Dost-Doganlygyň Taryhy

Türkmenistanyň halk artisti Alty Garlyýew

Dost-Doganlygyň Taryhy

Türkmenistanyň Kinematografiýaçylarynyň birleşiginiň sakasynda duranlaryň biri bolan, belli kinorežissýor we aktýor, Alty Garlyýew, 1909–njy ýylyň 6–njy ýanwarynda, häzirki Ahal welaýatynyň çäklerinde ýerleşýän, şol döwürlerde bolsa Türkmenistanyň Zakaspi oblastynyň Tejen Uýezdiniň Babadaýhan obasynda eneden dogulýär. Sowet döwrüniň türkmen aktýory, teatr we kino režisýory, dramaturg, 1955–nji ýylda SSSRiň halk artisti adyna mynasyp bolan, 1941 we 1949 ýyllarda ikinji derejeli Stalin adyndaky serpaýyň eýesi, Alty Garlyýew, sungat älemine yokarda agzap geçen ýyllarmyzdan has irräki döwürlerde gadam basýar.       

Alty Garlyýew özüniň döredijilik ýoluna, Türkmenistandaky jemgyýetçilik durmuşy gapma–garşylyklar bilen doly bolan günleri başdan geçirýän döwründe başlaýar. Türkmen halky özi üçin täze bolan durmuşy döretmek bilen meşguldy. Garyp–pukaralaryň çagalary, öňki çoluklar we çarwadarlar, özleriniň teatrlaryny döretmekligiň arzuwy bilen ýatyp–turýardylar. İne şol arzuwlar bilen ýatyp–turýanlaryň biri hem Alty Garlyýew diýsek öte geçmiş bolmarys.

 

Türkmenstanyň şeýle döwri başdan geçirýän zamanasynda, Alty Garlyýew, Türkmen milli drama teatrynyň döredilen ýyly hasaplanýan we 1929 ýylda ilkinji uçurymlaryny beren Aşgabatdaky Türkmen milli studiýasyny, ilkinjileriň hatarynda tamamlaýar. Ýöne, ýaş aktýoryň saýlap alan ugry bilen baglanşykly üýtgeşikliklere akyl ýetirmeklige bolan teşneligi, studiýada alan bilimi, onyň şol teşneligini gandyrmaga ýetmeýärdi. Onda bar bolan döredijilikli çemeleşme ukyby, sungatyň täze gözýetimlerine garamaga itergi berýärdi. Şeýle bolandygy üçin hem, Alty, režisýorlyk bölümini gutaran badyna, Baku teatr tehnikimuna iki ýyllyk okamaga gitmegi üçin dörän mümkinçilikden uly höwes bilen peýdalanýar. Häzir Azerbeýjan döwlet medeniýet we sungat uniwersiteti bolan Baku teatr tehnikumyny 1931 ýylda tamamlaýar.

 

Türkmen drama tetarynda, has soňraky ýyllarda bolsa Stalin adyndaky, 1963–nji ýyldan başlap Mollanepes adyndaky, häzirki döwürde, Aşgabatdaky, Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda, 30–njy ýyllaryň ahyrlrynda režisýor, 1931–nji ýylda aktýor, 1953–1956 ýyllaryň aralygynda baş režisýor, 1960–1963 ýyllaryň arasynda direktor we baş režisýory bolyp işleýär.

 

1941–1953 ýyllaryň aralygynda bolsa hazirki döwürde, Aşgabatdaky, Magtymguly adyndaky Milli sazly–drama teatry bolan, Türkmen opera we balet teatrynda, baş režisýor bolup işleýär.

 

Kino sungatyndaky döredijilik ýoluna 1935–nji ýylda başlan Alty Garlyýewiň döreden gahrymanlary şadyýan, täsirli milli öwüşgüne bürenen keşplerden ybarat bolup durýar.

 

          Muňa mysal edip Aşgabat kinostudiýasynda surata düşürilen, 1941–nji ýylda ikinji derejeli Stalin adyndaky baýraga mynasyp bolan we şol döwürdäki tomaşaçylaryň arasynda tanalýan Aman Gulmämmedow, Ata Durdyýew we Sary Garryýew ýaly ussat artistler bilen bilelikde surata düşen „Dursun“ kinofilminde ýerine ýetiren Nurynyň keşbini agzap geçmek bolar.

 

          Yokarda agzap geçen „Dursun“ filmimizde ýaş kolhozçy zenan Dursun pagta ýygmaklykda öndürijiligi döret esse ýokarlandyrýan täze usuly oýlap tapýar. Dursunyň adamsy bolan Nury çopan bolsa, Dursunyň oýlap tapan täze usulynyň onyň üstünliklerini basmarlaýar diýip pikir edýändigi üçin Dursuny öýden kowýar. Öz ýalňyşyna düşünen Nury, Dursun bilen ýarşýan, emma känbir makullanmaýan gylyk–häsiýetili gahryman hökmünde çykyş edýän bolsa.  

 

          1949–njy ýylda, ikinji derejeli Stalin adyndaky baýraga mynasyp bolan „Uzakdaky gelinlik“ atly çeper filmde ýerine ýetiren keşbi, „Dursun“ filmindäkiden has hem öwüşgünli, görelde alarlykly adamyň, Kerimiň keşbini, ýagny uruş ýyllarynda özüniň dogan–garyndaşlaryny ýitiren Zahara eden kömegi bilen tanalýan gahrymanyň keşbini janlandyrýar.

 

          Alty garlyýewiň Gully hanyň keşbini janlandyran we serpaýa mynasyp bolan çeper filmleriniň biri hem 1966–njy ýylda Türkmenistan SSRniň Magtymguly adyndaky döwlet baýragyna mynasyp bolan, Türkmenistanyň belli ýazyjysy Berdi Kerbabaýewiň adybir eseri esaynda surata düşürilen „Aýgytly ädim“ çeper filmidir. Häzirki günlerde hem bu film hakynda gürrüň edilen wagty, filme sereden adamlar hökmany suratda Artygyň keşbini döreden Baba Annanow we Aýnanyň keşbini döreden Janna Smelýanskaýa bilen bir hatarda Gully hanyň keşbini döreden Alty Garlyýewi hem ýatlap geçýärler.   

 

          Türkmeniň milli gahrymanyny, onuň milli öwüşgüni bilen ussatlarça ýerine ýetirmegi başaran filmi, 1976–njy ýylda Türkmenistan SSRniň Magtymguly adyndaky döwlet baýragyna mynasyp bolan filmiň hem režisýorlygyny alyp baran hem–de Hommat Müllük, Akmyrat Bäşimow ýaly tanymal oýunçylar bilen bilelikde filmiň gahrymanlaryndan birini janlandyran „Mukamyň syry“ kinofilmidir.

 

          Türkmen kino sungatynda janlandyran keşpleri bilen Türkmenistanda tanymallyk gazanan Alty Garlyýewiň at–owazasy Türkmenistanyň çäginden daşary çykýar we Orsýetde we Gyrgyzystanda hem dürli keşpleri janlandyrmagy üçin çagyrylýar.

 

          Mysal üçin Alty Garlyýew Şilleriň „Garakçy“ alty perdeli oýnunda graf Karl Mooryň durmuşyny açyp görkezişi ýaly, Gogolyň „Derňewçi“ oýnunda rus edebiýatynyň oýnamasy iň kyn bolan keşbini, Hlestakowyň keşbini döredipdir.

 

          Gyrgyzlaryň 1955–nji ýylda surata düşüren ilkinji reňkli filmi bolan „Saltanat“ atly çeper filminde Aalynyň keşbini janlandyran bolsa, belläp geçenlerimizden başga hem „Men gaýdyp gelerin“, „Çopanyň ogly“, „Aýratyn tabşyryk“, „Derýanyň aňyrsy serhet“ ýaly filmlerde hem öz ussatlygyny görkezen Alty Garlyýew 1973–nji ýylyň 11–nji dekabrynda Aşgabatda dünýäden ötýär.  

 

 



Degişli Habarlar