Türk Dünýäsinden Habarlar

Türk dünýäsiniň tapawutly ýerlerinden bize gelip gowuşan möhüm wakalar bilen bagly habarlar

762280
Türk Dünýäsinden Habarlar

Ilkinji habarymyz Azerbaýjandan.

Nobel sylagygyna eýe bolan türk alymy Prof. Dr. Aziz Sanjar Azerbaýjanyň döwlet Ykdysadyýet uniwersitediniň talyplary bilen duşuşdy.

Sanjar Azerbaýjanyň Bilim ministrliginiň çakylgyna laýyklykda paýtagt Baku gelip Azerbaýjanyň döwlet Ykdysadyýet uniwersitediniň talyplary bilen duşuşdy we olar bilen söhbetdeş boldy.

Talyplara ýüzlenip eden çykyşynda üstünliklerini köp işläp gazanandygyny aýdan Sanjar talyplarada köp işlemeklerini, onuň bilen birlikdede şahsyýetlerini ýatdan çykarmazlyklaryny maslahat berdi.

Prof. Dr. Sanjar daşary ýurtlarda geçiren wagtlarynda hemişe köňlünde Türkiýäniň we Türk dünýäsiniň bolandygyny belläp: “Daşary ýurda gidip olaryň dilini öwrenseňizem olar size türk diýer. Şahsyýetiňiz bilen buýsanyň, hem amerikalylar hem-de iňlisler size hormat goýsyn” diýdi.

ABŞ-da guran Türk öýi barada gürrüň beren Aziz Sanjar: “Bu öýiň esasy maksady Türkiýäni we Türk dünýäsini tanatmak, okamak üçin ABŞ-na gelen türk talyplaryny ýaşaýyş ýer bilen üpjün etmek we talyplaryň ABŞ-na öwrenişmegini üpjün etmek. Nobelden gelen pulyň aglaba bölegini ol ýere iberdik” diýip habar berdi.

Azerbaýjanyň döwlet Ykdysadyýet uniwersitediniň rektory Adalet Muradowyň hem gatnaşmagynda geçen ýygnakda Aziz Sanjar talyplaryň soraglaryna jogap berdi.

Prof. Dr. Sanjar mundan başgada Baku guran saparynyň çäginde Bilim ministrligi we Azerbaýjanyň döwlet Ykdysadyýet uniwersitedi tarapyndan guralan “Uniwersitetlerde ylmy işleriň döwrebap dolanşyk nusgasy”atly maslahatda çykyş etdi.

 

Nobatdaky habarymyz Özbegistandan.

Anadoly habarlar gullugynyň berýän habaryna görä Özbegistan türkmen tebigy gazyny Günorta Aziýa ýurtlaryna iberilmegini öz içine alýan TOPH taslamasyna gatnaşmak üçin mümkinçilikleri gözlemäge başlady.

Habarda Özbegistanyň Türkmenistanyň tebigy gazyny Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Hindistana daşajak TOPH tebigy gaz geçiriji turba taslamasyna gatnaşmak üçin mümükinçilikler gözleýändigi habar berildi.

Özbeknebitgazyň başlygy Alişer Sultanow Daşkentde geçirilen metbugat ýygnagynda ýurdunyň TOPH taslamasyna gatnaşmak ýa-da bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginde operator bolmak perspektiwalaryny we mümkinçiliklerini gözlemäge başlandygyny mälim etdi.

Sultanow bu meseläniň Prezident Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana guran soňky saparynda gün tertibe gelendigini ýatladyp: “Türkmenistan tarapy bize TOPH taslamasyna gatnaşmagymyzy teklip etdi. Prezident Mirziýoýew bolsa Özbeknebitgazdan bu meseläniň derňelmegini isledi” diýdi.

Hazirki wagtda Özbegistanyň ady agzalan taslama gatnaşmagy bilen baglanşykly hiç hili resmi ýüz tutmanyň bolmandygyny aýdan Sultanow ady agzalan taslamanyň ýurtda öndürilýän tebigy gazyň eksport edilýän ýollaryň artdyrylmagy üçin uly bir mümkinçilikdigini we taslamany şol sebäpli gözden geçirendiklerini habar berdi.

TOPH taslamasynyň çäginde 2015-nji ýylda başlan we Türkmenistanyň günortasyndaky Galkynyş tebigy gaz ýatagyndan Owganystan serhedine çenli bolan 214 km uzynlygyndaky tebigy gaz geçiriji turbanyň öňümizdäki ýylyň ahyrynda tamamlanmagyna garaşylýar.

Türkmenistanyň tebigy gazynyň Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Hindistana iberilmegini öz içine alýan TOPH-yň durmuşa geçirilmegi bilen ýylda 33 milliard kub metr türkmen gazynyň eksport edilmegi meýilleşdirilýär.

 

Nobatda Türkiýeden gelip gowuşan habarymyz bar.

Türkiýede Erjan Köksalyň redaktorlygynda “Beýik stepiň ogly Çingiz Aýtmatow” atly bir kitap çap edildi. Kitapda 12 ýazyjynyň Aýtmatowyň eserleri, şahsy aýratynlyklary, eserlerinde öňe çykan temalar hakyndaky makalalar bar.

Kitap Erjan Köksalyň ýazan Çingiz Aýtmatowyň ömri-döredijiligi bilen başlaýar. Bahtiýar Aslan Aýtmatow bilen Hemengiweýi düşündirdi we tebigatyň dili bilen deňeşdirdi. Ýagmur Tunaly “Çingiz Aýtmatowy bilýär misiňiz?” atly makalasynda ýazyjynyň eserlerini näme üçin okamalydygynyň üstünde durup geçdi. Ülkü Eliuz Aýtmatowy eserlerindäki zenan harakterler barada ýazyp geçýär. Siýami Ýozgat Aýtmatowyň giňişleýin suratlandyrylyp geçilen atlar barada ýazýar. Turgaý Ýalanyz öz makalasynda “Ak gämi” eseriniň üsti bilen Kaka temasynyň üstünde durup geçdi. M. Fatih Kanter bolsa “Daglar agdarlanynda” we “Hemişelik nikaly” romanlaryndaky söýgi temalar barada ýazypdyr.

Kitap bulardan başgada Aýşe Ýylmaz Balkan, Sabahattin Çagyn, Imdat Awşar, Selami Akjelep, Ali Tawşanlyogly we Mustafa Uçurumyň makalalaryny öz düzüminde jemleýär.

Türk we dünýä edebiýetynyň örän mwşhur ýazyjysy bolan Aýtmatowyň üstünde giňişleýin durup geçen bu kitap ýazyjyny tanamak isleýänler üçin wajyp bir edebiýat çeşmesi häsýetindedir.

 

Gepleşigimizi Tatarystandan gelip gowuşan habarymyz bilen tamamlamak isleýäris.

Russiýa degişli Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde Tükiýedäki uniwersitetleriň uçurumlary jemlenişdi.

Türkiýedäki uniwersitetlerde tapawutly ýyllarda bilim alan tatarystanly we çuwaş 30-dan gowrak uçurym 3-nji üýşmeleňini geçirdiler.

Türkiýäniň Kazandaky konsullygynda geçirilen çärä Türkiýäniň Kazan şäherindäki Baş konsuly Turhan Dilmaç we Ministrler kabinetiniň Ýanyndaky Daşary ýurtlardaky türkler we Garyndaş halklar edarasynyň resmisi Mehmet Kylyç gatnaşdy.

Bu ýerde çykyş eden Mehmet Kylyç Russiýdan Türkiýäniň uniwersitetlerini gutaran 3 müňden gowrak adamyň bardygyny, öňümizdäki ýyllarda şolar bilen işleşmek isleýändiklerini habar berdi.

Häzirki wagtda Türkiýede Türkiýäniň talyp haklary bilen bilim alýan jemi 300 russiýaly talybyň bardygyny aýdan Kylyç öz mümkinçilikleri bilen giden okwçylar hem hasaba alynanda şol sanyň 1500-e golaýdygyny belledi.

Her ýyl 100 russiýala talyp hakyny berýändiklerini aýdan Kylyç bu talyp haklaryny alýan takmynan 30 adamyň tatarystanlydygyny mälim etdi.

Çärä gatnaşanlara türk tagamlar hödür-kerem edileninden soň Türkiýäniň baýdagynyň astynda ýadygärlik surata düşüldi.



Degişli Habarlar