Türkiýäniň we Ýewraziýanyň Güntertibi

“Bir Guşak-Bir Ýol: Dörebap Ýüpek Ýoly” taslamasy

Türkiýäniň we Ýewraziýanyň Güntertibi

Hytaýyň uzak ýyllardan bäri tanyşdyrmaga dowam eden Döwrebap Ýüpek ýoly taslamasy üçin 29 ýurduň döwlet we hökümet ýolbaşçylary maý aýynyň dowamynda Pekinde duşuşdylar. Biz hem gepleşigimiziň bu sanynda “Bir Guşak-Bir Ýol: Dörebap Ýüpek Ýoly” taslamasyny analiz etmekçi.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň asisenti Jemil Dogaç İpegiň mesele baradaky analizini dykgatyňyza ýetirýäris.

2013-nji ýylda “Bir Guşak-Bir Ýol: Döwrebap Ýüpek Ýoly” ady bilen Hytaýyň lideri Si Szinpin tarapyndan yglan edilen taslama üçin 29 ýurduň döwlet we hökümet ýolbaşçylary maý aýynda Pekinde duşuşdylar. Hytaý taslama üçin 2014-nji ýylda Ýüpek ýoyly Ykdysady guşagy gaznasyny döretdi. Şol gazna 40 milliard dollar serişde bölünip berildi. Taslama goldaw üçin hem 2014-nji ýylda 100 milliard dollarlyk maýaly Aziýanyň infrasrtuktura bankyny açdy. Türkiýe Respublikasy şol bankyň esaslandyryjy agzasy. Çaklamalara görä taslama 65 ýurtda 4,4 milliard adama we 20 trillion dollarlyk gymmata eýe bolar.

Taslamanyň esasy maskady Aziýa-Ýewropa liniýasynda esasy ykdysady güýçleriň arasynda transport infrasrtukturasyny, söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny ýola goýmak. Taslama bir ýoldan ybarat däl. Köp taraply we dürli alternatiwleri özünde jemleýär. Gury ýerden we deňizden iki esasy esasy halkara söwda ugry bar. Birijinsi; Ýüpek ýoly ykdysady guşagy, ikinjisi; Deňiz Ýüpek ýoly. Türkiýe “Orta koridor” atlandyrylýan Hytaý-Merkezi we Günbatar Aziýa koridorynyň ugrunda ýerleşýär. Ýol adalgasy bilen deňiz ýoly göz öňünde tutulýar. Şol çäkde günorta we günorta-gündogar Aziýadan gündogar Afrikla we Ortaýer deňzi sebitine çenli uzap gidýän deňiz giňişliginde meýilleşdirilen portlar we beýleki kenarýaka desgalary nazarda tutulýar. Täze Ýüpek ýoly başlangyjy Hytaýyň Marşall meýilnamasy hökmünde hem atlandyrylýar. Hytaýyň öňbaşçylyk edýan taslamasy 2-nji Jahan urşuyndan soň ABŞ-nyň Marşall kömeklerine meňzedilýän hem bolsa, ykdysatçylaryň hasaplaryna görä ondan 12 esse uly.

Türkiýe Hytaýyň başlangyçlaryny häzirki wagtda ulanylýan Marmaraýa we Ýawuz Soltan Selim köprüsine goýan maýa goýumlary bilen goldady. Şeýle-de üçünji howa menzili, Baku-Tibilisi-Kars we Edirne-Kars demir ýoly taslamalary bilen goldama dowam edýär. Türkiýe şol anyk başlangyçlar bilen ilkinji nobatda taslamanyň guryýer bölegine degişli boldy. Koridor, açylandan soň Hytaý bilen Türkiýäniň arasyndaky ýük geçiriş möhleti 30 günden 10 güne çenli azalar. Pekinden deňiz ýoly bilen iki aýda gelip gowuşýan harytlar iki hepdenden hem az möhletde Stambula geler. Gara ýolunyň uzynlygy hem üç müň kilometre çenli gysgalar. Merkezi Hytaýda ýerleşýän dünýäniň iň uly logistika kärhanalaryndan biri bolan KOSKO Türkiýäniň esasy konteýnyr portlaryndan biri bolan Kumporty satyn aldy. Şeýlelikde Türkiýe taslamanyň deňiz bölegine hem degişli boldy.

Türkiýäniň Prezidenti Erdogan; syýahatçylyk, ylym, tehnologiýa we media ugurlarynda giň gerimli medeni hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagyny, talyp we hünärmen çalşygynyň ýaýbaňlandyrylmagyny teklip edýar. Erdoganyň pikiriçe bu taslama sebitde we dünýäde terrory hamala diýersiňiz ýer bilen ýegsan etjek başlangyç bolar. Erdogan Türkiýäniň taslama ähli goldawy bermäge taýardygyny her pursatda nygtaýar.

Aziýada, Afrikada we Ýewropada uly infrasrtuktura maýa goýumlarynyň goýulmagyny nazarda tutýan taslama şol bir wagtda-da dini merkezleriň, medeniýetleriň we jemgyýetara ykdysadyýet-medeni gatnaşyklaryň berçinleşmegine şert döreder. Taslama Hytaýy, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Türkiýäni, Eýrany we Russiýany öz içine alýar. Taryhda Ýüpek ýoşunyň esasy geçiş ugurlaryndan biri bolan Anatoliýada ýerleşýän Türkiýe Hytaýdan başlap, Ýewropa çenli uzap gitjek taslamanyň esasy ýurtlaryndan biri. Ýewropa, Aziýa we Ýakyn Gündogar sebitleriniň kesişýän nokadynda ýerleşýan Türkiýe, taslamanyň gara we demir ýolaryny öz içine alýan Ýüpek ýyly Ykdysady guşagy ugrunyň Ýewropa birleşýän nokadyny emele getirýär. Netijede Hytaýyň we Türkiýäniň biri-birine bolan garaşlylygy iki taraply. Hytaý Ýüpek ýoly başlangyjynyň merkezini emele getirýän Türkiýe bilen gatnaşyklaryny ösdürip, Ýüpek ýoluny hem dikeltmäge synanşýar.

Türkiýe deňiz porty boýunça baý tejribä eýe we deňiz ýolunda amatly şertleri bar. Emma esasanda demir ýoly we logistika tory ýaýbaňlandyrylmaly. Türkiýe şol taslamalar bilen birlikde Ýüpek ýyly ykdysady guşagy zolagynda ýerleşýän Hytaý, Eýran, Russiýa ýaly ýurtlar bilen ösen ykdysady gatnaşyklaryny güýçlendirer. İň esasysy bolsa Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzstan we Özbegistan bilen bolan gatnaşyklaryny hem ýokary derejä göterip biler.

 



Degişli Habarlar