Türkiýäniň we Ýewraziýanyň Gün Teribi

Gepleşigimiziň bu sanynda ÝHHG-nyň habarnamasynda käbir habarlary we hakykatlary analiz etmekçi

Türkiýäniň we Ýewraziýanyň Gün Teribi

Türkiýede 16-njy aprelde konstitutsiýanyň düzümine üýtgetmeler girizmek üçin referendum geçirdi. Referendumdan soň Ýewropada Howpsyzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) referendum barada habarnama çap etdi. Biz hem gepleşigimiziň bu sanynda ÝHHG-nyň habarnamasynda käbir habarlary we hakykatlary analiz etmekçi.

Atatürk uniwersitetinin Halkara gatnaşyklar bölüminiň asisenti Jemil Dogaç İpegiň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

 

Konstitutsiýa we dolanşygyň iki başlylyğy Türkiýede uzak ýyllar diskussiýa edilen esasy uğurlardan biridi. Türkiýe bu meseleler bilen baglylykda 16-njy aprelde referendum geçirdi. Referendumdan soň ÝHHG habarnama çap etdi. Habarnama esasan hakykata bap gelmeýän habarlardan ybarat. Habarnamanyň ýazylyş usuly we mazmuny ÝHHG ýaly halkara guramasyna gelişmeýär.

ÝHHG referendum üçin Türkiýä 73 synçy ugratdy. Garaşsyz we tarapsyz bolmaly şol synçylar, şeýle özboluşlykdan daşdady. Germaniýanyň raýaty bolan Andreý Hunjko, İspaniýanyň raýaty bolan Lorena Lz De Lakelle, Awstriýanyň raýaty bolan Zerife Ýatkyn ýaly synçylaryň terror guramasy PKK-ny goldaýandygy we referendumyň kampaniýa tapgyrynda garşy durýanlary işjeň goldandyklaryny gördük. ÝHHG tarapyndan taýarlanan habarnamada diňe garşy kampaniýa alyp baran syýasy partiýalaryň argumentleri bar. Habarnamany okanyňyzda onuň marginal toparlar tarapyndan ýazylandygyna aç-açan göz ýetirmek bolýar.

ÝHHG-nyň beýan etmegine görä referendumyň esasy ugurlary barada saýlawçylara tarapsyz maglumat berilip bilinmedi we jemgyýetçilik guramalarynyň gatnaşygy pes boldy. Bu elbetde nädogry. Netijede şeýle saýlawlarda tarapsyz maglumat berme borjy döwletde däl, eýsem jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň borjy. Türkiýäniň döwlet organlary bu ugurdaky tagallalary bökdemedi we tarapsyz ýaýlymlar, neşirler üçin amatly şertleri döretdi. Mysal üçin Türkiýedäki güýçli we täsirli jemgyýetçilik guramalaryndan biri bolan Türkiýäniň Aklawçylar Birleşmeleriniň Bileleşigi garşy kampaniýa üçin ýurduň çar tarapyndan işjeň kampaniýa alyp bardy.

ÝHHG-nyň beýan etmegine görä Türkiýede saýlaw düzgünnamasy halkara synçylar we partiýalar bilen arabaglanşygy bolmadyk raýatlaryň synçylyk etmegini göz öňünde tutýar. Bu hakykatdan daşda durýan habar. Çünki şeýle gadagançylyk ýa-da çäklendirme ýok. Bar bolan saýlaw düzgünnamasy we Ýokary Saýlaw Geňeşiniň kararlarynyn arasynda partiýalar bilen arabaglanşygy bolmadyklaryň ses berilýän ýerlere barmagyny, saýlawda işlemek üçin ýüz tutmagyny bökdeýän düzgün ýok. halkara synçy toparyny ugradan ÝHHG-nyň saýlaw synçylary tarapyndan şeýle habaryň öňe sürülmegi gynansagam manipulýasiýa maksatlydyr.

ÝHHG-nyň beýleki bir habaryna görä mediada bir tarapa aýratyn uly üns berildi we media edilen çäklendirmeler saýlawçylaryň plýuralist pikirlere bolan elýeterligini bökdedi. Bul hem ýalňyş. Eýsem onlarça ýokary tirajly gazet we onlarça teleýaýlym garşy kampaniýa giňişleýin orun berdi. Şeýle-de Ýewropanyň mediasynyň başda durmagynda günbataryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň tas ählisi garşy kampaniýa alyp bardy, Ýewropadaky türk saýlawçylaryny täsir astyna almaga synanşdy.

ÝHHG-nyň başga bir habaryna görä referendumda teklip edilen özgertmeleriň hiç haýsy ses beriş bukjasynda orun eýelemedi, saýlawçylardan ýönekeýje kabul ýa-da garşy diýmekleri soraldy. Bu habardan mälim bolşuna görä ÝHHG ÝB-niň tejribelerinden bihabar. Eýsem ÝB-ne agza köp sanly ýurtda geçirilen referendumda saýlawja kabul ýa-da garşy alternatiwi hödürlenýär. Bu usula hem plebisit diýilýär. Esasanda konstitutsion özgertmelerinde plebisit usul giňden ulanylýar. ÝHHG-nyň bu tankydy belliginiň gowy niýetden daşdadygy äşgär. Çünki referendum bukjasy 4 aý ozal Mejlisiň garamagyna hödürlendi we Mejlisde kabul edilenden soň tas her gün dürli platformalarda ara alynyp maslahatlaşyldy.

ÝHHG-nyň beýleki bir habaryna görä referendum başlangyç azatlyklaryň çäklendirilen adatdan daşary ýagdaý dolanşygy şertlerinde geçirildi. ÝHHG-nyň bu tankydy hem ýerliksiz. İlki bilen adatdan daşary dolanşyk düzgüni ähli demokratik hukuk ulgamynda bolan we gerek bolan halatynda güýje girýän dolanşyk usuly. Döwletler demokratiýa howp salýan faktorlara garşy jemgyýetçilik ulgamyň goralmagy, başlangyç hak-hukuklarynyň we azatlyklaryn kepillendirilmegi üçin gerek bolan hukuky çäreleri görmä ygtyýarly. Türkiýede başgan geçirilen agdarlyşyk synanşygy we PKK/DAİŞ/FETÖ ýaly köp sanly terror howplary adatdan daşary ýagdaý dolanşygyny mejbury ýagdaýa getirdi. Bu düzgün raýatlaryň gündelik durmuşyny çäklendirmeýär, diňe terrorçylyga garşy göreşmek maksady bilen iş ýüzüne geçirilýär. Adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň çäginde raýatlara saýlama we saýlanma hukugynyň başda durmagynda syýasy hukuklary boýunça haýsydyr bir çäklendirme goýulmady. Beýleki tarapdan Fransiýada bäşinji gezek yglan edilen we 15-nji iýula çenli dowam etjek adatdan daşary ýagdaý dolanşygynda geçirilen hem-de geçiriljek saýlawlara ÝHHG haýsydyr bir alada bildirmän, Türkiýe bilen baglylykda adatdan daşary ýagdaý dolanşygyny yzgiderli häsýetde gün tertibine getirmeği hem onuň ýagşy niýetden daşdadygyny görkezýär.



Degişli Habarlar