Türkiýäniň we Ýewraziýanyň gün tertibi

26-njy ýanwarda işe başlan Amerikanyň täze hökümetiniň Ýewraziýa sebitinde nähili syýasat alyp barjakdygy gyzykly bolmagynda galýar

Türkiýäniň we Ýewraziýanyň gün tertibi

Biz hem gepleşigimiziň bu sanynda Trampyň Ýewraziýa syýasatyny we sebite ýetirýän täsirlerini analiz etmekçi.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň asisenti Jemil Dogaç İpegiň mesele baradaky analizini dykgatyňyza ýetirýäris.

Türkiýäniň we Türki dilli döwletleriň merkezini emele getirýän Ýewraziýa sebiti birnäçe global güýjüň şol bir wagtda üns merkezine öwrülen ýerlerinden biri. Geljekki tapgyrda-da Ýewraziýa uly güýç çekeleşikleriniň başdan geçiriljek arenalaryndan biri bolar. Şol çäkde 2017-nji ýylyň başlarynda ABŞ-da iş başyna geçen Trampyň ABŞ-da we Ýewraziýa syýasatynda ýüze çykyp biljek täsirleri gyzykly bolmagynda galýar. Biz hem gepleşigimiziň bu sanynda Waşingtondaky täze hökümetiň Ýewraziýa taýdan eýe bolan manysyny analiz etmekçi.

Ýewraziýanyň kalbynda ýerleşýän türki dilli döwletler we Türkiýe bir tarapdan sebitlerinde ýüze çykmagy ähtimal güýç deňagramlyklaryna ünsli çemeleşýär. Beýleki tarapdan bolsa serhetaşa bähbitlerini goramaklaryny ýeňilleşdirjek strategiýalaryň gözleginde. Şol sebäpli diňe bir sebitdäki wakalar bilen däl, eýsem global aktýorlaryň işjeň syýasatlaryna-da ünsli çemeleşýärler. Geo medeniýetiň we geo syýasatyň özbolyşlyklaryndan peýdalanýan Türkiýe we türki dilli döwletler birden köp sebitleýin uldamdaky deňagramlyklara azda-kände täsir ýetirme potensialyna eýe. Şol sebäpli Türkiýe we türki dilli döwletler hem üns merkezinde durýan sebitdäki hem-de dünýä ulgamyndaky meseleler bilen ýakyndan gyzyklanmaga mejbur.

Trampyň ýolbaşçylygyndaky Amerikan hökümetiniň Ýewraziýa sebitinde nähili syýasat alyp barjakdygy baradaky soragyň jogaby ABŞ-nyň daşary syýasatynyň ugry taýdan iňňän möhüm. Bar bolan näbelliligiň ýene-de birnäçe wagt dowam etmegi ähtimal. Emma 20-nji ýanwarda Waşingtonda açylan täze sahypa ABŞ we dünýä taýdan täze hem-de ynjyk döwrüň başlangyjy bolup biler. Geljekki ýyllarda ýer ýüzüniň köp sanly künjeginde şol özgerlişigiň täsirleri duýular. Şolaryň arasynda Türkiýäni ýakyndan gyzyklandyrýan Türkistan sebiti hem bar.

Tramp Demirgazyk alýansyna jomartlarça goşandy bilen liderlik edýän ýurt bolmagyň ýerine gönüden öz bähbidini ileri tutýan beýik güýç hökmnde çemeleşmegi saýlap alýar. ABŞ-nyň Trans-Ýuwaş Umman hyzmatdaşlygyndan çekilmegi hem oňa mysal bolup durýar. Trans-Ýuwaş Umman hyzmatdaşlygy; Awstraliýa, Brunei Darussalam döwleti, Kanada, Çili, Ýaponiýa, Malaýziýa, Meksika, Täze Zelandiýa, Peru, Singapur, ABŞ we Wiýetnam ýaly döwletara söwda hem-de maýa goýum mümkinçiliklerini seljermek üçin täze şertleri ýüze çykarmagy nazarda tutan Obamanyň ykdysady başlangyçlaryndan biridi. Şol ýurtlar dünýäniň milli girdejisiniň 40 göterimden gowragyna eýe. Trans-Ýuwaş Umman hyzmatdaşlygy, Ýuwaş Umman bazaryny goramak arkaly söwda tariflerini aşakladyp we umumy şertleri kesgitlemek arkaly 12 ýurduň söwda hem-de maýa goýumlary üçin amatly şertleriň döredilmegini öz içine alýar. Trans-Ýuwaş Umman hyzmatdaşlygynyň döredilmegi bilen Hytaýyň global ykdysadyýetiň düzgünlerini ugrukdyrma güýjüniň çäklendirilmegi, işçileriň hukuklarynyň we daşky gurşaw düzgünleriniň goralmagy üçin standartlaryň kesgitlenmegi hem-de ABŞ-nyň täze bazarlara girmegine şert döretmegine garaşylýardy. Taraplar ähli agzalaryň tassyklamagyndan soň güýje girjek Trans-Ýuwaş Umman hyzmatdaşlygynyň döredilmegi baradaky ylalaşyga 2016-njy ýyoyň 4-nji fewralynda gol çekişdiler. Şonuň bilen birlikde 2017-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda saýlaw kampaniýasynda beren wadalaryna laýyklykda Amerikanyň Prezidenti Donald Tramp ýurdunyň Trans-Ýuwaş Umman hyzmatdaşlygyndan çekilmegi baradaky karara gol goýdy.

ABŞ-nyň Türkistan sebiti boýunça syýasatynda sebiti goňşy beýik güýçler bilen bagly strategiýalar esasy faktorlardan biri bolup durýar. Amerika meýilnamasyny türki dilli döwletler bilen gyzyklanýarka etjek başlangyçlarynyň resmi Moskwadaky we Pekindäki reaksiýalaryna laýyklykda hereket edýär. türkistan geo syýasatynyň Russiýa, Hytaý we beýleki esasy goňşylar bilen bilelikde utgaşdyrylmagy şol ýurtlar bilen gatnaşyklaryň türki dilli döwletlere hem täsir ýetirmegine sebäp bolýar. Şeýlelikde ABŞ Türkistana seredende Russiýany we Hytaýy hem görýär. Hytaýa we Russiýa bolan garaýşyndaky özgermeler bolsa Türkistan üçin netijeleri ýüze çykarýar.

Ýakyn geljekde ABŞ-nyň Ýewraziýa we Türkistan syýasatynda düýpli özgerlişige garaşamok, emma soňky 12 ýylda ilkinji gezek Respublikaçy dalaşgärlerden biri saýlawdan ozal Orta Aziýa barada beýannama berdi. Ol Amerikanyň daşary syýasatynda Orta Aziýanyň eýeleýän pozisiýasyny güýçlendirmegi taýdan görkeziji bolup biler. Soňky ýyllarda Ýewraziýada Amerika garşy hereketler ýaýbaňlanýar. Amerika oňa garşy ýumşak güýç faktorlaryndan peýdalanar, demokratiýa höweslendiriş syýasatyndan el çekmez.

Görülşi ýaly Türkistandan Türkiýä uzap gidýän sebitiň ähmiýeti diňe bir ABŞ üçin däl, eýsem ähli beýik güýçler taýdan artar. Şol giňişlik uly çekeleşigiň başdan geçiriljek sahnasyna öwrüler. Ýakyn geljekde Ýewropany we Hytaýy birleşdirjek “Türk guşagy” ähli taraplar üçin ähmiýetli bolar. Şol bir wagtda-da berk çekeleşik giňişligine öwrüler. Başdan geçirýän günlerimizde Türkiýäniň we türk dünýäsiniň ykbalyny biri-birine hasda berk baglanşdyrjak geo syýasy öwrülşigiň ilkinji tapgyrlaryny başdan geçirýän bolmagymyz mümkin.



Degişli Habarlar