Aktual Analiz

Birnäçe aýdan bäri Müsüre degişli bolan Tiran we Sanafir adalarynyn Saud Arabystanyna berilmegi gün tertibinde

Aktual Analiz

Adalaryň berilme meselesi huntajy Sisiniň tarapdarlarynyň arasynda-da düýpli dartgynlyklaryň ýüze çykmagyna sebäp boldy.

Geň zat, günbatarda bu meselede hiç hili makala ýazylmaýşy ýaly, Ýakyn Gündogardan hem sesini çykaran bolmady.

Ortaýer deňzi bilen Ýakyn Gündogara we şeýlelikde bütin dünýä uly täsir ýetirjek Tiran we Sanafir adalarynyn Saud Arabystanyna berilmegi düýpli analiz edilmeli. Çünki bu mesele geljekde energiýa bazarynyň iň aldym-berdimli bäsdeşlik giňişligine öwrüler.

Şol iki ada Akaba aýlağyny Gyzyl deňize birleşdirýär. Sina ýarym adasy bilen Tiranyň arasyndaky alyslyk 84,3 deňiz miline barabar.

Geçen hepde Müsüriň Prezidenti Abdulfattah Al Sisiniň Saud Arabystana beren Tiran we bilen Sina ýarym adasynyň arasyndaky deňiz ýolunyň ady halkara edebiýatda “Müsüriň içerki ýoly” atlandyrylýar. Adalaryn Arabystana berilmegi bilen birlikde şol dereje hem ortadan aýryldy. Mundan soň Gyzyl deňiziň girişi bilen Akaba aýlagynyň çykyşy täze bir hukuk derejesine eýe boldy. Şol dereje aýlaga kenary bolan we üýtgän hukuk derejesi bilen birlikde bähbitlerine zeper ýeten ähli ýurtlara täze bir mesele döretdi.

Hiç hili maddy gymmaty bolmadyk, üstünde ot bitmeýän, aşagynda ýekeje gram magdan ýa-da baýlyk bolmadyk şol iki ada Saud Arabystanyna näme üçin berildi? Şol soragyň jogabyny bilseňiz, tapmaça çözüler.

Müsürüň adalary Saud Arabystanyna bermegi bilen birlikde Pars aýlagynyň agzy indi “halkara suw ýoly” boldy. Ýagny ähli ýurtlaryň gämileri Akaba aýlagyna arkaýynlyk bilen, hiç kime hasap bermezden gelip biler. Şeýlelikde Müsüriň aglagdaky hökmürowanlygy dolulygyna ortadan aýrylýar. Aýlaga giriş-çykyşlar indi gözegçiliksiz bolar.

Aýlagda Ysraýylyň Eliat porty ýerleşýär. Eliatyň göni garşysynda Ortaýer deňzinde bolsa Aşdod porty ýerleşýär. Ysraýyl Aşdod bilen Eliat portlarynyň arasynda çekjek demir ýoly bilen ol ýeri Suweýş kanalyna alternatiw ýola öwürjekdigi ikiuçsyz. Şeýlelikde Müsüriň iň esasy girdeji çeşmesi bolan Suweýşe alternatiw dörär. Şonuň netijesinde-de Müsüriň ykdysadyýeti sözüň doly manysynda çökgünlik tapgyryna girer.

Eliat portynyň halkara derejesine eýe bolup, sebitiň iň iri söwda portlaryna öwrüljekdigi ikiuçsyzdyr.

İň esasysy Ysraýylyň harby goşunlaryna Gyzyl deňiziň gapysyna doly açar. İndi Ysraýylyň harby gämileriniň Somili, Ýemen ýa-da deňize kenary bolan haýsydyr bir musulman ýurduna barandygy sebäpli ýüze çykan dartgynlyklary habarlary ýygy-ýygydan okamagymyz mümkin.

Şeýlelikde Russiýanyň we Pars aýlagynda ýerleşýän ýurtlaryň Ortaýer deňizi bilen Türkiýäniň üstüaşyr gurmagy meýilleşdirýän energiýa geçirijilerine uly zarba urlar. Energiýa eksportyna tabyn bolan rus ykdysadyýeti hem agyr günleri başdan geçirer.

Müsüriň Prezidenti Siriniň şol adalary satmagyna Müsüriň harby goşuny we kazyýet organy hem berk garşylyk görkezdi. Emma Sisiniň emele getiren Mejlisi ylalaşygy tassyklady. Ylalaşyk sese goýulandan soň dessine güýje girdi.

Bütin dünýäni ýakyndan gyzyklandyrýan bu satuwyň dünýä media tarapyndan ünsden düşürilmegi düşnüksiz.

Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri we Bahreýn ýaly şalyklarda hökümetiň media ýetirýän täsiri güýçli.

Bu wakalar başdan geçirilýärkä “Al Jaziranyň” eýesi bolan Katar döwleti agyr diplomatik çykgynsyzlyga sezewar edilipdi. Sözüň doly manysynda jan derdindedi. Saud Arabystanynyň we hyzmatdaşy bolan şalyklaryň “Katar bilen dialog üçin ilkinji şerti Al Jaziranyň ýapylmagy” diýilýän madda indi düşnükli bolsa gerek!

Al Jazira Ýakyn Gündogarda oýnalýan oýunlary paş edip, arap halk köpçüligine maglumat berýärdi. Gynansagam şol şalyklaryň ilkinji nyşanasy Al Jazira boldy.

ABŞ-nyň Katary terrorizme goldaw bermekde günäkärlenden bäş gün soň oňa 10 milliard dollardan gowrak ýarag satmagy bütin dünýäni geň galdydy. ABŞ Siriýada PÝD/ÝPG terror guramasy bilen hyzmatdaş bolandan soň terrora goldaw berýän ýurt bilen söwda edermi, diýlen soraga jogap bermeli boldy. Emma ýüze çykan hakykat şeýle; Katar terrora hiç hili goldaw bermeýşi ýaly, terror guramasy DAİŞ-e garşy berk göreşýän Türkiýeden soň durýan ikinji ýurtdy. Katar Siriýada asuda ilata milliardlarça dollar kömek berdi.

ABŞ Katara milliardlarça dollar ýarag satandan soň şol ýurduň terrora goldaw bermeýändigine düşündi. Bu waka geň diplomatik usul hökmünde taryha geçdi.

Sanafir we Tiran adalarynyň Saud Arabystana berilmeginden soň Ýefwropa hem-de dünýä bazarlaryna ýetiriljek energiýa ýollarynyň hataryna ýene-de biri goşuldy. Ysraýylyň legal bolmadyk Kipriň grek dolanşygy bilen Ortaýer deňzinde nebit we tebigy gaz gözlegi hem şol çäkde seljerilmeli.

ABŞ we Ysraýyl rus energiýa koridoryna alternatiw koridor çekmegiň gözlegine çykana meňzeýär. Bularyň yzy süre Russiýanyň Asada degişli uçarlardan biriniň urlup düşürilmegini bahana edip, Siriýanyň howa giňişligini hyzmatdaş güýçlerine ýapandygyny beýan etmegi täze bir sowuk diplomatiýa akymyny ýüze çykardy.

Emele ýagdaýda ýüze çykarylan Katar meselesi Müsüre degişli adalaryň Saud Arabystanyna satylmagyny gizlemek üçin guraldymy diýlen soragy ýada salýar. Elbetde Katar meselesi başga dartgynlyklara sebäp boljak ada satuwyny gizlemek üçin ýüze çykarylmady. Onuň birnäçe sebäbiniň bardygy ikiuçsyz.


Etiketkalar: ada , Sisi , Müsür , Saud Arabystany , analiz

Degişli Habarlar