Türk Dünýäsinden Habarlar

Türk dünýäsiniň tapawutly ýerlerinden bize gelip gowuşan möhüm wakalar bilen bagly habarlar

Türk Dünýäsinden Habarlar

Ilkinji habarymyz Türkmenistandan. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow  “Aşgabat-2017” taslamasynyň çäklerinde hem-de jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak maksady bilen guralýan täze wagyz ediş çäresiniň başyny başlady. Ähli işgärler iş ýerlerine welosiped bilen giderler.

Ady agzalan çäre 2017-nji ýylyň Sagdynlygyň we ruhybelentligiň ýyly hökmünde yglan edilmeginiň we 28-nji iýulda V Aziýa Oýunlaryň başlanmagyna 50 günüň galmagynyň çäginde, 29-njy iýulda ähli edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri işlerine welosipedlerde giderler. Şol gün şäheriň çäklerinde nobatçy ulag, ýolagçy awtobusy hereket eder. 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow soňky Ministrler kabinetiniň mejlisiniň maslahatyndan ozal kampaniýa bilen baglanşykly ýüzlenme bermek maksady bilen Oguzhan köşgündäki iş ýerinden Ministrler kabinetiniň mejlisiniň binasyna welosiped bilen gelipdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibine laýyklykda 29-njy iýulda ähli edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri işlerine welosipedlerde gitmekleri göz öňünde tutulýar.

29-njy iýulda şäheriň ähli ýollarynda diňe welosiped we ýolagçy awtobuslar hereket eder.

Bu çäräniň ilatyň saglygynyň berkidilmegine, ekologiýa abadançylygynyň meseleleriniň çözülmegine hem-de welosiped sportunyň wagyz edilmegine ýardam berjekdigini aýdan türkmen lider “Halkyň saglygyna we asudalygyna üns bermek maksady bilen, fiziki we ruhy taýdan güýçli nesilleriň ýetişdirilmegi döwlet üçin ähli zatdan ozal möhüm bir wezipedir” diýdi.

 

Nobatda Gyrygyzystandan gelip gowuşan habarymyz bar. Merkezi Aziýanyň iň uly metjidi Gyrgyzystanda gurulyp gutaryldy.

Türkiýe tarapyndan Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde gurulan Merkezi Aziýanyň iň uly metjidiniň we kompleksiniň gurluşygy tamamlandy.

Türkiýäniň Din işleri edarasy tarapyndan Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkekde Orta Aziýanyň iň uly metjidi guruldy.

Gurluşygyna 2012-nji ýylda başlanan metjit Osmanly döwrüniň arhitekturasyna laýyklykda guruldy.

Ýurdyň paýtagty Bişkekiň gündogarynda takmynan 35 gektarlyk meýdanda gurulan metjit 7500 inedördül metrlik üsti ýapyk meýdana eýe. Metjidiň üsti ýapyk ýerlerinde we howlusynda takmynan 20 müň adam ybadat edip biler.

Bişkekdäki metjit Türkiýäniň paýtagty Ankaradaky Kojatepe metjidine meňzeýär.

Metjit takmynan 500 ulaga, Gurhan okadylýan otaglary, maslahatlar zaly, naharhanasy, täret alynýan ýeri we beýleki binalary bilen Ankaradaky Kojatepe metjidini ýadyňa salýar.

Gurluşyk meýdanynyň ýolbaşçylaryndan Musa Demirji Anadoly habarlar gullugyna beren beýanatynda metjidiň gurluşygynyň tamamlanandygyny belläp “Şu günki günlerde arassaçylyk we şuňa meňzeş işler edilýär. Ondan soň bolsa daş-töweregini timarlarys” diýip habar berdi.

Metjidiň her biri 70 metr beýikliginde, 4 minarasynyň bardygyny aýdan Demirji daşarky howla 5 girelgäniň, içerki howla 3 girelgäniň we ýerzeminede aýratyn merdiwanlar bilen 2 girelgäniň bardygyny belledi.

Geçen ýyldan bäri metjidiň gurluşygynda işleýändigini aýdan Demirji: “Metjidiň gurluşygynda işleýänleriň 10 göterimi gyrgyzlardan ybarat. Ýerli iş güýjüne aýratyn üns berdik” diýdi.

 

Gepleşigimizi Gazagystandan gelip gowuşan habarymyz bilen tamamlamak isleýäris.

Gazagystanyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew hökümediň daşary ýurtlardaky gazaklaryň ene dillerinde bilim almaklary üçin işe girişmelidigini belledi.

Gazagystanyň Prezidenti Nazarbaýew Garaşsyzlyk köşgünde geçirilen Bütindünýä Gazaklaryň V gurultaýynda eden çykyşynda: “Ruhy täzelenme, gelejege ýol” makalasynyň çäginde latyn elipbiýine geçiş, 100 ders kitabynyň terjime edilmegi, watanyňa göç taslamasy, Gazagystanyň mukaddes geografiýasy, global dünýäde döwrebap Gazagystanyň medeniýeti ýaly taslamalaryň durmuşa geçirilendigini mälim etdi.

Etniki gazaklary goldamagyň möhümdigini nygtan Prezident Nazarbaýew Raýatlar gaznasynyň döredilmeginiň gerekdigini habar berdi.

Nazarbaýew gaznanyň Bütindünýä gazaklar bileleşigi bilen etniki gazaklaryň goldanmagy bilen baglanşykly programanyň taýarlanmalydygyny belledi.

Daşary ýurtlardaky gazak ýaşlar üçin Gazagystanda bilim almak kwotasynyň 2 esse artdyrylmagy barada buýruk berendigini ýatladan Nazarbaýew: “Hökümediň daşary ýurtlardaky raýatlarymyzyň ene dillerinde bilim almaklary üçin işe girişmeli” diýip meselä üns çekdi.

Gazagystanyň Prezidenti Nazarbaýew daşary ýurtlardaky gazaklaryň Gazagystan bilen arabaglanşygyny berkitmelidigini belläp: “Nirde bolsaňyz boluň, Gazagystan hemişe kalbyňyzda bolsun. Gazagystan ählimiziň taryhy watanymyzdyr” diýdi.

Gurultaýa gatnaşan Türkiýäniň Mimar Sinan Şekillendiriş sungaty uniwersitediniň mugallymy Prof. Dr. Abdulwahap Kara gurultaýyň dünýäniň 40-a golaý ýurdunda ýaşaýan gazaklaryň Gazagystan bilen ysnyşmagyna uly täsiriniň bardygyny habar berdi.

Prezident Nazarbaýewiň “Ruhy täzeleniş, geljege ýol” makalasynyň çap edilmeginiň ýurdyň täzelenýändiginiň görkezijisidigini aýdan Kara daşary ýurtlardaky gazaklaryň eginlerine hem möhüm wezipeleriň düşýändigini we olara ruhy taýdan goldaw beriljekdigini nygtady.

Gurultaýa 39 ýurtdan 800-e golaý gazak gatnaşdy.

 



Degişli Habarlar