Dost-Doganlygyň Taryhy

Seljuklylar döwründe ylym we bilim

Dost-Doganlygyň Taryhy

Ilkinji Seljuk Soltanlary Togrulyň, Alp Arslanyň we Mälikşanyň şahsy artykmaçlyklaryna bireýýäm mynasyp baha berlipdir. Hatda, umuman alanyňda, türki halklara äsgermezçilik gözi bilen seredip gelen A. Mýuller hem bu hökümdarlaryň, aýratyn hem olaryň soňky ikisiniň keşplerinde doly adalatlylygy görüpdir.

Medeniýet taryhynda ilkinji gezek seljuklylar döwrinde ylym we bilim uly ähmiýete eýe bolýar, goldanýar we ýaýbaňlandyrmaga başlanýar. Seljukly döwletiniň soltanlary we döwlet adamlary medeniýet we medeni öňegidişlik üçin berlen hyzmatlary ylym we bilim babatynda ägirt uly ähmiýetli wakalar hökmünde kabul edipdirler. Şol goldawy, ylym we bilimiň ýaýbaňlandyrylmagyny medreseleriň kömegi bilen amala aşyrypdyrlar. Şol hyzmatlar goldanan, berlen we ýaýbaňlandyrylan wagty bir tarapdan ylmy hem gorapdyr hem–de ösdüripdir we ony ýaýbaňlandyrypdyrlar. Beýleki bir tarapdan hem gyrak-bujaksyz ülkäniň çar tarapyna hyzmat bermek üçin ugradylýan bilim we medeniýeti ýaýbaňlandyrmak bilen gümrä boljak köpçüligi ýetişdiripdirler.   

Seljuklylar zamanasynda Çyn-maçynyň araçäklerinden başlap, Ortaýer deňiziniň kenarlaryna çenli baryp ýeten hökmürowanlyk süren ülkelerinde ýerleşen şäherlere ylym, bilim, medeniýet we jemgyýetçilik-durmuş babatynda ýeterlik derejede kömek berilýärdi. Alymlar, sopylar we hünärmentlere hemaýat edilipdir. Bir ýerden başga bir ýere gelen alymlara, şahyrlara we beýlekilere dürli mümkinçilikler döredilipdir. Olar üçin medreseler, galar ýaly ýatak jaýlary gurlupdyr.  

Seljuklylar zamanynda, esasan hem Soltan Sanjar zamanynda Merwde, Balhda we beýleki medeniýet merkezlerinde çekişmeler we ylmy bäsleşikler däp bolyp gidipdir. Soltan Sanjaryň köşgü alym, şahyr, tebip we pelsepeçiler bilen dolyp-daşypdyr.

Seljuklylar, hem yslam ylymlary hem–de bilimi we ylymy öwretmekligi ýaýbaňlandyrmak bilen birlikde tebigat we takyk ylymlaryny hem özünde jemleýän dürli fakultetleri bolan häzirkizaman uniwersitetlerine meňzeýän medreseler gurupdyrlar.  

Şol medreselerde öz döwrüniň belli alymlary sapak bermek bilen matematika, astronomiýa, geometriýa, algebra, fizika, himiýa, lukmançylyk we pelsepe ýaly köp sanly sapaklar okadylypdyr we ylymly–bilimli adamlar ýetişdirilipdir. Ylymyň we bilimiň ojagy hökmünde gurulan köp sanly medreseleriň aglabasynyň ýanynda hökmany suratda kitaphanalary hem bolypdyr.

Seljuklylar döwründe Nişapur, Merw, Yspyhan, Hemedan, Gerat, Sawa, Reý, Balh, Basra, Musul we Buhara ýaly şäherlerde gurlan medreseleriň kitaphanalary bolypdyr.   

W. A. Žukowskiý “Soltan Sanjar Horasan welaýatynyň ikinji Aleksandr Makedonskisidir” diýip belläp geçýär. Beýik Soltan Sanjar kakasy Mälik şa 1092-nji ýylda aradan çykandan soň 1157–nji ýyla çenli, ýagny tä özüniň dünýäden öten gününe çenli 65 ýyllyk hökümdar bolupdyr we Beýik Britanýaly ýazyjy we gündogarşynas Edward Granwil Braunyň “Pars edebiýatynyň taryhy” atly eserinde belläp geçişi ýaly taryhdaky şol döwüre degişli bolan aralyk adatça “Sanjaryň eýýamy” diýilip atlandyrylýar. Ol paýhasly hem gaýduwsyz patyşa bolupdyr. Braun ýokarda agzaplyp geçilen eseriminde, Ar–Rawendä salgylanyp getiren sözlerinde, Ar–Rawendiniň belleýşine görä “hökümdarlyk eden döwrüniň uzynlygy amala aşyran ajaýyp işleri boýunça Sanjar beýleki Seljuk patyşalaryny özünden yzda galdyrypdyr” diýip ýazýar. Seljuk imperiýasyny giňeldip, berkidip, ýokary derejä ýetiren Soltan Sanjar ylmy söýen we poeziýany, şahyrlary goldaýan meşhur patyşa bolupdyr.

Beýik Soltan Sanjaryň öz döwletini dolandyrmakda, onuň ylmyny, medeniýetini we edebiýatyny ösdürmekde bitiren ajaýyp işlerini göz öňünde tutup, orta asyrlar döwrüniň taryhçylary we häzirki zaman alymlary oňa biragyzdan «Ikinji Aleksandr Makedonskiý» ýa-da «Horasanyň Aleksandr Makedonskisi» diýen hormatly ady dakypdyrlar. Bu at orta asyrlar döwrüniň hökümdarlarynyň ýetjek bolup dalaş eden arzuwly derejesi bolupdyr. Emma oňa Merkezi Aziýada beýik Soltan Sanjardan başga mynasyp bolan hökümdar bolmandyr.

Beyik Soltan Sanjar diňe bir ylmy söýmek bilen galman eýsem ylmyň ösmegi, bilimiň ýaýbaňlanmagy üçin medreseler gurdurypdyr. Diňe bir medreseler gurdurmak bilen galman gurduran medreseleriniň ýanynda kitaphanalar hem bolypdyr. Diňe bir Soltan Sanjar zamanasynda däl eýsem Seljuklar döwründe Türkmenistanyň çäklerinde ajaýyp kitaphanalar gurlupdyr. Türkmenistanyň çäklerinde Seljuklar döwrüniň ajaýyp kitaphanalary, esasan, onuň paýtagt şäherleri Merwde we Köneürgençde gülläp ösüpdir.  

Merwiň kitaphanalara baý bolandygyny tassyklaýan setirleri Seljuklylaryň taryhy bilen baglanşykly işlerde görmek bolýar. “Beýleki hiç bir şäher alymlaryň, dürli meşhur hem-de tanymal adamlaryň özünden gelip çykyşynyň sanynyň köplügi boýunça Merw bilen deňleşip bilmez” diýen setirleri W. A. Žukowskiniň eserlerinde gabat gelmek bolýar.    

Alymlaryň gelen netijeleriniň esasynda Merwiň orta asyrlar eýýamynda Orta Aziýanyň we Eýranyň, hatda tutuş musurman dünýäsiniň halklarynyň ylmy we medeni durmuşlarynda oýnan ägirt uly we iňňän möhüm roly durupdyr. Täze kysymly okuw mekdebiniň – medresäniň döredilmegi bilen bagly bolupdyr. Her bir medresäniň gapdalynda kitaphanany döretmek däp bolupdyr.

«Medrese» atly ýokary okuw mekdebiniň Gündogardan Günbatara ýaýramagy Beýik Seljuk imperiýasynyň dowam eden döwrüne gabat gelipdir. Bu döwletiň beýik soltanlarynyň musurman ylmynyň we medeniýetiniň öňünde bitiren we dünýäniň alymlary tarapyndan ykrar edilen ajaýyp hyzmatlarynyň biri, ol hem, bu okuw mekdeplerini we olaryň ýany bilen döwrüniň meşhur kitaphanalaryny döretmek däbini Merkezi Aziýadan Demirgazyk Afrika çenli ýaýradanlygyndan ybaratdyr.



Degişli Habarlar