleşmäge degişli däldir. Jogapkärleri hukugyň üstünligi kadasyna laýyklykda kanuna görä jenaýat jogapkärçiligine çekeris.

Gülençi agdarlyşyk synanşygynyň sözüň doly manysynda basybalyjylykdygyny, basylyp alynýanyň diňe bir adamlaryň janlary we döwlet edaralary däl, eýsem adyl we eşretli dünýä görmek isleýän millionlarça adamyň umydy bolan Anadolynyň halkyynyň galplary hem-de aňlarydygy ýatdan çykarylmaly däldir. Güleçilere hemeýat berenler we olaryň hyýanatçylykly işlerini aklamaga synanşýanlar, bir gysym magşar jenaýatçysy üçin asylzada adamlary we iň esasysy hem ýurdy elden giderme howpyna gözüni ýumup bilmez.

 



Degişli Habarlar