Aktual Analiz

Gündogar blogunyň dargamagyndan soň dünýä bir blokly häsýete eýe boldy

Aktual Analiz

1945-nji ýylda kabul edilen Ýalta ylalaşygy bilen dizaýn edilen dünýä ýetilen sepgitde düýpli çykgynsyzlygy başdan geçirýär.

Sloweniýanyň 1990-njy ýylyň 2-nji iýulynda garaşsyzlygyny yglan etmegi bilen birlikde Ýugoslawiýada içerki uruş başlaýar we Ýalta dizaýnynyň soňunyň başlangyjy bolýar.

Ol diýseň pajygaly boldy. Bosniýa-Gersogowinada musulmanlara taryhyň iň agyr gyrgynçylygy edildi. Şol gyrgynçylyk Ýewropanyň gözüniň öňünde, hat-da käbir gyrgynçylyklar Ýewropanyň harby goşunlarynyň gözegçiliginde edildi.

Gollandiýanyň kazyýeti 2014-nji ýylyň iýul aýynda öz ýurdunyň goşunynyň Srebrenisada 10 müňe golaý musulman boşnýagyň serpler tarapyndan gyrylmagyndan jogapkärdigi barada höküm çykarypdy.

Demokratiýanyň, adam durmuşynyň mukaddesliginiň merkezidigini öňe sürýän Ýewropa, serpleriň gyrgynçylygyndan halas bolmak üçin özlerine sygynmak islän 500 müňden gowrak boşnýaga serhetlerini ýapypdy. Awstriýa, Germaniýa we İtaliýa 2-nji Jahan urşundan soň ilkinji gezek 7/24 görnüşli serhet gözegçiligini we yzgiderli howpsyzlyk zolagyny döredipdi. Gaçara ýeri galmadyk boşnýak ilat serpler tarapyndan gyrylypdy.

NATO-nyň Ýugoslawiýadaky içerki urşa goşulyşmagy azda-kände hem bolsa umyt döredipdi. Gynansagam ABŞ-nyň ýadro ýarag baradaky jedeli bilen 1991-nji ýylda Yrakgy we yzýanyndan Owganystany basyp almagy dünýäni terror girdabyna batyrdy.

Şu günki günde başdan geçirilýän terror wakalarynyň sebäp-netije gatnaşygy indi diňe bir yslam bilen gündogar dünýäsinde däl, eýsem günbatarda-da giňden seljerilýär. Sebäp-netije gatnaşygy näme bolanda-da haýsydyr bir terrorçy topar ýa-da terror aksiýasy bigünä däldir.

Terror aksiýalary 100 ýyla golaý wagt bäri dünýäniň başyndaky uly belalardan biri.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Erdogan uzak ýyllardan bäri günbatarly hyzmatdaşlaryna terroryň serhetaşa häsýete eýedigini düşündirmäge synanşýar. Terror bilen hyzmatdaşlyk edýänleriň şol belanyň öz garşysyna çykjakdygyna ünsi çekýär.

Türkiýe PKK we onuň Siriýadaky bölegi bolan PÝD-ÝPG guramasyna onlarça müň raýatyny gurban etdi. Türk howpsyzlyk güýçleriniň şu günki günde PKK we onuň ýaranlaryna garşy geçirýän operasiýalarynda ele salan ýaraglary, raketalary we ýaraglary dolulygyna günbatara degişli bolmagynyň jogaby bolmalydyr hökmany suratdy.

Ýarym asyra golaý wagt bäri Türkiýe terrora garşy ýekelikde göreşýär. Şol göreşinde köp sanly günbatarly hyzmatdaşy tarapyndan ýeke goýuldy. Ondan hem beteri hem NATO-da hem-de syýasy we söwda taýdan Türkiýe bilen hyzmatdaşlyk edýän köp sanly Ýewropa ýurdy şu günki günde terrorçylara ýer eýeçiligini edýär.

Geçen aýlarda türk gyşunynyň düzümindäki Fetullahçy terrorçy ofiserler Türkiýede agdarlyşyk etmäge synanşyp, ýüzlerçe adamy gyrgy, müňlerçesini ýaralapdy. Şunça bigünä adamy gyran şol terrorçy ofiserler Germaniýanyň başda durmagynda köp sanly Ýewropa döwleti tarapyndan hamala diýersiňiz gyzyl haly bilen garşy alyndy.

Türk döwleti birnäçe gezek Germaniýanyň ýer eýeçiligini edýan 4500-e golaý terrorçynyň yzyna berilmegini isledi. Nemes hökümeti we döwleti bolsa her gezeginde ony eşitmediksiredi.

Türkiýede işewür adamlardan birini öldürendigi bütin dünýä tarapyndan bilinýän terrorçy Fehriýe Erdal 20 ýyldan bäri Belgiýada myhmançylykda.

Türkiýede esger, polis, çaga, aýal-erkek, garry diýmän öldüren ähli terrorçylaryň gündogar ýurtlarynda däl, eýsem Ýewropada kabul edilmeginiň bir jogaby bolmaly.

Emma şu çaprazlyga serediň; günbatar dünýäsi hususan-da Ýewropa, gündogary terrora sebäp bolmakda günäkärleýär. Eýsem günbatarly hyzmatdaşlar şol çaprazlyklaryny öz çagalaryna nähili düşündirerkäler?

Terror, wagşy tarapyny golaýda Türkiýäniň hyzmatdaşy bolan Britaniýada görkezdi. Ondan ozal Şwesiýada, Germaniýada, Belgiýada, Fransiýada… Ýewropanyň esasy şäherlerinde terror şol wagşy tarapyny görkezdi. Ýüzlerçe bigüna adamy gyrdy.

Eýesem düýn hem gündogaryň şäherlerinde, paýtagtlarynda bombalar ýarylýardy, asuda ilat gyrylýardy. Emma şu günki günde günbataryň paýtagtlarynda-da gündogardakylar ýaly terror hüjümleri guralýar.

Terror indi bir merkezden ýa-da belli bir sebitden çykyp, bütin dünýä ýaýraýan jenaýat däl. ýerli we sebitleýin bolanlara goşmaça bir adamlyk terror hüjümleri bilen bagly habarlar çykmaga başlady. Bu hassalyk dünýäde günsaýyn ýaýbaňlaşjaga meňzeýär.

Çünki dünýäniň güýçli döwletleri adalat mehanizmini kadaly işletmeginiň ýerine öz milli we syýasy bähbirlerini ileri tutýarlar. Sowet dolanşygynyň bähbidi üçin edilen pajygaly terror hüjümleri “ynkylapçy basyş” ady bilen gizlenip, legallaşdyrylmaga synanşylýardy. Eýsem häzirki döwürde terrorçy aksiýalar özlerini başga atlar bilen gizlemek hem islemeýär.

Terroryň dünýäni we adamlaryň janyny zamun alan döwründe ÝB-ne agza ýurtlar gynansagam köp sanly terror guramasyna ýer eýeçiligini edýär. Türk, yrakly, eýranly ýa-da siriýaly müňlerçe adamy gyran ýa-da olaryň ölüm buýrugyny beren terrorçylar şol ýurtlarda ýaşaýar.

Hatda ýewropaly hyzmatdaşlar terrorizm meselesinde şeýle geleňsiz hereket edýärler welin; 2016-njy ýylyň 16-njy iýulyndaky harby agdarlyşyk synanşygyny edip, ýüzlerçe bigünä adamy öldüren türk ofiserlerine we generallaryna gapylaryny doly açýarlar.

Asuda we amatly şertlerde ýaşaýan adamlaryň şahsy terror aksiýalaryny guramaklary ýa-da DAİŞ-iň düzümine goşulmaklary diňe bir “çetleşdirme” bilen düşündirlip bilinmez. Adamlaryň adalata bolan isleglerini kanagatlandyrmazlyk hem pajygalaryň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Şu günki günde gynansagam ÝB-ne agza köp sanly ýurt eýeleýän pozisiýalary bilen özlerine pajygaly geljek taýarlaýar.



Degişli Habarlar