Dost-Doganlygyň Taryhy

Beýik türk jahankeşdesi Ewliýa Çelebi

Dost-Doganlygyň Taryhy

Türk we dünýä taryhynda belli bolan iň beýik jahankeşde we iň uly syýahatnama kitabynynyň ýazyjysy, Ewliýa Çelebi 1611–nji ýylyň mart aýynyň 25-nde Yssambylda dünýä inýär. Aňyrsy Kütahýaly bolan ýazyjynyň kakasy Köşk hökümdarlarynyň zergärleriniň ulysy Derwiş Mehmet Zylly Efendi. Ejesi Abaza we soňky ýyllada ýakyn dostlyk gatnaşyklaryny saklan weziri Melek Ahmet Paşanyň hem garyndaşydyr. Ewliýa Çelebiniň eserlerinde özüniň ýatlap geçişi ýaly ata-babasynyň arkasynyň, türkler üçin weli hasap edilen Hoja Ahmet Ýasawa baryp ýetýär.   

Ewliýa Çelebi, kakasynyň köşkde sözi geçýän adam bolandygy we şol döwrüň ady belli adamlaryndan biri bolandygy üçin köşkde sapak berýän abraýly mugallymlaryndan sapak alypdyr. Şeýhülislam Hamdi Efendi medresesinde ýedi ýyl okapdyr. Diňe bir dini bilim almak bilen galman saz ugrundan hem bilim alypdyr. Diňe bir din we saz ugrundan sapak almak bilen çäklenmän, gurhany ýatdan okamagy hem öwrenipdir. Soltan Murat IV buýrugy bilen köşkde iki ýyl ýaşapdyr we şol ýerde okuwyna dowam etmek bilen ýazuw we saz ugrundan sapak alypdyr.

Ewliýa Çelebi, zamanasynyň iň oňat ylym we bilimini almak bilen bir wagtyň özünde, öz ýaşan döwri üçin wajyp bolan çet ýurt dillerinden arapça we parsça öwreneninden soňra, kakasynyň goňşysy, zergär Simýondan grek dilini hem öwrenipdir. Az hem bolsa latyn dili boýunça hem sapak alypdyr.

1611-nji 1685-nji ýyllar arasynda, takmynan ýetmiş ýyla ýakyn ömür süren, dünýä taryhyna iň beýik jahankeşde hökmünde geçen we iň uly syýahatnama kitabyny ýazan Ewliýa Çelebi hiç haçan öýlenmändir. Onyň özüniň aýdyşy ýaly sakal we murt göýbermedik, hemme wagt sakal-murty syrylan, edep-ekramly bir asylzada.      

Gezmäge höwesjeňligi sebäpli, gezmek için dörän iň ýönekeýje pursaty hem öz bähbidi üçin ulanmaga höwesli bolan Ewliýa Çelebi bütin ömrüni gezmek bilen geçiripdir. Özüniň ýazan “Syýahatnama” eserinde özüniň öwran-öwran gaýtalaýşy ýaly Gretsiýa, Arap we Ajamda, Şwetsiýa, Polşa we Çehoslowakiýada, 7 yklymy we 18 paşalyklara degişli bolan ýerleri 51 ýylyň dowamynda gezipdir. Gezen ähli ýerlerinde 147 dile degişli bolan sözleri toplapdyr.

Hazirki wagtda Ewliýa Çelebiniň Topkapy köş muzeýindäki kitaphanysynda bar bolan we asyl nusgadaky teksti 4.000 sahypadan ybarat bolan 10 jiltlik “Syýahatnama” atly kitabyndan başga hem “Şakanama” atly bir eseriniň bolandygy hakyndaky maglumata gabat gelmek bolýar. Emma, gynançly hem bolsa, häzirki güne çenli şol kitaba ýa-da şol kitabyň ýeri hakynda maglumata gabat gelmeýäris. Bu güne çenli bar bolan we Ewliýa Çelebiniň ömri we döredijiligi hakyndaky maglumatlara esaslanmak bilen biziň bilýän ähli maglumatlarymyz onyň öz dilinden ýa–da öz eli bilen ýazan maglumatlardan ybaratdyr. Ewliýa Çelebi elli bir ýylyň dowamynda gezip geçiren ömründe, yzygiderli, gezen ýerleri we gören zatlary hakynda bellikler görnüşinde ýazgylar ýazyp alypdyr. Ýazyp alan belliklerinde nirelere gidendigini, giden ýerinde nämeler edendigini, nämeler görendigini, kimler bilen duşuşandygyny giňişleýin açyklamalar görnüşinde ýazypdyr. Haýsy senede we nirede ölendigi hakynda takyk maglumatlar tapmak we anyklamak mümkin bolmandyr. Emma, ýalňyzlyk künjeginde, Müsürde, 1685-nji ýyldan soň wepat edendigi çak edilýär.

Ewliýa Çelebiniň syýahatlary, şol syýahatlary mahalynda ýygnan maglumatlary esasynda ýazan “Syýahatnama” atly kitabynyň golýazmalary Topkapy köşk kitaphanasynda saklanýar. Şol golýazmalardan 1-nji we 8-nji jiltleriniň ýazyjynyň öz eli bilen ýazanlary hasap edilýär. Topkapy köşk kitaphanasynda saklanýan Bagdat köşgi bölümi 304-nji bukjada saklanýan 1-nji we 2-nji jiltleri 374 warakdan, 305-nji bukjada saklanýan 3-nji we 4-nji jiltleri 408 warakdan, 307-nji bukjada saklanýan 5-nji jildi 187 warakdan, 308-nji bukjada saklanýan 7-nji we 8-nji jiltleri 383 warakdan we Rewan köşgi 1457 bukjada saklanýan 6-njy jildi bolsa 188 warakdan ybaratdyr. Gynançly bolany bolsa, bu eseriň 9-njy we 10-njy jiltleriniň häzirki günlerde Türkiýede bolmazlygydyr. Ewliýa Çelebi ölenden soňra Müsürden Yssambyla getirilen şeýle gymmatly eseriň 9-njy we 10-njy jiltlerine gaty zeper ýetipdir. Şol döwriň hatdatlary tarapyndan üç nusga görnüşinde köpeldilipdir. Köpeldilen şol üç nusganyň biri Süleýmaniýe kitaphanasynyň Pertew Paşa bölümünde, beýlekisi bolsa Süleýmaniýe kitaphanasynyň Hajy Beşir Aga bölüminde, ýene–de bir nusgasy bolsa Topkapy köşk kitaphanasynyň Bagdat we Rewan köşgi bölümlerinde saklanýar. Bir jildi bolsa Yssambyl uniwersitetiniň kitaphanasynda saklanýar.

„Syýahatnama“, bell' taruhçy Žozef W. Hammer tarapyndan ylym dünýäsinde tanadylýança geçen wagtyň içinde kitaphanalarda saklanypdyr, köpçülige ýetirilmändir. 1843-nji ýylda Müntehabat-y Ewliýa Çelebi (Ewliýa Çelebiden saýlananlar) ady bilen ilkinji gezek onyň eserinden saýlama bölekler çap edilýär. Eser tutuşlygyna 1896-njy ýylda taryhçy we Ikdam gazetiniň eýesi Ahmet Jewdet tarapyndan çap edilmäge başlanýar we 1900-nji ýyla çenli ilkinji alty jildi çap edilýär. Kilisli Ryfat Kardam tarapyndan çapa taýýarlanan 7-nji we 8-nji jiltleri bolsa 1928-nji ýylda Türk taryh geňeşi tarapyndan, 9-njy we 10-njy jiltleri bolsa 1932-nji we 1938-nji ýyllarda Magaryf ministrligi tarapyndan çap edilýär.



Degişli Habarlar