Aktual Analiz

Aztek, Inka we Maýa medeniýetleri

Aktual Analiz

Aztek, inka we maýa ýaly beýleki medeniýetleriň ylymda hem-de medeniýetde ýeten sepgidi täze açyşlar bilen ýüze çykýar. Arheologik gazuw-agtaryşlar we şol gazuw-agtaryşlardan tapylan tapyndylaryň üstünde edilen işler konkretleşdigi saýyn, şu günki medeniýetiň mirasdarlary bolan bizi diýseň geň galdyrmaga dowam edýär.

İnjenerçilik, astronomiýa we lukmançylyk uğurlarynda ýetilen sepgitler diýseň uly. Durmuşyň birnäçe uğurlarynda ýeten sepgidine biz şu günki günde-de ýetip bilemizok. Onda-da matematika, geometriýa we astronomiýa ýaly ylymlarda döwrebap alymlaryň hyrçyny dişletjek sepgitlere ýetendikleri anyklanýar.

Älem giňişligi, galaksi, planetalaryň ýeri we olaryň alyslyklary bilen bagly işler döwrebap tehnologik serişdeler arkaly zordan kesgitlenilip bilinýär. Aradan geçen müňlerçe ýyla garamazdan ylymda ýetilen sepgitden nähili öňe geçendikleri entek kesgitlenilmedi.

Alymlaryň geçiren beýleki bir işi bolsa şol ägirt medeniýetleriň nähili ýok bolandygy barasynda.

Adamzady entegem haýran galdyrmaga dowam edýän şol medeniýetiň we tehnologiýanyň nähili ýok bolandygy barada anyk delil ýok. käbir tezislere görä köpçülikleýin adam pidalaryna sebäp bolan hassalyklar şol medeniýetleri ortadan aýyrypdyr.

Beýleki bir tezis bolsa bar bolan görkezijilere esaslanyp, şol medeniýetlerin agyr uruşlardan soň ýok bolandygy barasynda.

Meniň pikirimçe ikinji garaýyş ýerlikli ýaly. Hem şol tezislere barada käbir deliller hem bar.

Aslyna seredilende adamzadyň soňky 200 ýyllyk taryhyna ser salynanda şol tezisiň ýerliklidigine doly göz ýetirmek mümkin.

Maýanyň emele gelişi we ýaýramagy, 1-nji we 2-nji Jahan uruşlarynda onlarça million adamyň gyrylmagy bu meselede bizde bir garaýyşyň ýüze çykmagyna goşant goşup biler. Emma gynansagam şu günki günde adamlaryň ata-babalarynyň başdan geçiren pajygalaryndan degerli netije çykarmandygyny görmek bolýar.

Daş-töweregimize ser salanymyzda dünýäniň çar tarapynda ýarag täjirlerini görmek mümkin. İň bir garaşylmadyk ýerde, ýurtda ýarag täjiri bilen gabatlaşmak ähtimal.

Bir sagat ozal “adamzat üçin” beýik maksatlarla bilen işleýän, uruşdan ejir çekenlere el uzadan ýurtlarda birbada terrizmiň hemaýatkärine öwrülip bilýär.

Dünýäniň çar tarapynda din, kowum ýa-da döwlet dolanşygy tapawudyny goýmazdan ähli ejir çekýänlere kömek bermek üçin iş alyp barýan ynsanperwer guramasy birdenkä şeýtana öwrülýär.

Mysal üçin bir ganhor, hökmürowan medeniýete eýe adamlary öldürende dessine terrorçy atlandyrylýar. Beýleki tarapdan şol hökmürowan medeniýete degişli adam, ybadat edip metjitden çykanlary ýaş-garry, aýal-erkek diýmän öldürende ol “ýeke möjek” bolýar duruberýär.

Şu günki günde şol hökmürowanlar terrorizmi goldamakda aýyplan ýurtlaryna onlarça milliard dollarlyk ýarag satandan soň olary şol gara sanawda çykarýarlar.

Dünýäniň iň asuda, emma edik şonuň ýaly hem söwda-da güýçli pozisiýa eýeleýän sebitlerde terror aksiýalary birdenkä ýüze çykýar.

Ýa-da hökmürowan ýurduň basyşlaryna boýun egmän halatyňyzda birdenkä şäherleriňizde, adalaryňzda topar-topar terrorçylar peýda bolýar. Filippin onuň iň aýdyň mysaly.

Dünýäniň günortasyndan demirgazygyna çenli ähli ýere ýarag üýşürilýär. İň bir sofistiki we iň howply ýaraglary üýşürme bäsleşigine goşuldy ähli hökmürowanlar. Tehnologiýa we ellerindäki sermaýa daýanyp dünýäni alow topuna öwürýärler.

Biz bolsa kompýuter oýunlaryna tomaşa edýan ýaly şol päliazgynlyga hiç hili çäre görüp bilemizok.

Bilip, görýändigimize garamazdan dünýewi kyýamada tarap barýarys.

Alymlar emele beýni ýasanda adamlar şu soragy sorapdy; “Robotlar gözegçiligi ele alyp, adamzadyň soňuny getirip bilermi?”

Ol tas mümkin däl diýsek ýalňyş bolmaz. Çünki emeli beýnä duýgy ornaşdyrmak şu günki we geljekki asyrlaryň tehnologiýasy bilen mümkin däl ýaly görünýär. Emma güýjüň hökmürowanlygy bilen aňy duran adamlar biziň medeniýetimiziň soňuna çykyp biler. Ýagny öz duýgularymyz öz soňumyza çykjaga meňzeýär.

Hawa, biz şu günki günde inkalaryň, maýýalaryň medeniýetleriniň derejesine golaýladyk. Genetikada we biologiýada hyýalyň çäklerinden öte geçdik. Şol üstünligi plýuralist dünýä üçin peýdalanmagyň ýerine adamlary öldürmek we olary hökmürowanlygymyzy artdyrmak üçin peýdalanýarys.

Şu günki günde ähli ýurtlaryň bir ýyllyk goranyş çykdajylary bilen dünýädäki açlyk we ýoksullyk meseleleriniň çözüljekdigini bilýäňizmi?

İnkalar, azketler, maýýalar we beýleki medeniýetleri guranlaryň genlerini göterýäris. Ýagny biz şolaryň agtyklary.

Köp sanly ugurda şolaryň derejesine ýetip bilmändigimize garamazdan gynansagam harsydünýäligiň we men-menligiň ýesirine öwrülip, medeniýetimizi ölüm maşynyna öwürmegiň hötdesinden gelmegiň bäriýanyna ýetdik.

Men ata-babalarymyzyň hem onlarça müň ýyl ozal medeniýetlerini harsydünýäliklerine we men-menlige gurban edendiklerini pikirlenýärin.


Etiketkalar: sepgit , alymlar , medeniýetler , Maýa , Inka , Aztek

Degişli Habarlar