Türkiýäniň we Ýewraziýanyň gün tertibi

Türkiýe-Azerbaýjan gatnaşyklary

Türkiýäniň we Ýewraziýanyň gün tertibi

1992-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Azerbaýjan bilen Türkiýäniň arasynda gol çekişilen Diplomatik gatnaşyklaryň açylmagy baradaky özara ylalaşyga 25 ýyl doldy. Biz hem gepleşigimiziň bu sanynda Türkiýe-Azerbaýjan gatnaşyklary hem-de onuň sebite ýetirýän täsirlerini analiz etmekçi.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň asisenti Jemil Dogaç İpegiň mesele baradaky analizini dykgatyňyza ýetirýäris.

 

Türkiýe Respublikasy 1991-nji ýylyň 30-njy awgustynda garaşsyzlygyny yglan eden Azerbaýjan Respublikasyny 1991-nji ýylyň 9-njy noýabrynda ykrar eden ilkinji ýurt boldy. Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar  1992-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda açyldy.

Özara gatnaşyklaryň hasam güýçlendirilmegi maksady bilen 2010-njy ýylda Prezidentleriň derejesinde Ýokary Derejeli Strategik Hyzmatdaşlyk Geňeşi döredildi. Azerbaýjan bilen başlan Türkiýe-Azerbaýjan-Gürjistgan, Türkiýe-Azerbaýjan-Eýran we Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistan üç taraplaýyn maslahatlary sebitleýin durnuklylyga, parahatçylyga we abadançylyga goşant goşan möhüm mehanizmler.

Hazaryň energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna çykarylmagy üçin çekilen Baku-Tibilisi-Jeýhan çig nebit geçirijisi we Baku-Tibilisi-Erzurum tebigy gaz geçirijisi taslamalarynyň iş ýüzüne geçirilmegi Azerbaýjan bilen Türkiýäniň arasynda doganlykdan strategik hyzmatdaşlyga barýan ýolda möhüm başlangyçlary emele getirýär. İki ýurduň arasyndaky söwda mukdary 5 milliard dollara barabar. İki ýurduň maksady 2023-nji ýylda söwda mukdaryny 15 milliard dollara ýetirmek.

İki taraply ynam we arkalaşyk esasynda ösýänh Azerbaýjan-Türkiýe gatnaşyklary halkara platformalarynda-da dowam edýär. iki döwloet BMG, ÝHHG, Ýewropa Geňeşi, Garadeňiz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Türk Geňeşi we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly halkara guramalarynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.

Azerbaýjan bilen Türkiýäniň arasyndaky harby hyzmatdaşlygyň çäginde iki ýurduň ýaragly güýçleri utgaşyklygyň berkidilmegi maksady bilen dürli türgenleşikleri geçirýärler. Soňky gezek maý aýynyň başynda Bakuwyň golaýynda harby tälim maksatly geçirilen türgenleşige müň esger, 80 tank we sowutly ulag, 60 top, 12 sany Mİ-35 we Mi-17 hüjüm hem-de ýük dik uçarlary hem-de howa goranyş ulgamlary gatnaşdy. Türgenleşik 5-nji maýa çenli dowam etdi we üstünlikli tamamlandy.

Azerbaýnyň Türkiýe türkleri ýaly oguz neslinden bolmagy taryhy tapgyrda bilelikde ýaşamagyň ýany bilen alyp gelen taryhy birligi we geografik ýakynlygy Türkiýäniň Azerbaýjan bilen has ýakyn hyzmatdaşlyk etmegini ýeňilleşdirýär. Türkiýäniň Azerbaýjan bilen gatnaşyklary köp ugurly we strategik derejede. İki ýurduň prezidentleriniň iş başyna gelmeginden soň we simwoliki ähmiýete eýe bolan wakalardan soň beýleki ýurda sapar gurama däpleri bar. Türkiýe-Azerbaýjan gatnaşyklarynda sebitde durnuklylygyň we parahatçylygyň üpjün edilmegi maksat edinilýär. İki ýurduň gatnaşyklary haýsydyr bir ýurt üçin howp emele getirmeýär. Türkiýe-Azerbaýjan gatnaşyklary strategik hyzmatdaşlyk adalgasyna doly bap gelýär. 25 ýyla golaý gysga möhletde gazanylan üstünlik we jebislik mizemez doganlyk gatnaşygynyň ajaýyp nusgasyny emele getirýär.

Türkiýe Ýokary GArabag meselesiniň Azerbaýjanyň territorial bitewiligine we özygtyýarlylygyna laýyklykda parahatçylyk ýollardan çözülmegi üçin tagalla edýär.

Şol çäkde Ýewropada Howpsyzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Minsk toparynyň agzasy hökmünde tagallasyny dowam etdirýär we esasanda 2016-njy ýylyň aprel aýynda front liniýasynda hem-de Azerbaýjan-Ermenistan serhediniň belli ýerlerinde bolan berk çaknyşyklardan hem-de adam pidalaryndan soň adalaryny we gepleşikleriň depgininiň güýçlendirilmeginiň hökmanydygyny her pursatda beýan edýär. Gynansagam Minsk topary entegem tutumly çemeleşmän, taraplary güýmemäge dowam edýär. Mesele boýunça kabul edilen halkara kararyň bardygyna garamazdan şeýle güýmeme usuly diýseň gynandyryjy. Ähli zada garamazdan Ýokary Garabag meselesiniň Azerbaýjanyň territorial bitewiligine laýyklykda parahatçylykly ýollardan çözülmegi üçin Türkiýäniň Azerbaýjana berýän goldawy dowam eder.

İki ýurduň strategik hyzmatdaşlygynda goranyş ugry uly ähmiýete eýe. Şeýle-de energetika pudagynda iki ýurduň arasynda düýpli hyzmatdaşlyk edilýär. İndi global taslama öwrülen TANAP tebigy gaz geçirijisiniň gurluşygynyň depgini güýçlendi. TANAP dolulygyna tamamlanandan soň Azerbaýjan bilen Türkiýäniň pozisiýasy we sebitiň strategik ähmiýeti hasam güýçlener.

1921-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Azerbaýjanyň Ankaradaky wekili İbrahim Abilowyň ynanç hatyny gowşuran maslahatynda M.K. Atatürkiň; “Azerbaýjanyň şatlygy şatlygymyz, gynanjy gynanjymyz” diýen sözleri onlarça ýyl soň Haýdar Aliýew tarapyndan “Biz bir millet, iki döwlet” sözi bilen jogap tapdy. Häzirki wagtda Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ähmiýeti halkara derejesinde ähmiýetli taslamalar bilen günsaýyn artýar.



Degişli Habarlar