Türk Dünýäsinden Habarlar

Türk dünýäsiniň tapawutly ýerlerinden bize gelip gowuşan möhüm wakalar bilen bagly habarlar

Türk Dünýäsinden Habarlar

Ilkinji habarymyz Türkmenistandan gelip gowuşdy. Energetika çeşmelerini dünýä bazarlaryna howpsyz ýagdaýda ýetirilmegi bilen baglanşykly meseleler Aşgabatda geçirilen Halkara Energetika forumynda ara alynyp maslahatlaşyldy.

Halkara Energetika Hartiýasynyň “Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn Çarçuwaly ylalaşyga tarap ýol” atly Aşgabat forumy Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň mejlisiniň başlygynyň orunbasary Maksat Babaýew we Energatika hartiýasynyň baş sekretary Urban Rusnakyň çykyşlary bilen başlady.

Halkara konferensiýada Energatika hartiýasy ylalaşygyna degişli ýurtlaryň resmileri, halkara guramalaryň wekilleri we energetika babatynda iş alyp barýan hünärmenler çykyş etdiler. Öndüriji ýurtlar, tranzit ýurtlar we energetika sarp edijileriň arasyndaky täsirlik we koordinasiýa zerurlygyna ünsleri çeken çykyş eden adamlar Türkmenistanyň ýolbaşçylygyndan geçirilen forumyň hyzmatdaşlygyň özgermegine goşant goşjakdygyny bellediler.

Ýewropa Komissiýasynyň Energetika bileleşiginiň başlygynyň orunbasary Maros Sefkowiç hem wideo şekilli göni aragatnaşyk arkaly foruma gatnaşdy. Sefkowiç şu ýylyň fewral aýynda ÝB-Azerbaýjan-Türkiýe-Türkmenistan ýaly ýurtlaryň gatnaşmagynda Bakuda geçirilen maslahatyň Hazar deňizindäki tebigy gazy Ýewropa ýetirilmegi babatynda umytlanydyrjydygyny nygtady.

 Halkara maslahatda Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň wekili Tranzit turba geçirijileri bölüminiň başlygy Reha Aýkul Muratogly hem çykyş etdi. Muratogly energetika öndürýän ýurtlar bilen esasy alyjy ýurtlaryň arasynda ýerleşýän Türkiýäniň hem ykdysady hem-de ynamly bir tranzit merkezidigini we bu babatda gerek bolan ygryýara we infrastruktura eýedigini belledi.

Türkimenistan Energetika Hartiýasynyň 2017-nji ýyl döwürleýin başlyklygyny ýerine ýetirýär. Şol çäkde Energetika hartiýasy ylalaşygynyň esasy organy bolan Energetika hartiýasy konferensiýasy hem 28-29-njy noýabr aralygynda Aşgabatda geçiriler.

 

Gepleşigimizi Gazagystandan gelip gowuşan habarymyz bilen dowam etdirýäris.

Astanada Beýik düzlük forumy öz işine başlady. Astana Halkara Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Gazagystanyň Döwlet sekretary Gulşara Abdykalikowanyň gatnaşmagynda Beýik düzlük ynsanperwer ylymlar II Halkara forumy geçirildi.

Akorda metbugat gullugyny berilen beýanata görä maslahatyň açylyşynda çykyş eden Gulşara Abdykalikowa gatnaşyjylara Gazagystanyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň gutlag hatyny okady. Gutlag hatda degişli maslahatyň materigara ylalaşyk üçin uly goşant goşjakdygy we ikitaraplaýyn düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň ösmegine oňaýly täsir ýetirjekdigi nygtaldy.

Maslahata gatnaşan Russiýa, ABŞ, Hytaý, Germaniýa, Wengriýa, Mongoliýa, Günorta Koreýa, Hindistan ýaly ýurtlardan gatnaşan takmynan 300 ylmy işgär we hünärmenler forumda geçirilen alty aýry bölümde ýurdyň Prezidenti nursultan Nazarbaýewiň “Geljege syn: adamlaryň aňynyň döwrebaplaşdyrylmagy” makalasy bilen baglanşykly garaýyşlaryny beýan etdiler.

Forumyň çäginde mundan başgada soňky ýyllarda Halkara Türk akademiýasy tarapyndan çap edilen kitap sergisi geçirildi.

Maslahata BMG, UNESCO, ISESCO, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Bilim gaznasy, Türk Geňeşi,  TÜRKSOÝ, TurkPA ýaly halkara guramalaryň başlyklary we wekilleriş döwlet adamlary, meşhur ylmy işgärler we diplomatlar gatnaşdylar.

 

Soňky habarymyz Tatarystan bilen baglanşykly. Türkiýäniň Russiýadaky ilçisi Hüseýin Diriöz KazanSummit-2017-ä türk kärhanalarynyň işjeň ýagdaýda gatnaşmagynyň Türkiýäniň Tatarystana bolan gyzyklanmasynyň bir görkezijisidigini belledi.

Tatarystanň resmi habarlar agentligi “Tatar-inform” beýanat beren Hüseýin Diriöz KazanSummit-2017 üçin ajaýyp bir çäre geçirendikleri sebäpli Tatarystany gutlady.

Ilçi Tatarystanň diňe ykdysady taýdan dälde, şol bir wagtda medeni, syýahatçylyk ugurlarynda hem Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda köpri wezipesini ýerine ýetirýändigini habar berdi.

Diriöz beren beýanatynda KazanSummitiň çäginde Tatarystanyň Prezidenti Rüstem Minnihanow bilen hem duşuşyk geçirendigini ýatlady.

Duşuşykda Tatarystan-Türkiýe hyzmatdaşlygy meseleleriniň ele alynandygyny aýdan Diriöz iki respublikanyň arasynda bar bolan hyzmatdaşlygyň möhümligine hem ünsleri çekdi.

Hüseýin Diriöz bu duşuşykda şeýle hem ykdysady gatnaşyklaryň hem üstünde durulyp geçilendigini belläp Tatarystan tarapyny ikitaraplaýyn gatnaşyklary arakesmesiz dowam etdirmekleri sebäpli gutlandygyny mälim etdi.



Degişli Habarlar