Dost-Doganlygyň Taryhy

Unudulan zehinler – Mämmetnazar Babanazarow

Dost-Doganlygyň Taryhy

Oglan gözlerimi söýen günleriň,

Bugdaý kimin seçelenip galypdyr.

Mensiz otly köýnek geýen günleriň,

Meniň üçin ötülmesiz ýazykdyr.

 

Ýokardaky bendi, häzirki ady Medeniýet bolan, Daşoguz welaýatynyň Ýylanly etrabynyň Gyzyltakyr obasynda dünýä inen Mämmetnazar Babanazarowyň “Ýaşlyk” atly goşgusyndan alyp, onyň döredijilik ýoly hakyndaky gepleşigimize başlamagy makul bildik.

Nädereje dogry, näderejede nätakyk, emma lakin, il içinde Mämmetnazar Babanazarowyň şahyr bolşy hakynda uzyn bir kyssadan ýasalan kiçijik bir desse ýaly ediplıp aýdylýan gysgajyk bir gürüň bar welin, adamlaryň psihologiýasyny göz öňünde tutan mahalymyzda, il agzy keramt diýlişi ýaly, şol kyssanyň hem jany bolman durmaly däl.

Şahyr halkynyň her mahal sussupeslikden, gaýgy-gamdan uzak durmagy başaran  şahsyýetler bolandygyny ýatlasak, onda Mämmetnazar Babanazarowyň “Närazy bolma” atly goşgusyndaky şu iki setirini hem ýatlap geçmek gerek:

 

          Ol geçen günlerden närzay bolma,

          Bu bahar seniňki, ýylgyr ýazyňa.

          – diýip ýazýar.  

Şahyryň şu iki setiri hem, onyň durmuşynda bolup geçen waka hakynda ýokarda aýdan “Nädereje dogry, näderejede nätakyk,” diýýän wakamyzdan hem närazy bolmandygy hakynda iň bolmanda takmyn etmegmize mümkinçilik berýär. Wakalaryň şeýle gerim almagynda onyň, öňde–de bir şahyryň belläp geçişi ýaly:

 

Gelende hezillik, yz yany bilen,

Goşgy, bagt getirmiş öz ýany bilen

– diýen setirleri öz dünýäsine dolduryp aşakdaky kyssadan ýasalan bir dessede aýdylyp geçilýän wakany ýatlatmak bilen sözümize dowam edeliň.

Ynha şol kyssanyň gysgaça mazmuny şeýle:

“Mämmetnazar Babanazarow, ozal Magtymguly Garlynyň muzeýinde de işläpdir. Çelpek ýapdyda muzeý ot alansoň goşgy ýazyp başlapdyr”.  

Şu waka hem “Ynjama” atly goşgysyndan alan:

 

Bir gonan bagyňdan uçup gitmek kyn,

Köňülden köňüle göçüp gitmek kyn,

 

– diýen setirlerini ýazmagyn sebäp bolan bolmagy hem ähtimal.

Hakdan içen, halkdan içen uly şahyrlar edebiýata öz ýoly, öz dünýägaraýşy, öz stili bilen gelýärler, öz şahyrana dünýäsini döredip halkyna bagş edýärler.

Şygyrýet nähili bolmaly diýen soraga häzirki güne çenli çürt–kesik jogap berilmedik hem bolsa, şygra gezek gelende, islendik şygryň öz hyrydary, öz talapkär okyjysy tapylýar–da duruberýär. Ynha şol hem hyrydary hem talapkäri köp diýlen şahyrlaryň biri, öňki döwürde biziň ýaş şahyr diýýän, häzirki wagtyň ýaşlarynyň bolsa halypa şahyr diýip adyny agzap, özüni ýat edýänlerınden biri hem Mämmetnazar Babanazarowdyr.

Mämmetnazaryň dogduk depesine diýmäýin, onyň gezen we döreden ýerlerine öwran–öwran gidip gelen hem bolsam onuň muşdaklarynyň Mämmetnazardan habar beren halatlarynda Mätjan diýýändiklerini, Mämmetnazar Babanazarow hakyndaky şu gepleşigi taýýarlamaga otyran wagtym bilip galdym.

Ynha muşdaklary Mämmetnazar Babanazarowa öz aralarynda Mätjan diýmek bilen galman onyň söýülüp okalýan şygyrlaryny okamaklygy, olaradan öwrenmekligi hem wagyz edýärler.

Şahyryň şygryna sataşyp, ykballaryna siňen okyýjylary, diňe bir onyň goşgularyny okamak bilen galman, gelejekdäki öz döredijilik ýollarynda barjak menzillerine ýetmek üçin çelgi edinýärler.

 

Ýeneki ýaz,ýeneki güýz,

Ýeneki ýagmyrlar hakda,

Bahar dynman gürrüň berýär,

Bäbek deý ak sallançakda.

 

– diýen setirleri ýazan Oguljennet Bäşimowa, “Baharyň gelşi” atly şygrynyň başynda “Şahyr Mämmetnazar Babanazarowyň äheňinde” diýip onyň şygyrlarynyň öz döredijiliginde galdyran yzyndan gür berýär.

Şahyrlar obada dogulýarlar, şäherde hem ölýärler diýlişi ýaly, şahyrlar şäherde ýaşasa-da oba hakynda ýazmagy ýatdan çykarmaýarlar. Diňe bir ýatlaryndan çykarmak bilen galman obalary, dogduk depeleri hakynda ýazan goşgularynda obalaryndaky şatlygyny ýat edıp göwünlerine gam–gussanyň girýändigini ýatlap geçmegi ahmal etmeýändiklerini Babanazaryň “Oba. Ýaz gijesi” atly goşgysynda hem görmek bolýar:

 

          Bu gije negözel asman keşdesi,

          Utanyp baglara siňipdir tümlük.

          Ýöne bilmen şatlyk pasly geçdimi,

          Göwnüme gam–gubar giripdir sümlüp.

 

Onuň irki döwürdäki goşgularynda namartlyk, öz diýenlilik, batyrgaýlyk, namysjaňlyk we ýene–de şuňa meňzeş mowzuklar  öz beýanyny tapýar.

 

Namart adamlaryň kadasy–da berk,

Hala ahmal biliň, hala çyn biliň.

Gowy tarapyňy goltugyňa berip,

Ahmal ýeriň bilen baglarlar diliň.

 

Ýokardaky bendiň setirlerinde namartlyk mowzugy ele alynýan bolsa, “Ökünç” atly şygrynda namartlyk ýaly men–menligiň hem soňynyň ökünç bilen bitjekdiginden habar berýän setirleri taraşlap öz okyjylaryna ýetirendigini görmek bolýar.

 

Ezilip, çoýunyp görmedim oda,

Ýaz deý çagajyga habar gatmadym.

Uzakda mes bolup göterdim bada,

Goňşymyň öýünden habar tutmadym.

 

Bilmedim jahanda myradym nedir,

Söýenim ýok,

Bardy diňe halanym.

Ýatsaň–tursaň kellä geljek zatmydyr,

Öz kerwenimi öz–özümiň talanym.

 

Mämmetnazar Babanazarowyň soňky döwürlerdäki goşgularynda watansöýüjilik, wepalylyk şeýle hem bagtyýar ýurdumyzyň şadyýan durmuşynyň sakasyndaky Beýik Arkadagymyza mynasyp waspnamalar öz beýanyny tapýar.

Mämmetnazar Babanazarowyň döredijiliginiň muşdaklary şygyrýet älemine ýaňy aýak basan şahyrlara, Mämmetnazar Babanazarowyň goşgularyny okamaklaryny maslahat berýärler.

Şahyryň galyň–galyň, jilt–jilt kitaby ýok, bary–ýogy üç sany çelpek ýaly kitaby bar diýilse–de, Mämmetnazar Babanazarowyň goşgylaryny diňe bir türkmen okyjylary däl, eýsem 1986–njy ýylda rus dilinde çap edilen goşgylar we poemalar kitabynyň saýasynda rus dilinde gepleşýän okyjylar hem okamaga mümkinçilik tapdylar.  

 



Degişli Habarlar