Türkiýäniň we Ýewraziýanyň Güntertibi

Erdoganyň Hindistana sapary we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar

Türkiýäniň we Ýewraziýanyň Güntertibi

Türkiýäniň Prezidenti R.T.Erdogan maý aýynyň dowamynda ýokary depginli diplomatiýa alyp bardy. Şolaryň esasylaryndan biri hem Hindistan boldy. Biz hem gepleşigimiziň bu sanynda Erdoganyň Hindistana sapary we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary analiz etmekçi.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň asisenti Jemil Dogaç İpegiň mesele baradaky analizini dykgatyňyza ýetirýäris.

Türkiýe bilen Hindistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi Türkiýäniň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryndan biri. Prezident Erdoganyň Hindistana sapary türk daşary syýasaty taýdan iňňän möhüm. Erdoganyň Hindistana Milletçi hereket partiýasynyň halk deputatlary bilen gitmegi hem möhüm detallardan biri. Bu detal Erdoganyň täze döwürde alyp barjak içeri we daşary syýasaty taýdan bir görkeziji bolup biler.

Hindistanyň ilaty 1 milliarddan gowrak. Hindi okeanynda tebigy hökmürowanlygy bar. Arap dünýäsi bilen Malaý dünýäsiniň arasynda esasy geçelge. Baý etniki gurluşynyň düzüminde türk halklary bilen birlikde uly musulman gatlak hem bar. 7 region we 28 federasiýa bilen dolandyrylýan ýurtda 22 dilde gepleşilýär. Köp medeniýetli we köp dilli bolan Hindistan bilen Türkiýäniň gatnaşyklarynyň taryhy diýseň gadymy. Türkiýe REspublikasynyň Prezidentiniň tugrasynda Hindistanda gurlan Babur türk imperiýasyna 1 ýyldyz bilen wekilçilik edilýär. Häzirki wagtda Hindistanda 30 milliona golaý türki dilli halk ýaşaýar.

Hindistan uly satyn alyş güýjüne eýe 200-300 million sarp edijiniň ýaşaýan, durnukly makro ykdysady gurluşa eýe bolan bazar. Türkiýe bilen Hindistanyň arasyndaky söwda mukdary artýar. Emma iki ýurduň söwda gatnaşyklarynda Türkiýe amatsyz şertlere eýe. 200-den gowrak hindi firmasy Türkiýede maýa goýýar. Türkiýäniň Hindistanda goýan maýasy iňňän pes. Hindistan häzirki ösüş depginini dowam etdiren halatynda 2030-njy ýylda dünýäniň ykdysady taýdan güýçli ikinji ýurdyna öwrüler. Türkiýe Hindistan üçin Ýewropanyň we Ýakyn Gündogaryň bazarlaryna çykmak taýdan möhüm hyzmatdaş bolup biler. İki ýurduň arasyndaky söwda mukdary 6,5 milliard dollara golaý. Ol elbetde ýeterlik däl. gysga möhletde 10 milliarda ýetirmek iki tarap üçin hem amatly bolar. Bu ugurda iki tarapda-da ygtyýar bar.

Hindistanda häzirki wagtda gümrük paçlarynyň mukdary ýokary. Hindistanda liberallaşmak üçin edilen ähli başlangyçlara garamazdan ýokary gümrük salgytlary bilen ýerli senagatçysyny goramagy nazarda tutýar. Hindistanyň hökümetiniň Bütindünýä Söwda guramasyna beren kepillendirmesine laýyklykda çil mal importynda salgytlaryň 10 göterime, harytlarda bolsa 20 göterime çenli azaltmak barada söz berdi. Emma köp sanly harytdan goşmaça salgyt alynýar. Şol sebäpli jemi salgyt bellenen çäkden diýseň ýokary. Goşmaça salgytlar goşulanda harydyň gümrük salgydy iki esse artýar. İki ýurduň bankçylyk uldamlarynyň arasynda entek hiç hili hyzmatdaşlyk ýok. Türk banklaryndan alynýan kepilnamalar kabul edilmeýär. Habarçy bank meselesinde kynçylyklar bar we araçy banklar bilen edilýän işler diýseň gymmat düşýär. Hindistanyň banklaryndan gelen akreditasiýalar diýseň detally we operasiýa möhletleri diýseň uzyn. Ykdysady gatnaşyklaryň ösmegi üçin beýan edilen ugurlardaky kynçylyklar çözülmeli.

Hindistanda esasanda syýasatda güýçlenen yslamafobiýa jemgyýetde düýpli dartgynlykalara sebäp bolup biler. Bu meselede ünsli bolunmaly. Prezident Erdoganyň sapary bilen Türkiýe-Hindistan gatnaşyklary ýokary depginde öser. Şeýle-de bu saparyň käbir oňyn netijeleri bolup biler. Hindistan bilen Pakistanyň arasynda täze dialog şertleri ýüze çykyp biler. Hindistan-Hytaý gatnaşyklaryna goşant goşup biler. Kaşmir meselesiniň ilki gözegçilik astyna alynmagyna, soň bolsa çözülmegine hyzmat edip biler. Türkiýe, ABŞ bilen Russiýanyň Hindistan üçin eýeleýän pozisiýasyny deňagramlaşdyryjy funksiýa eýe bolup biler. Hindistandaky köp sanly musulman ilat we taryhda Hindistanda gurlan türk döwletlerinden galan miras Türkiýäniň şol potensiýalyny güýçlendirýär.

Türkiýe we Hindistanyň arasyndaky ýokary derejeli saparlaryň iki ýyldan bir iki taraply görnüşde amala aşyrylmagy peýdaly bolar. Bu saparlar diňe ýokary derejede däl, ähli derejelerde guralmaly. Ylmy işgärleriň, ylmy-barlag guramalarynyň gatnaşyklary ýaýbaňlandyrylmaly. Bilelikde ylmy-amaly maslahatlar guralmaly we iki ýurdy gyzyklandyrýan meseleler barada neşirler çykarylmaly. Jemläp aýdanymyzda Hindistan ýerleşýän sebiti, ilaty, serişdeleri we ykdysadyýeti bilen strategik ýurt we Türkiýe Hindistan bilen gatnaşyklaryny ähli taraplaýyn ösdürmäge dowam eder.

 


Etiketkalar: sapar , Türkiýe , Hindistan , Erdogan

Degişli Habarlar