Türkiýäniň we Ýewraziýanyň Güntertibi

Türkiýe-Hytaý gatnaşyklary

Türkiýäniň we Ýewraziýanyň Güntertibi

 

 

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R.T.Edogan mundan birnäçe wagt ozal Hytaýa resmi sapar gurady. Biz hem gepleşigimiziň bu sanynda şol sapar we Türkiýe-Hytaý gatnaşyklaryny analiz etmekçi.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň asisenti Jemil Dogaç İpegiň mesele baradaky analizini dykgatyňyza ýetirýäris.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R.T.Edogan Pekinde geçirilen Halkara hyzmatdaşlyk üçin Bir Guşak-Bir Ýol forumyna gatnaşmak we Hytaýyň döwlet Başlygy Si Sizinpin bilen duşuşmak üçin birnäçe wagt ozal Hytaý Halk Respublikasyna resmi sapar gurady. Türkiýe bilen Hytaýyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1971-nji ýylda başlady. Türkiýe bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň depgini 1980-nji ýyllardan başlap güýçlendi. Gatnaşyklar soňky döwürde iki taraply ýokary derejeli saparlar bilen hasam ösýär.

Türkiýe 2002-nji ýyla çenli daşary söwdada we halkara maýa goýumynda diňe Ýewropa bilen işleşýärdi. 2002-nji ýyldan soň Türkiýe alyp baran pro-aktiw daşary syýasaty sebäpli täze bazarlara gönükmäge başlady. Oňa göz ýetiren Prezident R.T.Erdogan; Aziýa, Afrika we Latyn Amerika sebitlerine berilýän ünsi güýçlendirdi. Hytaýa guralan sapary hem şol çäkde seljermek mümkin.

2010-njy ýylda Türkiýe bilen Hytaýyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekişildi. Emma gatnaşyklaryň strategik meýilleşdirişe laýyklykda alynyp barylýandygyny aýtmak kyn. Türkiýe bilen Hytaýyň arasynda ösýän ykdysady gatnaşyklaryň Türkiýäniň ykdysadyýetine oňyn goşantlary bar. Emma Türkiýäniň Hytaý bilen edýän söwdasyndaky aratapawut ýyl saýyn artýar. Türkiýe 2016-njy ýylda Hytaýdan 25,4 milliard dollara barabar import etdi. Hytaýa bolsa 2,4 milliard dollara barabar eksport etdi. Bu şertleriň dowam etmegi amatly däl. Türkiýe-Hytaý ykdysady gatnaşyklarynyň güýçlendirilmegi we kadaly ýagdaýa gelmegi üçin Hytaýdan Türkiýä ediljek gönüden maýa goýumlaryň mukdary artmaly. Şol çakde Prezident Erdogan we wekiliýetiň düzümindäki resmileriň saparlarynyň dowamynda türk we hytaýly işewürleriň bilelikde tehnologiýa öndürmekleri barada ylalaşyklara gol çekişildi.

Türkiýeli işewürleriň we talyplaryň wiza meselesinde çekýän kynçylyklary hem-de Hytaýdaky howpsyzlyk çäreleri sebäpli duçar bolýan ýaramaz şertleri dowam edýär. Türkiýede 2008-nji ýylda açylan Hytaýyň Konfutsi institutlarynyň sany bäşe ýetdi. Emma Konfutsi institutyna meňzeş iş alyp barýan Türkiýäniň Ýunus Emre instituty entegem Hytaýda işe başlamady.

Soňky ýyllarda günbataryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň DAİŞ arkaly Türkiýäni syýasatyny özgertmege gönükdirme synanşyklaryna Hytaý hem goşulýar. Hytaý Siriýa meselesine uýgurlar meselesi jähtinden garaýar. Türkiýäniň Siriýada uýgur söweşijilerini goldaýandygyny öňe sürüp, Türkiýäni günäkärleýär. Hytaý uýgurlary resmi syýasatynda içerki mesele hökmünde görýär we başga ýurtlaryň meselä goşulyşmagyny berk ýazgarýar. Emma Siriýa ýaly Hytaýa müňlerçe kilometr alysda başdan geçirilýän gumanitar we ahlak pajygasyny çözmäge synanşýan Türkiýäniň uýgurlar sebäpli günäkärlenmegi Hytaý üçin uly gapma-garşylyk.

Hytaýda uýgurlara edilýän basyşlar halkara jemgyýetçilik guramalary tarapyndan gün tertibine getirilýär. Hytaýyň Sowuk uruş döwründen galan syýasatlary hem uýgurlara düýpli basyş emele getirmäge dowam edýär. Uýgur türkleriniň dini azatlyklar, ene dili we syýasy aktiwizm taýdan düýpli kynçylyklar bar. Hytaýyň hökümetiniň ykdysady abadançylyk we agzybir durmuş baradaky resmi syýasaty gynansagam iş ýüzüne geçmeýär.

Hytaý 11 trillion dollar içerki girdejisi bilen dünýäniň ykdysady taýdan ikinji ýurdy. Şu günki günde Hytaýyň Türkiýede goýan maýasy 600 million dollara barabar. Onuň iňňän pesdigine ähli taraplar goşulýar. Türkiýe şu günki günde daşary ýurt tehnologiýasyna garaşlylygy azaltmak üçin Hytaý bilen bilelikde taslamalar taýarlamagy maksat edinýär. Hytaýyň beýgelişi we halkara ulgamda eýeleýän pozisiýasy göz öňünde tutulanda bar bolan kynçylyklara garamazdan Türkiýe-Hytaý gatnaşyklary ösmäge dowam eder. Türkiýe-Hytaý gatnaşyklary Türkiýäniň günbatar bilen gatnaşyklaryna alternatiw däl, olary tamamlaýyjy gatnaşyk hökmünde analiz edilip bilner.

 



Degişli Habarlar